Статьи по выбранной дате

Boldumsazyň gyzlary.

Menem sizi ýatladym Boldumsazyň gyzlary Ýatlamasam bolmady Boldumsazyň gyzlary Özi çowdur sözi çogdyr Boldumsazyň gyzlary Gepde yzda goýýandyr Boldumsazyň gyzlary Aşk eder bir bakyşda Boldumsazyň gyzlary Işleýändir ýazda gyşda Boldumsazyň gyzlary Kemmi biz jumadan Olam biz ýaly adam Öňe öňe diňe öňe Boldumsazyň gyzlary PROLIGA

Freestyle. Menem bar?

Ýe-ýe! Ýigrimi nol ýigimi üç (2023) Mekanym "Pariž", ilim Owgan däl owadan Daşoguz. Bu Ş beater Ýanymda telefonym hem-de Zarýadnik ötürlen telfonyma ýeee Kofekeýp albom. Kim 0-njy, syçanlar uly, tekerler kiçi. Ýee Hany onna başladyk. Setire geçirlen döwür. Yha-yha oñh see come on yee Gözümde äýnegim, tanamok öñümi, Serimde setirler netim däldir ýykmak göwüni! Herkimiñ ýazanna sylagym

BIDEREK.

Wagtynda okaman okuw hanada, Hiç kitap okaman kitaphanada. Soňra işgär bolup bir edarada, Işini bilmese bary biderek. Köpler öz iýen duzuna degmeýärler, Ol bolşuna ile göwni ýetmeýär. Asly ýaşaýşa akly çatmaýar, Düşünjäň pes bolsa bary biderek. Iki sözi dogry çatyp bilmänler, Köpler özlerine şahyr diýýäler, Bolar bolgusyz zat hakda düzýaler, Manysy bolmasa bary biderek.

Kem galamzokda garaz :))

Garanky dusse uyrer Bayramalyn itleri Natanys gechse uyrer Bayramalyn itleri Dogry Uyrmeyanem bar Chynsaplar onyanam bar Dil açjak bolyanam bar Bayramalyn itlernin Guyruk bulaylap bilyar Ot - eti saylap bilyar Eliňem yalap bilyar Bayramalyn itleri "Gowy gyz gechen wagty Yatan item oyanyar" Nakyla hem eyeryar Bayramalyn itleri Turkmeni bar orsy bar Gurjusi bar parsy bar Yer gozlesen

Nirede sen Juma şahyr?ggg

Blogym saňa garaşýar, Nirede sen Juma şahyr? Eliňe galam ýaraşýar, Nirede sen Juma şahyr? Gybatçylaň sözi degdi, Bir ýüzsüziň ýüzi degdi, Ýa göribiň gözi degdi, Nirde sen Juma şahyr? Goşgy baryn düzüp ýördüň, Ýygyndy hem ýazyp ýördüň, Şu golaýda gezip ýördüň, Nirede sen Juma şahyr? Täze ýoldan barýaň şanly, Tüweleme, "aw bolsun ganly" Okaýanyň Kerim Hally, Nirede sen Juma şahyr?

Öz ilimiň mallary

Mele, sary, gara, ak, Öz ilimiň mallary. Ýörärler hatar gurap, Öz ilimiň mallary. Iýýärler petde-petde, Doýdumy bolmaz hetde, Gäwüş gaýtaryp güneşläp ýatarlar çetde, Öz ilimiň mallary. Eti süýji, süýdi ak, Iýmek hezil, bakmak ýat, Sesi zorruk, göwni şat, Öz ilimiň mallary.

Isleneniñ şahyrlaryna

Islenende tuweleme şahyrlar köp eken. Hat da isleneni eýelabem barýas.Geliñ beýdişip(neme... mowzuk baryny açyp diyjek boldum) arrygymyzy gynap ýörmaliñ de, diñe bir Isleneni eýelemän, pryamoy efirlere çykalyñ. Youtube, tiktoga çykalyñ. Çykdaýjyñyzy çekmek menden, YLHAM JOŞUP goşgy goşmak sizden?

Gökdepäniñ gyzlary

GÖKDEPÄNIÑ GYZLARY. Ýolda ýöremäge ökde, Saçyn daramaga ökde, Ogryn garamaga ökde, Gökdepäniñ gyzlary. Kirpik dakdyrmaga ökde, Eräp-akdyrmaga ökde, Içiñ ýakdyrmaga ökde, Gökdepäniñ gyzlary. Keşde çekmekde ussat, Köýnek tikmekde ussat, Pagta gitmekde ussat, Gökdepäniñ gyzlary. Fason geýmekde öñde, Laýyk iýmekde öñde, Sözün diýmekde öñde, Gökdepäniñ gyzlary. Düzen: Belki ŞAHYR.

Täze ýazan goşgym okaň baha beriň eziz okyjylarym !

Hormat goýlanok Biz ýaş şahyrlara hormat goýlanok Duýulanok olar barmy ýa ýokmy Diýýärler "Goşgydan näme gazanýaň Başga gowja hünär tapylanokmy?" Elbetde tapylýar başga bir hünär Ýöne goşgy ýazmak kär däl ahyry Ondan asla ýüz dönderip bolanok Döndermersiň sen hakyky şahyry Biz ýaş şahyrlara hormat goýlanok Goşgylarňy okap gaýta gülýärler Sungata düşünýän düşüner maňa Oňa düşünmeýän