Статьи по выбранной дате

Ot ýygmadyk günüm

Bir goltuk ot ýygmalydym, Guşlar meni güýmedi-dä! Kebelekler ünsüm bölü-ü-üp... Bägüller "tutdy" elimden, Jikjikiler gaçdy jyklap... "Öpüp" geçdi balarylar, Şatut meni "gujaklady" Ýere yeten saçlarymy.... Sypady garagol şemal... (Giden ot ýygjakdym ýogsam.) Waaah, şu "bezzatlar" sebäpli Buýra saçly guzujyklam Aç ýatmaly boldy agşam... Suraý Babanyýazowa

.....

Dili suyji sozi shirin mylayym. Asyllyja owadanja massajist gyzy Gorawersin hemishe seni Hudayym Akyllyja owadanja massajist gyzy. Tenime degende nazik ellerin Tutamda oynayar ince billerin. Achyk bolsun yorejek akja yollaryn Yollaryn bezegi massajist gyzy. Bedendaki agyrylaryn lukmany Kimden owrendin dodagyny bukmany Aylyk alsam goraymeli hokmany Agyrylaryn shypasy sen massajist gyzy Aslyn nurly

Sahyhy Buharydan üç hadys

1. «Amallara niýetlere görä baha berler...» hadysy Omar ibn Hattap (razyallahu anh) şeýle diýipdir:«Resulyllanyň «Allanyň Resulynyň (sallallahu aleýhy we sellem): «Amallara niýetlere görä baha berler. Kim nämäni niýet etse, şoňa hem gowuşjakdyr. Iň soňunda baýlyga ýa-da nikalap aljak bolýan zenanyna gowuşmak üçin hijret edýän (göç edýän) adamyň hijreti şol hijrete sebäp bolan zada gowuşmagy bilen
4

Alym martda güýçli ýertitreme bolup biljekdigini duýdurdy

Fewralda Türkiýede hem-de Siriýada bolup geçen güýli ýer yranmalary barada öňünden çaklama aýdan belli niderland alymy Frank Hugerbits martyň başynda dünýäde ýene bir güýçli ýertitremäniň boljakdygyny duýdurdy. Bu barada SSGEOS ylmy institutynyň habarynda aýdylýar diýip, «MIR 24» ýazýar. Seýsmologyň sözlerine görä, gürrüň 8,5 baldan hem ýokary güýji bolan ýer yranmasy barada barýar we ol alymyň

"Dogry bilinen ýalňyşlar"

1. Kitaplar bilen dost bolan adamlar akyllydyr (ýalňyş). Köp kitap okamak ýa-da gaty zehinli bolmak, akmak, däli, psihopat ýa-da ganhor bolmaýandygyňyzy añladmaýar. Okamak bilen häsiýet aýry zat, akylly bolmak "etme" diýleni etmezlikdir, okamak maglumatdyr, bilmekdir, öwrenmekdir. Kişi zehinlidir ýöne bu zehini erbet zada ulanyp biler, ýa-da akmak ýaly görünip hereket edip biler.

Garynjalaram ajygypdyr...

Bu dünýe - kindiwan. Salladym merdiwan - bulutdan. Bulut men. Unutsam. Damjamy içime ýuwutsam. Aýdyň haýsy gurjaklaň, Içinde merdi bar? Ýüzünde jak-jaklaň Içinde derdi bar Şerti bar hemmezadyň. Gürleseňiz hemme adam. Ýadaýaňyz gurluşdan. Nalaýaňyz durmuşdan. Ýapyşaňzok kanagatdan. Kalba iman daragtdan - ekeňizok Çekeňizok sogap ýükün. Ondan, gowsy owarram boluň! Gidiňde künji ekiň! Ýok wagty

???

Aşyk deý beýnili çykar her ýerden Sürüsi agsaksyz, kemsiz il bolmaz, Sapyny kebşirläp saplan gumhanañ, Berçini ýetmese oñly pil bolmaz. Ýüzdäki ýygyrdy geñleşip ýörmäñ, Öñe sary eñiñ, heñleşip ýörmän, Dile gelenini hañlaşyp ýörmäñ, Ýürekler ownasa görkde hil bolmaz. Alla akyl berdi, aýrylma huşdan, Berilen akyly geçirme duşdan, Gaharyñ möwç alyp çowanda içden, Sabryñ damjalary, damsa köl bolmaz.
4

BU GIJE ÝENE-DE GIÇ ÝATAÝMASAM

Ýene ylham hüýri göz gypdy maňa. Herne indi duýgulamda taýmasam. “Noş bolsun!” diýp, şeker sepdi kalbyma, Bu gije ýene-de giç ýataýmasam. Şäherli çyralaň nury goýalyp Şöhlä ezilende ýollaryň ugry, Işgär duýgularym düýşden oýanyp, Gözüme göründi ylham sudury. Armansyz ýaşaýyş bimaksat bolar, Bu söýgi, bu hyýal hemradyr ömre. Gün ýanyp gelende çyralar solar, Söýgüde umyt bar – Hemme zat öňde.