Статьи по выбранной дате

Başyñy belent tut

Basyny belent tut, giñ bol, Allayar! Seyle yasap ötüp gitdi pederin. Yene diymen “munda gorkman yasadym”, Namartlardan az bolmady hederim. Haysy dowurlerde bolmandy bular? Eysem kim gekmedi ezyet solardan? Bir kiside gordum Eflatun aklyn, Birisiniñ zulumy kan salardan. Dilegçi bolmadym, Hudaya sukur! Yene dilanimde saglyk diledim. Omrüme nur aydan sözi atamyñ, Men hemise onun bilen biledim.

Bagtlylyk

Synla - her bir zatdan gözellik gözläp, Synla - giň jahanyň kaddy-kamatyn. Ýat, ýatasyň gelse boglup düýşlere Sesini eşitmän jaňly sagadyň. Uludan demiň al, ýeňlet ruhuňy Özüň bagtly duý! Duý, bagtly ýene-de! Öňüňden çykana ýylgyryş paýla, Ýylgyryp jogabyn gaýtar Güne-de. Aýdym aýtmakçymyň?! Zowladyp göýber. Öýüň boldy, köçe boldy, parhy nä? Duýsaň gursakdakyň on sekizdigin, Elli bolsun, otuz
3

Matematika barada gyzykly maglumatlar

Matematika hakda gyzykly maglumatlar hemmelere mälim däl. Häzirki wagtda tehnologiki ösüşe garamazdan, matematika hemme ýerde ulanylýar. Matematika adamlar üçin gymmatlydyr. Ol hakda gyzykly maglumatlar hatda çagalary hem gyzyklandyrar. 1. Adamlar onluk ulgamyny elmydama ulanmadylar. Ozal 20 sanly san ulgamy ulanylýardy. 2. Rimde hiç haçan 0 san ýokdy, ýogsa ol ýerdäki adamlar akyllydy we

Ýalňyzlyk dessany

Daglarda birje jeren, Ýekelikden aglaýar. Ýalňyz men diýp özüni, Goşgy bilen çaglaýar. Gaýgyň uzak ýoluny, Owaz bilen baglaýar. Aýralyk gussasyny, Tagma-tagma baglaýar. Şonça yollar tapsa-da - - gam ýanyndan gitmedi. Ondan soň pikre batyp, Ýol ýöräp gitsem diýdi. Hoş günlere duş bolup, Messana gezsem diýdi. Her ne görsem ýa gursam, Dessana düzsem diýdi. Ýolum bogup düwün düşse, Durmany çözsem

Yşk öýüm

Eý ki pynhan sözleýän men derdimi, Gurmuşam men weýranada ýurdumy. Weýranadan çykyp göçsem düzgüne, Güýzünden-gyşyndan gonsam ýaz güne. Yşk öýün gurupdym – dört tärim bilen, Işik söýe goýup – öz kärim bilen. Tüýnük aýlap öý üstünden gonduryp, Dört ýerinden egri ugy galdyryp, Berk edip ýerbe-ýer – tärime saryp, Düzüni uga düzgän – bile ýörip, Durluk tutdum dört ýerine ýar bilen, Goşma salyp – üzük
1

“Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber...”

Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber, Gör, näçe daşlaşdym seniň yşkyňdan, Seni juwan gyzlaň keşbinden idäp, Idäp ahu-gözli gyzlaň çeşminden. Ýöne hiç zat çalşyrgysyz däl eken. Görseň, ine, gözleriňe söweýin, Bir zyba gyz otly söýgi bilen däl, Mähri bilen tutdy seniň öweziň. Bar eken bagtyňam ýerin tutýan zat, Bozlap aýra düşen bagtymyň ornun Tutdy akja gundagynda jägildäp, Däbşenekläp ýatan