Статьи по выбранной дате

Ykbalym

Bu dünýä inmänkäm giderdim her gün, Ruhum bilen ykbalymy almaga. Her baramda taýyn bolup durandyr, Küle çökmäge ýa göge galmaga. Ýöne şolaň hiç birinem başarman, Aralykda durdy bolup serimsal, Dogrusy gynandym hatda şoňkudan, Küle çökenleňem ýagdaýy elhal. Sebäp olar çöküpdirler ymykly, Ganat kakanlaram gökde galgaýar. A ol bolsa kelemenläp bir özi, Aralykda däli ýaly aglaýar. Ahyry hemmesin

Men jägildäp gelemde...

Men jägildäp gelemde, Ýüzüne syldy öňýeten. Bir günem sessiz-üýnsüz, Gaýdyberdim dünýeden. Ýaşam bolsa kän zatlar, Göterendir bu gerden. Düşürmän, ýüküm bilen, Gaýdypdyryn dünýeden. Taýýar täzeje mazar. Şehit bormy mendenem, Gölegçime goşulyp, Gaýdyberdim ondanam. Dymyp gelýäs ýolboýy, Bir-ä erbet möňňürdi. Gelip otyryn öýe, Gölegçimden öňürti. Görsem, meň üçin diňe, Aglap otyr ýanan şem. Men öň

Garaşýan...

Gözleň gülmi, görküň gülmi gözelim? Görküňe görk goşýar gara gözleriň. Gözel görküň görüp güýz günlerinde, Goşgy goşdum göz gezdirip görsene. Gel gurban gözüňe gözmüň garasy. Goýup gitme gaýgy-gamda galdyryp. Geleriňe garyp göwnüm garaşýar Gel gaşyma gözleriňi güldürip. Gije-gündiz geleriňe garaşýan. Gelsene, gel gül görküňden ganaýyn. Garaş, ganatlarym galgadyp gökden, Gaýyp göni gujagyňa

***

Begendirjek bolup gele-gelmäne, «Saňa bir hoş habar aýtmakçy» diýýäň. Söýgüden püre-pür dideleň görüp, Wah, men bir adamlyk begendim eýýäm. Besdir ýylgyranyň gaşlaryň gerip, Meniň begenenim görmekçi bolsaň, Aşa begenmekden gorkýan-a, ynan, Menem hezil edip begenjek ýogsam. Mundan artyk begendirme, bes indi, Artyk bolaýmasyn arzyly jümläň. Birden, begenjimden iki bolaýsam, Kösenerin seni paýlaşyp

Ömür

Ömrümiň 24-nji ýylam geçip barýar. Emma şu ýyllaryň ähli gününä diýmäýin, köp aýlarynam anyk ýatlap biljek gümanym ýok. Sebäbi aýdyň, geçen ömrümiň köp bölegi ýatlar ýaly ýakymly ýa-da ýakymsyz ýatlamalara beslenmän, ýönekeý geçenliginden bolmaly. Ýakymly günler haçan-da seni bagtly bolmagyňa sebäp boljak adam gelende gelýär. Ýakymsyz günler bolsa, ol giden soň başlaýar. Ýadyňdan çykan günler