Статьи по выбранной дате

Satmadym

Sen hakyky syrdaş, sensiñ çyn dostum, Ähli syrlarymy içiñe salyp, Hiç kime bildirmän, gizlediñ ýördüñ, Hiç haçan ikilik etmejek bolup. Sen hakyt ynamym ödediñ gardaş, Bolmasa köp gezek göwnüñe degdim, Ne-hä gaharlandyñ, ne ýüzme basyp, Ne-de bir sen meniñ göwnüme degdiñ. Ilkinji muşdagym, iñ ilki dostum, Bilýäñmi?, Bir gezek gahara yñyp, Özüme öz sözüm geçmän mahaly, Seni ellerimden goýberdim
4

Menem ine ýaşap ýörün, Gussalara batrak ýaly...

Gussalara batrak ýaly, Gör ýalañgat şatlyklarym, Durkuny üýtgetdi harlar, Ykrar etdi atdyklaryn. Pilden uly pul bar eken, Täze zaman, täze döwür, Ýagşylyga ýaman hekem, Ýetermikä gysga ömür?. Igletdi arryk pikirlem, Sag-a gitsem, çepe çekýär, Urbalygym gutarypdyr, Şor göwnüme şatlyk sepýän. Kimi görseñ şoñky dogry, Ýa ýalñyşýan bir menmikäm, Gepimi kesä çekdiler, Çyn sözleýän, bir sözlükäm. Umydy
5

dürdaneler

Guwanylmak siziň eliňizdedir, dogruçyl bolmaýanlara siz guwanarmysyňyz. - Eliňizde ýekeje çekiç bolsa, töweregiňizdäki her zady çüý ýaly görersiňiz. - Her sözledigiňiz dogry bolsun, ýöne her dogryny sözleme. - Nadan bilen söhbet etmek kyndyr bilene, nadan näme gelse geplär diline. - Aýdanlaň dogrudyr sen dogry bolsaň, dogrulyk tapdyrmaz sen egri bolsaň. - Her ynsanyň iň beýik dosty akyldyr,
3

Saňa diýenlerim we diýmek islänlerim

Saňa diýenlerim we "diýmek islänlerim" Bu gün işde soňky gûnüm bolansoň işdeşlerim "Çandybil" naharhanasynda otyryp naharlanmagy teklip etdiler. Biraz otyrdyk, garbak- gurbak edindik we herkim sagbollaşyp öýüne dolandy. Işdeşlerimden gõwnüm minnetdar bolup iş ýere ugradym alyp geçmeli zadym barlygy sebäpli. Şeýle şatlanyp hatda ýuwaşjadan aýdyma hem hiňlenip gelýärdim, emma iş

Durmuşy goşgy.

Ýakymly bolsun. Gaharlanma hijem ýylgyrsyn ýüzüň, Ýaz şemaly ýaly ýakymly bolsun. Ýagşy sözle hergiz her aýtjak sözüň, Has, süýji bal ýaly ýokumly bolsun. Malam aglar eken kemsitseň aşa, Elmydam kalbyňy getirgin joşa, Başarsaň adamy güldürip ýaşa, Sözüň derýa deý päk akymly bolsun. Ömrüňiz hem ýagşy zatlara gatyň, Ýalan-ýaşryklarňyz çukura atyň, Gyşarylma dogry bolsun häsýetiň, Ýaramaz endikden
1

Watan hakda.

Watanym. Täze-täze ösüş bilen, Özgerýär gözel Watanym. Gün-günden gül açyp diýar, Galkynýar eziz Watanym. Binalaň görip güneşin, Depesinde uçýar guşuň, Her toýda tutup göreşin, Gülleýär eziz Watanym. "Diňe öňe" şygar atly, Öňe barýar bedew batly, Tagamlaryň baldan datly, Belleýär eziz Watanym. Düýnüň, ertiriň ýagtydyr, Nesilleň bu ak bagtydyr, Geljegiň mydam ýagtydyr, Bagtyýar ajap

Maru-şahu jahanym

Maru-şahu jahanym. Sende aýdyň säherim. Maru-şahu jahanym. Sowulmajak baharym. Maru-şahu jahanym. Sen şalaryň şäheri. Kalplaryň gül nahaly. Alymlaryň bahary. Maru-şahu jahanym. Ylma açyp gujagy. Bolduň bilim ojagy. Döretdiň kän gerçegi. Maru-şahu jahanym. Mälik şa, Soltan Sanjar, Sanjagyn saňa sünjen. Goýnuňda goýdy genjin. Maru-şahu jahanym. Ärtogrul deý ärleriň. Welileriň,pirleriň. Mekany sen

Modernizm we minimalizm: Bir şygryň anatomiýasynda

Edebiýatyň we sungatyň bu iki akymynyň hem usullarynyň ulanylyşynyň mysaly hökmünde peýdalanmakçy bolýan şygrymyza geçmänkäk, şu seljerme düşnükli bolar ýaly, ilki bilen bu adalgalaryň (terminleriň) nämäni aňladýandygy hakda gysgaça durup geçeliň. Mälim bolşy ýaly, islendik edebi eseriň haýsy stilde, haýsy usulda döredilendigi we onuň edebiýatyň haýsy akymyna hem döwrüne degişlidigini kesgitlemek

...

Adamzat osdugiche wagshylyk azalar oydyaler. Muhammet Pygamberin (S.A.W.) dishini dowduler, Mansur Hallajy parcha-parcha boleklap, odun yaly yakdylar, Jelaleddin Rumyny mazara alyp baryarkalar, tabydyny omurdylar, Nesimini dabanyndan soydular, Magtymgulynyn kitaplaryny yakdylar... sonuny ozun sanaber. (Oraz Yagmyr)

??☀️⚡

Geliň indi garyşyk, bulaşyk duýgular bilen hoşlaşalyň. Şu wagta deň özüňizi tutuşyňyz sizi hide haýrana goýýarmy, menä haýrana goýýar. Biz näme üçin hemişe ideal adamyň, ideal gurşawyň gözleginde gezýäris. Bu zatlar adyndanam belli bolyşy ýaly ideýada ýagny hyýaldaky zatlara. Edil ideal gazyň tebigatda dogry gelmeýşi ýaly. Emma alymlar gaz parametrlaryny idealyň gazyň üsti bilen düşündiripdirler.