Статьи по выбранной дате

Aysapar Emelowa / Heniz...

Menem bu düýäden heniz gitmänkäm, Umytlarym tamasyny üzmänkä, Arzuwlarym gözlerini süzmankä, Gyýmanka yüregmi gaýgy-alada, Bu gözlermi kör etmanka gözyaşlar, El ayagmy doñdurmanka ol gyşlar, Bagdaky bilbiller heniz uçmanka, Acylan bägüller solmanka heniz, Tolkun atyp durka ol mawy deñiz, Heniz döwülmänkä syrdaş galamym, Saña söýgim ýüregimden sönmänkä Bagtyñ nämedigin duýup bilsedim, Gelsediñ!

Gurbandurdy Orazowly edebiýat agşamy

Edebiýat agşamynyñ bu sanyny öñkilerden has-da şowhunly geçdi diýip hasap edýärin. Çünki, agşamyñ bu gezekki myhmany Gurbandurdy aga juda degişgen, alçak adam eken. Dogrusy, hiç bir edebiýat agşamynda munça gülmändim. Edebiýat agşamynyñ bu sanyna barýarkam birazajyk ýekesiränimi boýun almakçy. Çünki hemişeki ýoldaşym @Rigel agza bu gezek Daşoguz ilindedi (. Onda-da endik boýunça "Aşgabadyñ

...

Soňky synag. Buşlamaly. Jaň. Guuk-guuk. Jogapsyz jaňlar. Haky tölenmedik söýünjiler. Ýok ýok haky tölenmedik däl eşidilmedik, alynmadyk söýünjiler. Tyrk-tyrk seslenýän köwüş ökjeleri. Gürp-gürp. Boşadylan şkaflar. Üýşürlen goşlar. Gaharly taksi. Güwwüldili wokzal. 13, 14, 15, inede 16. Çişik prowodnik. Otly. Hoşlaşyk.Guuuk-guuuk. Öýe tarap tigirlenip başlan demir tekerler. Aşyklygyna syrygýan

"Dilewarlyk sungatynyň taryhy we esaslary" kitabyna seljerme

Dilewarlyk we gowy gürlemek barada kitaplar ýazyldy. Bizdenem ýazan bolupdyr. Ady "Dilewarlyk sungatynyň taryhy we esaslary", awtory O. Çaryýewa. Kitap erbet däl, meniň göwnümden turdy. Kitabyň başy dilewarlygyň taryhy barada, soňra bolsa dilewar nähili bolmaly, dilewarlyga taýýarlyk, nämeleri berjaý etmeli we ýerine yetirmeli, 2-nji bölümi bolsa şol zatlar barada. 3-nji bölüminde bolsa

KÀBÀME...

Sen käteler ýatdan çykýaň. Ýazygymyzy geçeweri. Aslynda bir dem unutmak. Günämişin ejeleri. A biz bolsa işlisiräp. El degenok diýen bolýas. Daň säherde işe gidip. Agşamara işden gelýäs. Sen bolsa garap duransyň. Daş işikde ýolumyza. Bu-da edil bolmalysy. Şeýle ýagdaý ýaly bize. Biz gaharly, ýüzimizde. Bir ýerde bäş sany deşik. Uzakly gün zähmet çekip. Arypmyşyk, ýadapmyşyk. Daşymyzda elewreýäň.
1

HANYM GANSKAÝA YAZAN HATYM

Bizde eýýäm gyş düşdi, mähribanym. Men özümiň gyşlagyma geldim, size tanyş bolan ýerimden gaýtmaly boldum. Ine, şu düşelgämde men siziň ilkinji hatyňyzy aldym, şonuň üçin men bu ýerini indi önkimden has beter gowy görüp başladym. Bu ýere dolanyp gelelim bäri men siz hakda oýlanýaryn, mähribanym. Özem siziň bilen birje minudam bolsa gepleşmek höwesi bilen dolup-daşýaryn. Men sizi, aýdyşyňyz ýaly

Aşgabatly alymlaryň edermenligi (Bard'yň makalasy)

2023-nji ýylda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinden alymlar topary düýpli açyş etdi. Dinozawrlary direltmegiň ýoluny tapdylar. Alymlar bu taslamanyň üstünde ençeme ýyl bäri işleýärler. Dinozawrlaryň DNK-syny öwrenip, şol DNK-ny hindi towugynyň öýjüklerine salmagyň usulyny oýlap tapypdyrlar. Ýumurtga çykanda, towuk çaga däl-de, dinozawr çagasy bardy. Alymlar begendiler. Ahyrynda dinozawrlary

Magtymgulynyň döredijiliginiň 400 ýyllygyna ;)

Magtym atly kursdaşym bardy. Doly ady Magtymguly. Dz ilinden. Bu işigaýdan bir gün palow iýipdir. Özi gürrüň berýär. Dzly gardaşlar bilýändir. Palowy tabakdaşsyz iýilenok, ýagny, ýeke iýmek uslyp däl, hökman ýoldaşyň bolsa has gowy, agzybirlikden nyşan. We ýene bir gowy tarapy palowy elde iýýäler: dört barmagyňy gysyp, agzyňa sygjagyny her gezekde tabagyň gyrasyna süýkäp, burnyň aşagyna

MENIŃ AYDYM AYDYSHYM:??????

(Kakamyn dinleyan aydymlary ) Denizde durim sen asmanda ayym, Yuregi yuregme bagly yarym... Yarym bir garybyn gyzy Gurarmaz aydymyn yzy Oten agsamyn.... Oten agsham dushmde Gordum Akja.... Akja güller acylyp dur, acylyp dur akja güller Sen güleńde ÿar Gün nuryny ecilip dur, ecilip dur Sen güleńde.... Gülende gara gözleri, Aglap duran nyśany men. Cyn ashygyn söygi ÿükin Gerdeninde dashany men

Joraby ýatdan çykarma

2016-njy ýylda «The players’ Tribune» Pelàniň öz çagalygyna ýazan haty çap etdi. Kalplaryň inçe Taryna kakýan bu hatyň Terjimesi ady rowaýata öwrülen Futbolçynyň nàhili ýaşandygyna, nàmeleriň pikirini edendigine birneme gowy düşünmàge ýardam eder. Mähriban Edson ýa­da Diko (maş­galada seniň adyňy şeýle tutmagy gowy görýärdiler ahbetin). Meni ünsberip diňle. Maşgalaňyz Tres­ Korasoýnsdan (Pe­leniň
1