Статьи по выбранной дате

MENIŇ DURMUŞYM (gülkili poema)

Süýji düýşde ýatyrdym men irkilip Sagadyň sesine turdum tisginip . Sagada seretdim ýedi bolupdyr Zöwwe turdum işden gijä galypdyryn . Soňra howulhara eşigmi geýdim Ýene howulhara naharmy iýdim . Ylgap çykdym köçä balagmy çekip Iligem ilmän dur içiňi ýakyp . Hanha awtobusam geçip barýar-laý -Saklanaý azajyk uçup barýaňaý. -Bar uçsaň uçyber taksiler gyt däl, Seň yzyňdan ylgap men beýle it däl.

Türkiýede bir myhmanhana ýerleşdirilen rus we ukrain futbolçylary uruşdy.

Türkiýäniň "Royal Seginus" myhmanhanasynda Rossiýanyň "Şinnik" futbol toparynyň oýunçylary bilen Ukrainanyň "Minaý" futbol toparynyň oýunçylary uruşdy. Rus telegram kanallarynyň aýtmagyna görä, ukrain futbolçylary rus futbolçylary bilen bir myhmanhanada ýaşajaklaryny bilip, özlerini agresiw alyp barmak arkaly urşuň ýüze çykmagyna bilkastlaýyn sebäpkär boldylar.

ARHIWDEN :)

Sözleriňden dökülse-de bigamlyk, Gözleriňde görünip dur bir gussa. Nämüçindir, saňa maňlaý direýän, Ýalňyzlyk gynasa, Ýüregim gyssa... Sen kalbymy kitap edip okaýaň, Men kalbyňa ýazyp ýörün bir zatlar. ;) (Häzir şuny okap, açyş eden dek Heşelle kakarlar päli bezzatlar :)) Sen maňa düşünýäň, özümem haýran, Çözmesi kyn matal bolsa-da dünýäm. Seň bilen jaňlaşsam ýa hat alyşsam, Başbermezek

?....

Ýene goňur gözlem gussa gaplandy, Gaplandy ýüregim yzaly duýga, Meni bir ýigidiň söýgüsi bilen, Söýüp bilmediňmi mätäçkäm söýgä. Soňky günler oňuşmagam kyn bolup, Maňa ýaran saňa ýakman başlady, Geçen güýzde tutulmaly toýmuzyň “Ol-bul” diýip, hiç gurrasy duşmady. Kalbyňdan özümi gözledim näler, Aýdyň gözde del sypata çakyşdym Ýa-ha meni owal başdan söýeňok, Ýa sen söýgä özge gözde sataşdyň.

Okar ýaly..

***** Saňa bir aýdym ýazdym, söýgüliň bilen diňlärsiň.. (Türk aýdymyndan) ***** Seretmän hiç geçýän pasla Şygyr ýazdym salyp waspa Ýatlama ýatyrmaz asla Geçmişiňe bakar ýaly Getiren ylham joşuny- Unutman göz-u-gaşyňy Diledim her gözýaşyňy Diňe bagtdan akar ýaly Bar pikriňi serde jemle Ýa bolmasa ýürek diňle Adymy bir ýere belle Ogluň bolsa dakar ýaly Bolsakda bir ýürek, bir ten Ne sen ýazykly,

Mugallymym, eşit sesimi!

Gynansamam, öň size sesimi eşitdirip bilmedim. Bu gün bolsa, sesimiň eşidilmesi üçin ýekeje pursatym bar ýaly. Salam diýip başlaýyn sözlerime… Aslynda, salamy bizden öň siz beriň, salam berenok diýibem gaharlanmaň, haýyş. Salamy öwrediň. Ony haýsy dilde, nädip aýtmalydygyny däl-de, manysyny öwrediň. Bir zadyň ýalňyşdygyny däl-de, ýalňyşyň netijesini öwrediň. Uruşýan wagtymyzda gaharlanmaň. Hiç

Ömür

(Rus şahyry Oleg Molotkowyň 1989-njy ýylda neşir edilen “Мама, сказка, каша, кошка...” atly şygryna öýkünme) …Göbegene, emme, süýt, eje… Gundag, sallançak, hüwdi, emme… Öl, arlyk, emme, hopba, gije… Daňdan, “Bobotik”, ýel we “şe-me”… Şüle, durak-durak, erteki… Bakja, süýji, gurjak hem uky… Sentýabr, çemen, mugallym, harplyk… Partadaş, gyzjagaz, saç, narpyz… Gündelik, bellik, kaka, şarpyk… Çüňk,

Grafomanyň “deňsiz-taýsyz” şygry☻

Guzel sözler hünjüleýän monjuga, Dişim çekişleýän ýalan sözlesem. Orun berýän gapdalymda gonjaga, Üstümden gülseler bolýaryn sem. “Sem” diýenim, ýedi däl-de dymmakdyr, Şahyrçylyk ýazmak däl-de, ýanmakdyr. Ýananyňda požar etmän, sönmekdir. Bizden salam bolsun, jogap şu dekdir. I tak, sözden monjugy düzýän hünji, Her setirim size Karunyň genji, Böýle diýsem, heýç edinmäňler ünji, Peýdasy size nesip

Ýene saňa

Şu oduň başynda beýan edýärin, Ak kagyza siňen duýgylarymy. Gör galamam çyrşamana dözenok, Içki hasratlarmy gaýgylarymy. Oduň tüssesine gamaşýar gözüň, Çirkeýler her ýanda çirkildeşýärler. Ýüregim hem aňym bedenim ruhum, Seni unutmana türgenleşýärler. Seni "Unutmak diýmek "Şat bolmak" diýmek. Seni unutmak goşgylarmyň nokady. Aglardyň,aglardyň,aglarsyň dözmän, Ony saňa bolaýsady