Ýekirilen dünýäňe Ondan-mundan… Bolmasyz zatlar bolar. Gutarmaly däl zatlar gutarar. Gitmeli däller gider. Gelmegine mätäçlik duýulan bolsa, hiç gelen däldir. Bularyň arasynda käwagt mätäç ýaly duýýan ýekeje zadymyz, radioda iň gowy görýän aýdymymyzyň aýdylmagydyr. Olam bolmaz. Söýýän diýerler, söýmek aňyrda dursyn, söýgä degişli kiçijek bir duýgam saklamazlar içlerinde. Gitjek däl diýselerem
Käbir adam «Gözüm bilen görmedik zadyma ynanmaýaryn. Ras, men Allany göremokmy, diýmek Ol ýok. Onuň bardygyna-da ynanmaýaryn!» diýýär. Biderek gürrüň. «Näme içün» diýýämiň? Nämeçüni, biziň görmeýän, emma bardygyna ynanýan şeýle bir kän zadymyz bar welin, sanasaň sogaby bar. Derrewjik birki sanysyny sanap bereýin: akyl, söýgi, bagt, wyždan, merhemet, pikir we ş.m. Ine, şu sanan zatlarymyň
Alymlar ýyllaryň dowamynda adam psihologiýasy barada birnäçe maglumatlary taýýarladylar. Dürli barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan käbir hakykatlar aşakdakylardan ybarat: Adamlar üýşüp oturanda bir zada gülseler, her kim öz halaýan adamyna seredýär. Adamlara öz adyny tutup ýüzlenmek olary özüňize has ýakyn we öz şahsyýetiňize bolan ynam derejesini ýokarlandyrýarsyňyz. Adam näçe akylly bolsa,
Meni gözleň bilen iýäýjek bolýaň Bir zatlar diýäýjek-diýäýjek bolýaň Alladan amanat ýekeje jany Onam meniň üçin dözäýjek bolýaň Hem duýaýjak bolýaň barja duýgumy Bakma beýle meni beýle bent etme Seni men bagtly ederin ýöne Başgalarda bagtly eder elbetde Gerçeknazar Amannazarow
Barymdan bazar eýledim, Käte kemsindim ýoguma. Bir gün duýgularmy bogup, Ýanasym geldi ýoguna. Göwnüme hile gurdurdym, Urdurdym ýodany, ýoly. Ähli kişä gyýa bakdym, Ählisi kastymda ýaly. Jan berjekdim jan berene, Janyn berjek tapylmady. Görmesem diýdim dünýäni, Göreçlerim gapylmady. Elden gelse, hemmäň derdin Bir demimde ýakjakdym men. Çoýunara ot boljakdym, Derýa bolup akjakdym men. Ata pendin
Taňry erbetligi ýok etmek isleýär ýöne güýji ýetenokmy? Onda hemme zada güýji ýetýän däl. Güýji ýetýär ýöne ýok etmek islänokmy? Onda erbet niýetli. Hem güýji ýetýär, hem-de ýok etmek isleýärmi? Onda erbetlik nireden çykdy? Hem güýji ýetenok, hemem ýok etmek islänokmy? Onda oňa näme üçin "Taňry" diýýäris? -Epikur-