Статьи по выбранной дате

Toýy güni öli jesedi geldi.(Goşgy)

Dünýe giň her hili wakalar bolýar, Bagt hem-de ýas käte garyşyp gelýär. Men şeýle wakany gürrüň bermekçi, Bir gözel gyz hakda goşgy düzmekçi. Sanlyja gün galdy durmuş toýuna Sanly günden ak kejebe gelmeli, Ähli zat alyndy, bukja çatyldy, Ýaş juwanlaň nikasy hem gyýyldy. Ertir toý bolmaly gyzyň öýünde, Dürli -dümen bişdi, joralar üýşdi, Ýarygije boldy, hemmeler ýatdy. Gyzyň nämüçindir ýüregi

Poeziýada mozaikalar toplumy

Elbetde, boýnuma alýaryn, Gödek men. Ýöne sen bagyşla ahyr. Gödekleň Ýüregi ýuka, Göwni näzik, Özi lälijek bolýar. Gödekligimden soň, Gynanýaryn hem-de müýnürgeýärin, Ýöne ony boýnuma almaýaryn. Arzuw-maksatlarym galýar ýerine ýetmän, Ýöne men olara gynanmaýaryn. Ýoluňa göz dikip garaşýaryn, Ak garly gyş, gülli bahar, güýz geçýär. Ýöne gynanmaýaryn. Men bilýärin: Gelseň, garaşanymy hem boýnuma

Eýjejik gyza.

EÝJEJIK GYZA Sen bagtly bolardan juda owadan, Sen bagtly bolardan juda eýjejik, Juda näzeninje... Seniň ýanyňa Hatda bagtam gelebilmez eýmenip. Asmandan zemine inen melegim Melul bolma göwnüň gama berip sen. Saňa bagty nämä gerek pelegiň? Söýgüden owadan, Bagtdan beýik sen! Bagtdan gaýry bütin dünýä seniňki, Sen ony agtarma perýat eýleýip. Sen bagtly bolardan juda owadan, Sen bagtly bolardan juda