Статьи по выбранной дате

Şahyr dostuma

Umuman, köp zada ýañrap durjak däl, Ýöne bilenjämi paýlaşsam gerek, Köpeldi özüni dag saýýan urpak, Şu günde mazaly ýaýlaşsam gerek. Şahyra gerek zat. (Meniñ pikirim), Asyl-ha imany, soñra päk ýürek, Köplerde ýok ýürek, ilde az ýürek, Şygryna gabarlyp, ýatmana derek, Il- günüñ ugrynda bolsa janserek, Bir parçajyk gussa, şatlygam gerek, Gerek ähli zadyñ has kämilleri, Bagryna sormaly, ak,

DOSTUÑ BOLSA

Söz açañda dowam etjek, Bir ýürekdeş dostuñ bolsa. Derdiñ bolsa bile çekjek, Arka durjak dostuñ bolsa. Öz bagtyndan üstün görüp, Ynam tanabyny düwüp, Iýen duzun ikä bölüp, Deñ paýlaşjak dostuñ bolsa. Köki uzalyp daragtyñ, Dostlyk deýin uzap gitse. Ýalñyş gadam basan wagtyñ, Dogrulajak dostuñ bolsa. Dostuñ bolar syrdaşyñ, Dostuñ bolar gardaşyñ, Birden egilse-de başyñ, Belent tutjak dostuñ bolsa.

JENNET MELEGIM

Mähriban ejem sen jennet melegim, Başym sypan elleriñde gudrat bar. Altyndan hem has gymmatly ýüregiñ, Aýagyñ astynda baky jennet bar. Sen bar wagtyñ gelse gelsin dertlerim, Käbäm ejem gujagyñda medet bar. Bagta döner gussa batan gözlerim, Ýylgyr sen ýüzüñde nurly jennet bar. Garşy gelse bütindünýä üstüme, Dogruçyl bolsañ-da ýalan töhmet bar. Geljegimiñ bagtyn özünde jemläp, Hüwdüleriñ owazynda

O NE BEÝLE?

O ne beýle, “Dur, gitme”-de diýmediň, Ýogsa, aýryldyg-a hut öňki ýaly. Onda näme üçin her gün, her pursat Sen meniňki ýaly, men seňki ýaly? Birden-birimiz bir duýmaly ahyr Aýralygyň ýeňilleşen şertlerin. Onda näme seni görsem Ýa görseň... Hanama sygmaýan ýaly dertlerim... O näme üçin onda senem aýply dek Ýa-da menem seni görsem, utanýan. Onda, diýmek, aýralygyň adyndan Aýrylyşan bolup ýörüs

HER KIM SÖÝDI

Her kim söýdi, her kim artygy bilen, Emma söýdüm her bir kemçiligini. Her kim güli söýdi, ýöne dikeni bilen, Söýdüm ynjasam-da her bir çenini. Her kim söýdi, gözelligi wasp edip, Emma söýdüm şeýle çuñ hem owadan. Gözelligi söymäñ, owadan söýüñ, Şonuñ üçin Tañrym söýgi döreden. Her kim söýdi, "söýüp görmedim" diýme, Kalbyñ söýdi, duýga doldy, köñlüñ şat. Birini söýdüñmi, söý ömür baky.