Статьи по выбранной дате

Söýgi sözüniň döreýşi

"SÖÝGI" SÖZÜNIN DÖREÝŞI Söygi sözi ýok mahalam, Söýülendir, öpülendir. Ýöne o söz öň-owalam, Öpülende tapylandyr. Seret: "söýgi" diýjek bolsaň, Dodak öňe topulandyr. *** Ylymsyzlar gep aýdar, Körler ondan köp aýdar, Onsoň taze nesiller, Ynsanlyk budur öýder. Bilenler bir dymmasyn, Görenler göz ýummasyn. Ýogsa olar gaçyrar. Ynsanlygyň gymmatyn. Aganyýaz Şammyýew

Arzuw

Durmuşda arzuw etman yaşap bolanok... Elbetde, durmuşyn manysy hem arzuw etmekde..her kimin oziçe arzuwlary bardyr.. Kimi geljekde nam boljagyny, kimi bagtly bolmagy kimi bolsa bay bolmagy... Emma hiç kim öz durmuşynda yaşamak islanok.Mence Arzuwyna yetjek bolson şol isleyan zadyny maksat edinmeli....Kâbiri arzuwyna yetya... käbirleri arzuw etmek bilen yetinyär. ....Yöne arzuwyna yetmek isleyan

WATANA SÖÝGI

Bir çak aglanymda hüwdi aýtdy enem, Şol owaza imrindim men, dymdym men. Ýuwaş-ýuwaş duýga düşüş boldum-da, Watan, seni, ine, şeýdip söýdüm men. Gatnadym obada oba mekdebne, Menden tamaň barlygyny duýdum men. Topuldym-da täze-täze kitaba, Watan, seni, ynha, şeýdip söýdüm men. Kakam maňa daýhan çöregni berdi, Bal çöregi suwa basyp iýdim men. Bar duýgusy bilen on ýaşly çagaň, Watan, seni ak

BAHAR, GUŞLAR HEM-DE MEN

BAHAR, GUŞLAR HEM-DE MEN Bahar ýene telwas edip ýylgyrdy... Dowul turdy guşjagazlaň kalbynda. Elewreşip bir özleri bar ýaly, Boluşlarnyň beräýmek kyn salgyn-da. (Meniňem nä şo-ol oýunçyl göwnüm-dä) Guşjagazlaň için ýakyp sygyrýan. Bu bolşumdan köşeşjek deý, hamana Käte-käte depin kakyp toý gurýan. Bu yşgymdan, gylawymdan bihabar, Guşjagazlar bolsa gabanýar ýazy. Ine, onsoň şo-ol bäsleşip otyrys,

"Gorkmen"

Ýeri, şundanam bir ýaşaýyş bormy?! Alnyňda – howp, Ardyňda – gorp, gork, gork, gork! Gorky, senden çykar ýaly yş barmy? Heý, yş barmy? Gork! Gork! Gork! Düşdüň şeýle künjegine dünýäniň, Gork, gork, Gork! Görýärsiň Gorkmaýaňlaň nä günlere düşýänin! Gorkmaýanlaň gözi ýokdur, telbedir! Olar ömrün soňlar dälihanada. Päliň azyp, çykmaweri ýola bir, Ýoldan çyksaň duşýaň gäbi azana. Jaň etseň gork –

“GELERIN MEN ŞYGYR ŞEMALY BOLUP...”

Ilim, gözýetimden çagyrsaň meni, Gelerin men şygyr şemaly bolup. Idemeseň, uzaklarda galaryn, Bir tümmejik goşgy mazary bolup. Ýyldyz edip gijäň boýnuna daksaň, Bilýäňmi, men goşguly nur saçaryn. Ýöne bir gün süýnüp, Zemine gaýtsam... Belki... Şygyr älemiňe gaçaryn... Duýgy deňzine Gün ýakyn gelende Deňiz üzre ýöräp barsam edaly... Şybyrdap, şygyrlar pesden belende Göterilip, şöhle saçsa