Статьи по выбранной дате

EJE

EJE (Kuwwat Ýazmuhammedowyñ Eje goşgysyny okanymda dörän setirler) Ýörän ýolum dogry, bolmasyn ýalñyş, Emma sen bolmasañ agsaýan, EJE. Sen deý ýakyn ynsan bolmaz ýürekdeş, Men seni şeýle bir küýseýän, EJE. Ykbal derdiñ çekmese aglar ýaly, Her kim sen däl ýüregim baglar ýaly, Ömre derman bolup baş sypar ýaly, Men seni şeýle bir küýseýän, EJE. Sensiz Günim atyp, hem dogry ýaşmaz, Beslän arzuwlarym

Deñ dal

Baý bolsun, garyp bol mydam şükür et, Ýagşylyk edersiñ, her kişi sen däl. Eliñe seretde biraz pikir et Ynha, bäş sany barmagam deñ däl. Ýaşarsyñ ertire çykmajak ýaly, Elbetde panyda bakylyk dem däl. Dowzahyñ alawy öçmejek ýaly, Jennet gapysyna çakylyk deñ däl. Jemşit Hajymämmedow

Ýazmasy has agyr düşen goşgy.      /Kerim Gurbannepesow/. Ýene-de ene hakynda

Ak süýt beren ene gadyrdan gaçýar diýdiler Sadagaň bolaýyn, ene. Sen hakda ýüz gezek ýazypdym öňem, Ýüz birinji gezek ýazaýyn ýene. Ýene-de galamy almaga ele, Mejbur etdi meni bir elhenç gürrüň. Diýdiler, üç ogul, üç gyzly ene Bir ýerlerde haram ölüpdir şu gün. Bu waka bolupdyr uzak bir ýerde, Ýöne parhy näme, ýakynmy-uzak Perzentleriň enäni terk edenligi, Enäň bolsa haram ölenligi hak. Men muny
2