ERTEKI (HEKAÝA) Olaryň ýaşaýan öýleri ikigatly jaýlaryň birinji gatynyň iň çetinde ýerleşýärdi. Men hemişe o jaýy bir gyrasyndan döwüljek bolup duran dörtburç çörege meňzedýärdim. Oturyşy boýunça ol şeýle duýgulary oýarýardy; eger-de, şo ýerdäki jaýlary bir enäniň alty sany gyzy diýip hasap etseň, onda iň eleşany, megerem, şo çetki jaý bolardy, eger-de, yzly – yzyna tirkelen otly diýip hasap
O, L, M, N, Ý, A, A şu ýedi harpdan kim näçe söz tapyp bilýär?
DURMUŞ NOWELLALARY Juda çylşyrymly durmuş kitaby, Okabam bolanok,görüp bolanok. Nowelladan doly onuň her baby Soň näme boljagny bilip bolanok. * * * Internetden görüp howaň ýagdaýyn, Şu gün howa maýyl bolar diýdim men . Ýagyş ýagdy hem Gün çykdy,ýel durdy, Howa bäş minutda üýtgeýän eken. * * * Gözlerime gülüp şat bolup gitdi, Dostlarym ýürekde ýalynym boldy. Görüp ýören gyzlam ýat bolup gitdi,
Meniň ýadyma hiç zat düşmeýär. Meniň hiç zady ýadyma salasym gelmeýär. Meniň, käte kellämde ýylpyldaýan zatlary unudasym gelýär. Men bada-bat dörtýaşly bolup doguldym. Uzak-uzak wagtlap özüm bilen nämeler bolýandygyna düşünip bilmedim. Nähilidir birhili çal perde meniň irki çagalygymy gabsap, gizleýärdi. Hemme zat ümürde, gaharly, zalym... Üznüksiz nalajylyk duýgusy hem-de kiçijik jigimiň