Içimdäki guş (hekaýa) “Ýene düýşüme giripdir – diýip, Hurma saçlaryny darap otyrka pikirlendi. Ýene şol mämişi köýneginde. Menden Rahadyň ýagdaýlaryny soraýar. Men oňa hemme zat gowy, sen alada etme jan dogan diýip ýalbarýaryn, ol menden razy ýaly başyny atyp ýylgyrýar. Düýşüňde öli adam ýylgyrsa, nämäniň alamatyka?” – diýip, howsalaly pyşyrdady. Ýogyn saçlaryny doly örtübilmeýän keltejik
Men kiçikäm (takmynan 5-6 ýaşlarymda) gije uklanymdan soň düýşüme gara reňkli bir zat girýärdi. Her saparam meni ölmegiň bäri ýany edýärdi. Esasanam kesellänimde. Kesel wagtym düýşümde ondan gaçybam bilemok, gymyldabam bilemok. Şol gara zat gelip meniň bokurdagyma elini goýýardy. Ilki başda mylaýym, ýakymly bolýardy, soňam birden gaty erbet gysyp bogýardy. Men hiç-hili gymyldap bilmeýärdim,
Men ýene-de şol birmahalky ikimiziñ bukuja öýmüze öwrülen leýlisaçyñ aşagynda durun. Ýöne birbada men öz gözlerime ynanmajak boldum. Biziň hemişekije öýmüzde kimdir biri owadanja otgurgyçlary goýupdyr. Özlerem biri-birine ýakynja ýerleşdirilipdir. Men özümi gallap duran şabram şahalary ýekän-ýekän sypadym. Olaryň ysy-da, durky-da şol birmahalky ýaly mähriban. Olar meni häzirem il gözünden
Salam gadyrlanlar. Bu gün köpden bäri gurnalman ýüreklerimizi küýsedip giden konfrensiýasyny gurnalyň! Goşgydyr, oýlanmalar okalyň. Ýüreklerimizi dökeliň. Gybat kakalyň. Hemişeki belgide 62976856. Ahmedik akganyň belgisinde. Wi sagadymy? 21:40 . Šu wagty saýlmagymyzyň sebäbi 21:00da ýurdumyzda bolup geçýän habarlar we täzelikler bilen tanyşdyrýan " Watan habarlary" geplešigi başlaýar we
Işden ýadaw gelýär. Goňşy kempir öňünden pete-pet çykdy. Belki, bu tötänlik bolman, onuň ýoluny garawullap duran bolmagam ahmal. Özem, bu şu wagt 50 ýaşap gelýär, ol bolsa bu mönçagaka-da şu sypatyndady. Ömralla darak görmedik saç-a “makaron zäwutda partlama” diýilýäni. Egninde-de şol bir sary gidip, göwşüllän, egri dyzdan halady. Içem içkisiz. -Goňşy,-diýdi:-sen bilýäňmi, bi maňlaý goňşyň seniň