AŞGABADYÑ GYZLARY Paýtagtda mekan tutarlar, Ak şäherimiñ gyzlary. Kä awtobusa münerler Ak şäherimiñ gyzlary. Makiýazlanyp toýa giderler, Uklaman oýa giderler, Magazynda pul goýa giderler Ak şäherimiñ gyzlary.
Üç aý boldy jemalyňy görmänim Ýylgyryp ýanyma gel Oguldürlim Derdim köpdir sensiň meniň dermanym Dertlermiň dermany bol Oguldürlim Oguldürlim sensiň bagtymyň güli Senem söýýäň menem söýýärin seni Dol dünýäme beze meniň ömrümi Ömürlik ýanymda gal Oguldürlim Toý tutaly maý aýynyñ bašynda Ýok "Ýok" diýme çytma gözñi gašyñda Hušumda, düýšümde hemme išimde Mydam kalbymda sen bil Oguldürlim
Enäniñ guwanjy atañ buýsanjy Baldan süýji balajygym Begzada Sensiň maşgalanyň arkadaýanjy Gülden görkli çagajygym Begzada Kikirdäp gülüşiň dertlere derman Bolaýyn garaja gözlerňe gurban Sen bolsaň ýanymda ýok mende arman Baldan süýji balajygym Begzada Adyňa döneýin Muhammetnazar Seni söýüp aýap gorar Begnazar Ogulbahar diňe sen diýip gezer Baldan süýji balajygym Begzada Arzuwlarym kändir
söýgülim, seni ram'ymyň göterip bilmejegi derejede söýýän! zipsiz, zatsyz bolşuň ýaly... seni ilkinji gören badyma formatlandym. maňa şeýle bir sistema transfer etdiň welin, mundan beýläk hiçhili command meni senden aýra salyp bilmez. seniň bilen multimedia-da içinde, her hili mediada bagtly bolup biljegimizi bilýän. seniň megahertz'iň meni oda salýar, bakyşlaryň meni çuňňur scan edýär.
Çörek Ady belli türk psihology Dogan Jüjelogly özüniň guraýan seminarlarynyň birinde bir döwüm çöregi ýerde goýup, oturanlardan: – Şu çöregi haýsyňyz basyp biljek? – diýip soraýar. Elbetde, «men» diýip orta çykyp bilen bolmaýar. Onsoň, psiholog: – Öňe çykyp, şu ýekeje döwüm çöregi basyp biljek adama ýüz dollar berjek – diýýär. Zaldakylardan ýene ses çykmaýar. Psiholog bahany bäş müň dollara çenli
Asman yrandy, Asman yñrandy, Ses etdi, möññürip göz ýaşyn dökdi. Derýalar çyrpyndy, hanadan çykdy, Deñizler gaýnady, daşgyna ýetdi. Diñläp, baglar gamgyn başyn yrady, Darka- darka jaýryk açdy daglaram, Şemal howla girip, iki ýana ýöredi, Aýna aglap, syrykdyrdy çyglaryn. Gözýetim, sesýetim ýaýrady dünýä, Ýetdi, Asman ýeriñ sepleşýän ýerine, Ýetdi, Dumanlan daglañ başyna, Musanyñ Alla bilen
Salam! Asmany asuda, ili abat, ýüzleri nurly, ýigitleri namysly, gyzlary haýaly, kalplary joşgunly, berdaşy mizemez, çydamy synmaz, halal, zähmetkeş watandaşlar! Siziň rysgally ojagyňyzdan halallyk, bereket egsilmezligini dileýäris. Bize şeýle ajaýyp saýty peşgeş beren Abaddon agamyzyň jany sag, keýpi kök, maşgalasy abaddon bolsun. Tüweleme! Saýtymyzda täze-täze agzalar, esasanam täze-täze
Iki sany gözi bardyr Maryň gözel gyzlarynyň. Dillerinde sözi bardyr Maryň gözel gyzlarynyň. Gör, ellerem iki sany, Hakyt gyzyl reňkli gany, Iki däl-de, birdir jany Maryň gözel gyzlarynyň. Aýak bilen ädimleýär, Gaýnan suwa çaý demleýär, Gulaklary ses diňleýär Maryň gözel gyzlarynyň. Atlary hem geňdir, bilgin: Maral, Aýna, Jennet, Sülgün... Gaşam iki (gördüm hol gün) Maryň gözel gyzlarynyň. Sesi
Oňat döwür boldy, Indi goşgyny depder-depder edip, çem gelen ýazýar. Ýüreginde bolmasa-da hoş duýgy, Zehinden binesip çöňňeler ýazýar. Her ýyl yglan edilende bäsleşik, Öňürdikläp hem ylgaşlap, säpjeşip, Utanç-haýaň serhetinden ätleşip, Daýylar, daýzalar, ýeňňeler ýazýar. Ýarty kerpiç bilen maňlaýna berseň, Bulanan beýniler durlanar belkem, Dälihana girip çykandyr görseň, Aklyndan azaşan telbeler
Başga bir şähere göçüp baran çatynjalar edil öz göwünlerindäki ýaly bir öý tapdylar. Ýöne ol öýüň hyrydary başga-da kändi, olaryň sanawynda özleri on bäşinji orunda durýardylar, şonuň üçin känbir umyt ederlik ýagdaýlary ýokdy. Şonda-da öý eýesiniň özlerini çaýa çagyryşyna geň galdylar. Öý eýesiniň aýdan wagtynda öýe baranlarynda özlerinden başga-da birgiden adamyň çagyrylandygyny gördüler.