SORAG METJITLERIMIZIŇ GÜMMEZINDE ŞEKILLENDIRILEN "ÝARYM AÝ"-YŇ MANYSY NÄME? JOGAP Indi dünýä jemgyýetçiligi metjitlerde, medreselerde we yslam guramalarynda görünýän ýarym aýyň şekilini musulmanlaryň aýratyn nyşany hökmünde ykrar etdi. Bu nyşanyň Yslam dünýäsinde özboluşly alamat hökmünde ulanylyşynyň taryhyna seretsek, dürli garaýyşlara we pikirlere şaýat bolup bileris. Hadys
TUSSAG Žan Pol Sartriň iň meşhur eserlerinden biri bolan “LE MUR” (tussag) hekaýasy 1930-nji ýyllarda Ispaniýada bolup geçen dartgynly wakalara bagyşlanýar. Ýazyjy adatdan daşary ýagdaýlarda ynsanyň özüni nähili alypbaryşy bilen bagly dramatik ýagdaýlary uly başarnyk bilen suratlandyrýar. Bizi köşk kimin giň, ýap-ýagty otaga südürdedip girizdiler. Yşyga gözlerim gamaşdy, gözümi ýumdym. Az
Şatlyk ýazjak seň ýoluňa, Bagta gussa düşelmez-ä! Solup galan meň roýuma Senden özge düşünmez-ä! Alasarmyk gezip nije Ýalňyz kalbym ezip nije Şygyr ýazsam düşnüksizje, Senden özge düşünmez-ä! Bil, "ýakyn" näme?, "del" näme? Syrdaş gerekdir hemmäge "A" diýäýsem, "B-e" diýmäge, Senden özge düşünmez-ä! Dymma - garap güňlügime! Seret - her bir ümlügime! Sensiz
Ukysyzlyk Garaňky otag. Ýorganyň aşagynda gözlerini ýumup uklamaga synanşýar, bolanok. Ýerinden turýarda çyrany ýakýar. Otag ýagtyldy. Pikirlenýär. Kellä hiç zat gelenok. Telewizory açýar. 99 ýaýlymy birme bir seredip çykýar. Öçürýär telewizory. Sagat 23:35. Çynany hem öçürýär. Ýerine geçip ýatýar. Ýorgany çekýär. Gözlerini ýumýar. Ukysy gelenok. Ýene çyrany ýakýar. Öçürýär. Daşara çykýar.
Dünýä belli klassik eserleriň köpsünde ikinji many bolýar, başgaça aýdaňda gizlin many, gönümel aýdylmaýan ideýa. Islendik kesgitlemeden ýönekeý mysal has gowy düşündirýär. Mysal üçin aýdaly Frans Kafkaň "Proses" atly eseri. Ol eseriň mazmuny şeýle, bir oglan 30 ýaşaýar we oň üstinde proses başlaýar, ony bir zatda aýyplaýarlar, ýöne eseriň dowamynda nämede aýyplanýanyny awtor aýdanok.
AŞYGYÑ HATY. Eý, sen Dünýäme gelmedik bahar! Hederim, heserim Synla eseriñ! Şagyzym, dyzyma çökerdim eger Gurbatdan gaçmasa jemalyñ görüp. Heýhat! Heý, hata Sygarmy söýgi ?! Yşkyñ alawynda ýanmazmy kagyz? Ynanmaýarmyñ? Ine-de gursagym görjekmi ýaryp? Sen hökmürowan, Sen şalyk! Men garyp! Söýýän! Sesim içre bat alýar söýgim Aşyk! Ýöne... ýöne sen gelme, ezizim. Seniñ söýgiñ artykmaç! 04.02.2023 ý.
bir wagtlar Ylhamsoyun Gonurly (@sosam), @Malvina, marydan Chary aga, anewden Atakaka, @barcam, @Perishdejik, @Yolagchy, @Gurban93... dagylar bardy welin, yitdiler, gitdiler... habar - hatyr alyanyzmay sholardan!?