Статьи по выбранной дате

Ejem – siz boluň!

Götereýin waspyňyz arşa, ejem! Ýeke günüm geçmez sizsiz, jan ejem! Tümlüge gabalsa garaňky gijäm, Meň ýanymda diňe ejem – siz boluň! Ýykylaýsam elim tutup galdyran, Çagalykdan mähir berip gandyran, Ger aglaýsam giň älemi ýandyran, Meň ýanymda diňe ejem – siz boluň! Ulaltdyňyz mähir hem söýgi bilen, Birje gaýgym ýokdur, ejem, siz bilen, Maňa gerek däldir giden hem gelen, Ömürlik ýanymda ejem – siz
3

Dört amal

Dört amal Bir gün işde otyrdyk biz gülüşip. Iş ýeri öwrüldi bir gybathana. Soňra birne sorag berdik degişip, "Heý bilýäňmi agam dört amal näme?" Haýran galaýmaly Öwez agamyz, Dört amaly bilip bilmedi anyk. Soňra bir ýaşuly gelip kündükli, Onuň jogabyny sözledi anyk. "Şonam bileňokmy" diýdi ýaşuly, "Dört amaly indi çagada bilýär. Birinjisi iýmek ikinji içmek, Üçünjisi

“BAHAR DIÝEN GYZA MEŇZEŞ BAHARYM...”

Bahar, bahar, ýüregimiň aramy, Ýadadym men uçursyz kän garaşyp. Sen geldiň-de, kalba kanagat berdiň, Ýalaňaç baglaram tapdy ýaraşyk. Ykbalymyz meňzeş ýazylan ýaly, Meň bijäme düşüpsiň sen kartda. Meniňem göbegim kesilen eken Çärýek asyr ozal 10-njy martda. Men ýagty jahanda ýolagçy kibi, Döken külüm ýetmez munda gadaga. Gül bolup, seň bile solmaga kaýyl, Sallah başym bolsun saňa sadaga. Bahar

Massimusdan

Eger meşhur şahsyýetler islenende mowzuk açanda bizden nähili kommentler alardy? Agzalar barmysyňyz! Bar bolaweriň. Eger dünýä meşhur şahsyýetler islenene agza bolup mowzuk açanda olara agzalar tarapyndan nähili kommentler goýulardy. Geliň göz öňüne getireliň! @Galileo Galileý: Men saýtdan gidýärin. Ýer aýlanýar diýenim üçin maňa ölüm jezasyny berdiler, hemmäňiz sag boluň. @khanture: seni öňräk

TÜRKMENISTANDA BAÝLAR KÖPELÝÄRMI?

Soňky wagtlarda Türkmenistanda tutulýan toýlaryň barha we barha ulydan, köp çykdaýjyly bolup başlamagy, ýollarda diňe iň täze we gymmatbaha, kaşaň ulaglaryň gatnamagy, her öýde diýen ýaly iň az bir maşynyň durmagy (käbir öýlerde 3-4 maşyndan), her dürli uly kiçi telekeçileriň köpelmegi, öýleriň kaşaňlaşmagy, daşary ýurtlara bilim almaga gidýän türkmen ýaşlaryň her ýyl köpelmegi, saçaklarda we

OTUZ ÝAŞ

Ýyllar emaý bilen sypady başym, Eliniň yzyndan agardy saçym. Eliniň gyzgynna depäm lasyrdap, Azaldy saçym. Meni şahyr eden kemmagal ykbal Ýumşak daryşmady, etmedi näzi. Derledip derimi çalanda ýyllar, Maňlaýymda galdy barmaklaň yzy. Şümi ýyllaň zähmetime aklygy, Şümi bar sowgady bahar-gyşlaryň? Aýdyň ýyllar, aslynda, siz näm berip, Alýarsynyz meniň ýaşlyk yşnagym? Akyl-parasatmy? Şahyrlaň baky,

Aslynda men hemişe dogry sözleýän

Men şuwagt ýalan sözleýärin. Eger men şuwagt hakykatdanam yalan sözleýän bolsam, ýalan sözleyän diyip dogry sözledigim bolar. Eger dogry sözlän bolsam, bu ýagdaýda ýalan sözlemedigim bolar. Eger ýalan sözlemedik bolsam, we ýañy yalan sözleýän diýen bolsam, onda umuman hakykatdanam yalan sözledigim bolar. We ýalan sözlemedik bolsamam, ýalan sözleýärin diýdigim bolar. Eger muny etsem hakykatdanam

ÖZBEK MUGALLYMLARY ÜÇIN

Saida Mirziýoýewanyň mugallymlar barada eden çykyşy metbugatda we sosial ulgamda uly ses getirdi. Bu barada daryo.uz habar berýär. Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Saida Mirziýoýewa “Zakowat” intellektual bäsleşigiň 2022-nji ýylyň jemleýji döwlet tapgyrynda ýeňijileri sylaglandyryş dabarasyna gatnaşdy. Saida Mirziýoýewa häzirki wagtda ýurduň Prezidentiniň kommunikasiýa we maglumat işleri boýunça