— «Ömrüme ýüzlenme» goşgymy ruhuma ýakyn duýýan. Bu goşgyň özeninde duran pikirler gonamçylyga birini jaýlamaga gölegçi bolup baranymyzda döräpdi. Gabryň içki jaýyny ýapmak üçin bir-iki ýüz ädim çemesi aňyrrakdan kerpiç almaga ýöräp barýarkam, «Meniňem-ä jaýym şu basgylap ýören töwereklemde gazylsa gerek» diýip pikir edipdim. — Näçe ýaşyňyzda ýazylan goşgy? — Ýigrimi bäş. Seýitmyrat Geldiýew
Edebiýat agşamynyñ geçen dynç günündäki myhmany söýgüli şahyrym Aýgül Garaýewady. Agşam sagat 17:40 töwereklerinde başlandy. Men ilkibaşda Aýgüliñ terjimehaly hakda sorag berdim. Ol soraga jogapdan soñ Aýgül halaýan goşgysynyñ birini okady. Ondan soñ agşama gatnaşýanlardan biri "Her goşgy ýazana şahyr diýip bolýarmy?" diýip sorady. Aýgül: - Ýok, her goşgy ýazana şahyr diýilmeýär. Şahyr
,,Ölemde meydime gush gonmaz yaly,, Kakamyrat Atayew. Nesibede ne baryny bir Alla biler. Birden, ölmek dàl'de sońkuja demimi çöl yerlerde almak nesibede bar bolsa bildińmi. Eger śeÿle bolan ÿagdaÿynda: Dirikàm meni at depsin, gumda aw gözlàp cyrpynyp ÿöran JEEP'ler kaksyn, al kaksyn -çaśayyn. Üstümden gelen ac gurtlara, it janawarlara śam bolaÿyn. Goy meni görüp ,Cala mydar bolup yatan
Bir tanyşym bardy. Aňsatja ýaşady. Hiç zada özüni gynamady. Hiç zat barada kelle agyrtmady. Aňsatja işe ýerleşdi. Aňsatja pul tapdy. Özäm az däl. Pulymy köpeldeýin diýip urunmady. Getirişi ýaly iýdi otyrdy. Jaý hem salmady. Okuw hem okamady. Maşynam almady. Aýlygy getirip ülpetlerini bir ýere jemläp iýdi-içdi otyrdy. Aragy tä ölýänçä içdi. Iliň gaýgysyny etmedi. Toý bolsa öýüne gelmän diýen ýaly
Soňra Gurbandurdy aga : -Ata Köpekmergen hakynda ýazan goşgymy okap beräýeýin - diýip aşakdaky goşgyny okap başlady. Kakam gül sährany düşenip ýatyr, Zemin — ýumşak düşek, asman — ýorgany. Dünýäň ýüregine düşünip ýatyr, Golaýynda Ata Köpek Mergeniň. Olaryň täleýem meňzeşdi, ýöne kakam derdin söze öwürip bilmän, Öwrüldi-de gumdan çitilen göle, Dyndy azabyndan eşretli dünýäň. Ömür tüňçesiniň
ANZU HÖKÜM EDILÝÄR Ýagtylyk şol bir wagtyň özünde yzyna dolanyp gelen ýaly boldy. Tabellerdäki MEleriň uwwuldy sesleri täzeden eşidilip başlandy. Anzu Höküm çykaryjy ýedileriň huzuryna eltildi. Enlil we onuň aýaly Ninlil, Enki we ozallar Damkina ady bilen tanalan aýaly Ninki... Ninmah esasy kürsüde-di. Ninurta eden etmişlerini aýdyp berdi. Marduk şeýle diýdi: ''Munuň günägeçişligi ýok,
Çagalyk ýyllarmy ýadyma salsam Ilki ýada düşer ilkinji söýgüm Ol gün howa diýseň oňat bolupdy. Günbatardan öwüsýän ýakymly şemal ýüzüňi ýelpäp göwnüňi göterýärdi. Tomysyň ortaky aýy bolsada Güneş gaty gyzman çalaja ýylysyny çoýýardy. Şol günem men ejem bilen mamamlara myhmançylyga gelipdim. Maşgalanyň körpesi bolanlygym üçin köplenç mamamlara gitmeli bolsa ejem menide ýany bilen äkiderdi.
Wepaly bolmak, wepalylyk, ikilik etmezlik... Asyrlarboýy, biziň ata-babalarymyz wepa hakynda, ýanýoldaşa, söýgä wepa hakynda käbir düşünjeleri nesillere geçiripdirler. Dünýädäki halklaryň, milletleriň wepalylyk hakyndaky düşünjesi dürli-dürlidir. Käbir halklarda ikilik eden aýalynyň günäsini geçip, soň ýaşaşyp ýören erkekler, hatda başga bir erkekden çaga dogrup, ýa bile ýaşaşyp, soň öňki ärine