Статьи по выбранной дате

Iň gowy gizlin/gorkunç 4 roman maslahat berýän

Hemme kişiň halaýan bir roman görnüşi bolýar. Meniň halaýan romanlarym gizli (polisiye) we gorkunç romanlar. Sebäbi bular bilesigelijilik derejesini gaty ýokarlandyrmagy başarýarlar. Ýagny ruhy has janly saklaýar okap başlasaň. Menem size okan gizlinlik/gorky romanlarymyň käbirini paýlaşmak isleýärin (ýalňyşlyklaryň howada gaýyp ýören saýdynda roman paýlaşmak nä derejede dogry olam aýry mesele).

Ronaldo klub satyn almak isleýär

"An-Nasr" hüjümçisi Kristiano Ronaldo, futbol klubynyň eýesi bolmak isleýändigini aýtdy. "Ispaniýa köp maýa goýum goýýaryn. Men Ispaniýa gaty ýakyn. Bu ýerde jaýym bar we şu ýerde ýaşamagy umyt edýärin. Bu pensiýa çykanymda ýaşaýan ýerlerimiň biri bolar. Karýeramdan soň klub satyn almagy aradan aýyrmaýaryn. Futbol klubynyň eýesi bolmak isleýärin "-diýip, Relewo Ronaldony
2

Eýnşteýniň üstünliginiň altyn syrlary

Eger kimde-kim hiç haçan ýalňyşlyk göýbermedik bolsa, onda ol hiç –haçan täze bir zat etmäge synanyşan däldir. Bilim – bu mekdepde öwrenen zatlaryň ählijesi ýadyňdan çykandan soňra galýan zatdyr. Men öz aňymda, edil suratkeş ýaly, islendik zady döredip bilýärin. Fantaziýa ukyby bilimden has wajypdyr! Sebäbi, bilimiň çägi bar, fantaziýa bolsa bütin dünýäni gaplaýandyr. Döredijiligiň syry – bu
0

Uky diýilýän täsinlik

Biz ukynyň nämedigini bilýäris, emma ukynyň nämä sebäp bolýandygyny anyk bilemizok. Uky – bu dynç ýagdaýy, ýagny huşsyz dynçdyr. Haçan-da biz uklanymyzda, biziň bedenimiz gündelik işleriň netijesinde döreýän ýadawlykdan gutulýar. Gowy ukynyň netijesinde dynç alanymyzdan soň, biz ýene-de hüşgär we işjeň bolýarys. Şeýlelik-de biz günüň adaty işlerine taýýar. Haçan-da irden turanymyzda, uklaýan
1

“9”-lyk sanyň syrlary

Ähli zadyň syry, gyzykly täsinlikleri bolşy ýaly sanlaryň hem syrlarynyň bardygyny bellemek gerek. Numerologiýa sanlary öwrenýän ylym bolup, sanlaryň köpçülik tarapyndan görünmeýän, üns berilmeýän taraplaryny gözleýär diýsek ýalňyşmarys. Geometriki figuralarda sanlaryň aňladýan manylary bar. Meselem: 1 – şöhle, 2 – burç, 3 – üçburçlyk, 4 – inedördül we ş.m. Durmuşda bolsa täk sanlaryň, ýagny 1,

Buýsanç

Işdeşim bilen orta mekdebiñ uçurym dabarasyny synlamaga gidipdiris. Belkem, ýörite çagyrlandyrys, kim bilýär. Ene-atalardyr gelen myhmanlaryñ ýanynda durup bizem uçurymy synlamaga başlaýas. Ine-de näme göreýin, seretsem hatar bolup duran uçurymlaryñ ählisi meniñ çagalar bagyndan şu ýyl uçurym eden çagalarym. Gör, nähili ulalypdyrlar. Gyzlar nähili owadan. Meniñ gyzlarym körpekä-de şeýlediler.