Agam, sen tanaýan dälsiň iniňi... Tanyş bol: men iniň... Aslynda Siziň gara diýýäniňizi ak bilýän, Ak hasaplap ýöreniňize “gara” diýýän; Halalyňyzdan uzak, Haramyňyzy özüne siňdiren, Ýagşu-ýaman işlerden gaça durmadyk Hem gorkmadyk deňdirinden hasaplaň... Azaplaň ýüzüne ýylgyryp bakan, Geçmişini alga alman, Geljegine biparh bolan iniň men... Atamyz bir bolsa-da, Hatamyz dürli-dürli; Enemiz bir
Kämahal çydamakdyr söýmek; Durmuş nireden ursa ursun, Aýakda durup bilmek. Kämahal ýaşamakdyr söýmek; Sowuk jiger ýaly söýgüsiz, Ýüregiň durjagyny bilmek. Kämahal agyrdyr söýmek; Söýeniňe laýyk bolup bilmek. We kämahal durmuşdur söýmek; Ol gaty uzaklarda bolsa-da, Ýüregiňde daşap bilmek. . . Özdemir Asaf.
Karoçi piramidalar nebit gazyp alynýan guýylar bolan. Soň ýykylyp, turistik maksatlar üçin täzeden gurlan. Bu zatlar 200 300 ýyl ozal bolup geçen. Piramidalar bize öwredişleri ýaly müňýyllyk däl...
Ýene-de sensizlik düýnämi gurşan Ýene-de birmeňzeş günleriň bary. Ähli süýjilikleň tagamy turşan, Yssyda undulan çekize ýaly. Ýene-de şol güller süllerip otyr, Ýene-de şol guşlar uçanok erkin. Ruhym hereketsiz bedende ýatyr, Gulagyma gelýän seslerem çirkin. Ýene-de kejirlik öz işin edýär, Ýene-de bakyşlam - bakyşy hassaň Şatlygam her güni yzyna gidýär, It deý üýrüp duran sesinden - gussaň Emma,