Статьи по выбранной дате

Häsiýet (1)

Ýagşy zamana ýagşy häsiýetler ýaraşar Nireden okanymy bilemok, kimden eşidenim ýadyma düşenok, ýöne aňymda galşyna görä, gadym döwürde adamlar „Ýene bir günümiz ötdi” diýip aglar ekenler. Aglasaňam, aglamasaňam, nalasaňam, nala- masaňam, halasaňam, halamasaňam, aýlar aýlanyp, günler ötüp dur. Erkimizde ýok zady üýtgetjek bolmak – gury zähmet, ýöne üýtgedip bolýan zatlaryň aladasyny etmezlik
1

Üç goşgy

Düşelgemi, geçelgemi, bilmedim, Siňip gitdim adamlaryň içine. Salamlaşdym, sagbollaşdym, durmadym, Hiç çykyp bilmedim aňyrçetine. Adam tokaýynda azaşyp ýörün, Ýol-ýodany bilip, aýňalyp bilmän. Gowusy, has gür ýerine gideýin, Ölsem, gyra çykarlar-la eglemän. 22.08.1998ý. *** Az wagtlyk şatlyk beren Hudaýym: «Besdir, çagalygyň geçýär deňiňden. Özüň dürse, sen kyn ýola düşmeli, Wagt boldy!» diýip,
1

Ilkinji goşgularym

Ilkinji goşgulam, ilki setirlem, Bezeg bermez kitaplarmyň gatlarna. Olar girip gitdi gizlin ýetirlen Söýgi hatlarna. Ne ýat tutdum olary, ne-de göçürdim, Geçdim ondan söýgä sataşan pilläm. Soň bu ömri goşgy ýazyp geçirdim, Ilkinji goşgymy gaýtalap bilmän. Atajan Annaberdiýew

Goşgular

SAŇA Uçradym söýgiňe — ýitdi özlügim, Çyndan duýdum söýülmänem, söýmänem. Gelip, dolduň ähli ýetmezligimi, Asyl ýaşap bolýan eken köýmänem. Indi has süýjedi ömrüň tagamy, Aýdymlary has üýtgeşik serçeleň. Göwnüme itleriň üýrüşem ajap, Göwnüme hol kaktuslaram — ter çemen. Söýýän çogly Güni, söýýän buludy, Ýagşyny, ýamany söýýän gyradeň. Dünýäde milliardlap adam ýaşaýar, A meň üçin olaň sany bire

_Bayat atly okyjymyň sowalyna jogap

Hormatly okyjym _Bayat, siziň sowalyňyza berjek jogabym biraz uzynrak bolany üçin jogabymy ýörite makala edip taýýarladym. _Bayat okyjymyň sowaly: Dost şu duşuşuga gitmezimden öň sarymsak iýip gidýän welin zyýanly, erbet gylykly gyzlardan goraýa gerek şol sarymsak. Kesel zyýanly zada dogrumy? Käbir kesellerden goraýara sarymsak. Indi şu gyzlaryňam zyýanlysyndan gorasa gerek meni. Şu babatda edýän