ŞEÝTANYŇ SOWGADY 16+ BS Demonverse Jon hemişe mylaýym we jomartdy. Ol mätäçlere kömek etmäge hemişe taýýardy. Emma onuň durmuşynda hemme zat aňsat däldi. Ýakynda işini ýitirdi we aýalyna rak keseli diagnozy goýuldy we ony sagaltmak üçin uly möçberde medisina tölegi zerurdy. Bir gün ol dükandan öýüne gaýdyp gelýärkä, ýolda büdräp ýykyldy. Gapdalda gara reňkde pentagram nyşany bolan täsin bir gyzyl
Zähmet rugsadynda bolmagyñ döredýän eli boşlugyndan we göwnüme laýyk kitaby tapmaýanlygymdan bolsa gerek, ýene geçen güýzde okan "Size ýazylan hatlar" eserime dolanyp gelýärin. Telefonymdaky birgiden elektron kitaplaryñ arasyndan ala-böle şu esere dolanyp gelmegimiñem özüne ýetesi sebäbi bar: Eser meniñ üçin, howwa, diñe meniñ üçin ýazylypdyr. Bu ýerde hiç hili ikirjiñlenmä esas ýok.
Men goşgy ýazjakdym, setirlerine Yhlasymy, ykbalymy siňdirip, Şeri, şowsuzlygy, betbagtlygy Haýra, üstünlige, bagta ýeňdirip. Ol goşgy boljakdy ejem-kakamyň Otuz ýyllyk arzuwynyň hasyly, Kä meýlimiň goşandyny ýetirip, Bökdejekdi meýillermiň käsini. Men goşgy ýazjakdym, hökman ýazjakdym, Kapyýasyna, formasyna buýsanyp, Goşgulaň sanyna goşulyp, oňam Kemsiz ýaşap ýörmesine buýsanyp. Ýöne ýazylmady.
Ýerleşmese göwnüm içre hasratym, Harasatym hakydama ýaň salsa. Görejim gamaşsa ýagtylykda, Ýa, Tümlügiň içinde gözüm baglansa. Ynsabyma dogry gelse edýänim, Hut şonu-da başa geýen täç saýsam. Çola ýerde umyt bilen oturyp, Bulam-bujar pikirlerden saplansam. Ýatlamany ýagyş kimin ýagdyryp, Halas bolsaň tupan içre gaýykda. Dünýä arka diräp ýeňleseň, Onsoň, Jahana nazarňy salsaň beýikden. Gussadan
Umumy ilatyň 85%-ni prollar düzýär... Partiýa,elbetde,prollary zynjyrlardan azat edenligi barada aýdyp gelýär.Rewolýutsiýa çenli olary kapitalistler erbet ezdiler, aç-suwsyz gamçynyň astynda işletdiler,aýallaryny şahtalarda zähmet çekdirdiler( olar häzirem şahtalarda işleýär),çagalaryny alty ýaşdan fabrikalara satdylar.Emma,partiýa häzirki wagtda "Goşapikir" ýörelgesine laýyklykda,şuňa
Ustaya sormuşlar: "Her şeyi kaybattik, ne yapacaģiz?" Usta cevaplamiş: " çay koy, yeniden başlayacaģiz..." Hayat bir yol ve bu yol ne bir kelebeģin ömrü kadar kisa ne de çok uzun. Ölüm gibi kaçinilmaz bir şey bu kaybetmek. Acitiyor ama öldürmüyor. Öldürmeyen aci, insani daha da güçlendiriyor Ceşme: Miraç Çaģri Aktaş" Hayat kaybettigin yerden başlar".
Ýene-de bu görnüş aňk etdi meni, Şygryýetiň baky juwan güzeri, Bu elwan baharyň ilkinji güni, Hemem doglan güni Gurbannazaryň. Ýaşyl baýyrlary ýassanyp ýatsam, Siňsem gögüň durulygna, çuňlugna, Döwrüm hakda uzak oýlara gitsem, Düşünmekçi bolup özüm kimligme. Guwanjymdan çagajyklaň päkligne, Sadaja şolara deň boljak boldum, Şöhrat üçinem däl, Seniň ýoklugňa Gynanjymdan ýaňa sen boljak boldum.
Ine, ýene bir dostymy ýitirdim, Walla, işim ugruna däl, ugruna. Duşan çagym görüşerdim gujaklap, Olam meni basar ýördi bagryna. "Aramyzdan gyl geçmezdi"- diýmäýin, Ýöne, adam känbir geçip bilmezdi. Ýagly palaw bişirende aýaly, Men barýançam agzyna zat almazdy. Onuň jaň edýänin duýar durardym, Ýatjak wagtym jyňňyrdanda telefon. Oňat dynç almagy arzuw edýänin, Duýdurardy her gün, dostym
Essalam aleýkum eziz ildeşler, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzdaky täzelikler hem habarlar bilen tanyşdyrýan, "Doglan gün" gepleşigimize başlaýarys. Şu gün, hormatly @Blackwolf agzamyzyň doglan güni, menem gutlamagy makul bildim. Gutlamak bilen sizde berk jan-saglyk, abraý, maşgala abadançylygyny Beýik Biribardan dileýärin(ris). Myrat jan, jigim jan, görjegiň diňe gowulyk bolsun!
Joşsun, gök asmanym! zemin ýüzüne, Ene ýere - bu gün, ýaz ýagşy gerek. Her bir damja, nura dönsin gözüñe, Gelmese sowuk, gyş bolma derek, Ülkä bereketli, ýaz ýagşy gerek. Käte göwünleriñ galan posuny, Aýyrmaga belendini pesini, Emma, ýüreklerin käbir sesini, Arassa howada diñlemek gerek, Şol tämiz howaly, ýaz ýagşy gerek! Aşyk magşugyndan aýrylan çagy, Ýürekde hasraty, gözünde agy, Dertleşen,