Статьи по выбранной дате

Aklym däliräpdir başym aýlanyp...

Aklym däliräpdir başymy aýlap, Pikirlermiñ ählijesi tersine. Nirde azaşypdyr? Bir Alla bilýär... Diñe samsam pikir gelip dur sere. Hat-da elimem diýen edenok we Aýagymyñ basan ýeri garalyk. Has akylly çöle çykan telbe-de, Gözlerimiñ agam barýar garalyp. Ne döw çaldy, ne belaga uçradym, Gulaklarym eşdenoklar görüp dur. Agzym eşdip, burnum bolsa gürleýär, Gözüm welin ýürege dem berip dur. Işi

Serhowuzyñ başynda

Pasyrdaşýar ördekler, Serhowuzyñ başynda. Pyşyrdaşýar ot-çöpler, Serhowuzyñ başynda. Menem çeññegim alyp, Düşer diýp, Altyn balyk, Her tüýsli hyýallanyp, Serhowuzyñ başynda. Oklaýanda oturýan, Arzuwymy otarýan, Şeýdip günüm ötürýän, Serhowuzyñ başynda. © Remezan Mämetgurbanow
0

Şu günleriň_HABARLARY №2

1. Amerika Ukraina üçin täze nobatdaky ýardam paketini taýynlady. Prezident Jo Bayden: "näçe wagt gerek bolsa, şonça wagt biz Ukraina bilen bile bolarys..." diýdi. Görýän welin, uruş bu golaýda gutarjak däl öýdýän 2. Germaniýanyň ilaty 2022-nji ýylda migratnlaryň akymy sebäpli 1,3% köpeldi. Aslynda Germaniýanyň öz ilaty ýyl boýy kemelýär. Öňki ýyllarda bolşy ýaly 2022-nji ýylda-da

«Tomus ýazgylaryndan»

«Sen dünýäde barmy? Bar. Emma öz barlygyň bilen, iň bolmanda, bir adamyň çökgün göwnüni göterip bilmedik bolsaň ýa-da bir bagtlynyň göterilen göwnüni bilkastlaýyn çökeren bolsaň, ol seniň ýoklugyňdyr. ...Özgä guwanyp bilmeseň, saňa guwanmazlar. Ýüzläp-ýüzläp kyn borçlaryň arasynda örän aňsat bir borç bar. Oňa «syrkaw soramak» diýilýär. Ýöne ol aňsat bolsa hem, hemme kişä başartmaýar». Kerim

Reý Bredberiniń žurnaliste jogaplaryndan:

— Baş goşmadyk zadym ýokdur. Gödegrägem bolsa aýdaýyn, bir ýere üýşürilen zibil hasap edäýiň meni. (Gülýär). Emma şol zibilem güýçli ýalyn bilen ýanýar. Edebiýatam gursagymda edil şonuň ýaly ýanýar. Käteler özümi ýarygije Amerikanyň içinden süýnüp barýan otluda halaýan ýazyjylarym bilen bir ýerde oturyp, gürrüňdeş bolýan ýaly duýýan. Ynha, şol otluda bolmalylaryň iň ilkinjisi çeper pikirleriň

EJE

Eje, meni saňa meňzeş görýärler, Meni görüp seni salýarlar ýada. Parahatdyň, dünýe ýaly giňdiň sen, Düşüp ýöreňokdyň men ýaly oda. Baýdak ýaly pasyrdamda, synymdan çekipjik, "Ýuwaşrak bolaý!" diýerdiň. "Erkek oglanlara meňzäp barýarsyň, Bulary özüňden biläý!" diýerdiň... Eje, meni saňa meňzeş görýärler, Meni görüp seni salýarlar ýada. Bir agzym bişensoň, özümden özgä ynanmadym

DÜŞNÜKSIZ ADAM

ýa-da Stefan Sweýgiň bagtsyz ölümi hakda kelam agyz Heran haçan şu şahsyýet hakynda bir zat ýazmaly bolsam, oňa şundan laýyk sözbaşy tapmazdym. Çünki ýüregi hemmeler üçin aýnada ýaly görünip duran adam ömrüniň ahyrynda düýbünden düşnüksiz bir şahsyýete öwrüldi oturyberdi. 1942-nji ýylyň 23-nji fewralynda dünýä metbugatynyň ilkinji sahypasyny täsin habar eýeledi. Onda: "Awstriýaly meşhur

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 2.

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 2. 11. ? Seň maňa nämçün gerekligiňihä bilemok, ýöne sen maňa güýçli gerekdigiňi bilýän. 12. ? Söýgüňizi goraň, ýogsam ýatlamaryňyzy goramaly bolarsyňyz. 13. ? Özüňizi goraň, çagalaryňyz üçin. Sebäbi siziň söýüşiňiz ýaly çagalaryňyzy hiçkim söýmez. Buwagt çagalaryňyz ýokmy? Gelejekde bolar, ynanyň. 14. ? Kim seni hemişe bagşlan bolsa, saňa garaşan bolsa,

Alesdir (hekaýa)

Hekaýa we oň gahrymanlary tutuşlaýyn oýlanyp tapylan we real durmuşdaky gabat gelmeleriň barsy, ýöne bir tötänlik. Alesdir angliýalydy, ol biziň edaramyzda bir aýa golaý zähmet çekipdi. Ol ýörüte enjamlary montaž edýärdi. Edil biz ýaly irden işe gelýärdi we edil biz ýaly giçlik işden gaýdýardy. Ol öz watanynda wäşidi, ýa-da döwrebap dil bilen aýdaňda komikdi. Ol iňlis dilinde bir zatlar gürrüň