Статьи по выбранной дате

Igor Agliýskiniň "Ýüz sözdäki durmuş" goşgusyna wariasiýa

Agy. Emzik. Sallançak. Düýş. Hüwdi. Gundag. Galpak hem diş. Selpeme. Oýunjak. Jigi. Keman. Şänik. Aşyk. Jübi. Mekdep. Ikilik, soň bäşlik. Pökgi. Badak hem basdaşlyk. Oýun. Ýaňsy. Dawa. Ýumruk. Syrylan baş. Otly. Gulluk. Oba. Köçe. Mellek. Pagta. Şäher. Dellek, soň paýtagta. Kitaphana. Tahýa. Synag. Talyp ýyllar. Käýinç. Sylag. Söýgi haty. Gyz. Duşuşyk. Leksiýa. Uky. Kitap. Yşyk. Internet. Arzuw.
2

Ertekini üýütgetseň näme bolýar

Ertekini üýtgetseň näme bolýar?. Hany göreli. Häzirki üýtgetjek bolýan ertekimi siz biläýmeli. Bu ertekini siz mekdepde okapdyňyz. Hawa, ine onsoň bir kempir öz garry gojasy bilen ýaşapdyr. Gün görmek üçin bolsa ikisi ýer ekipdirler, mal saklapdyrlar.Özüňiz bilýäňiz pul hemmä gerek şol sanda garry bolsaňam. Bu ikisi elýeter ýerde bar bolan zolak meýdanlaryny ekipdirler emma öýünden uzagrakda,

Ol kim?

Men kimdir birini unudan ýaly, Kimdir biri çykan ýaly ýadymdan... Ýüregim käteler tisginip gidýär, Nätanyşyň has nätanyş adyndan. Ýerden çykan ýaly bolup bir şemal, Birdenkä sypalap geçse başymy, Men oňa şol diýip, edýän-de güman, Synlamaga gorkýan degre-daşymy. Durmuş tapmaçamy, Gurluş tapmaça?! Soraglar ummany heläk etjekden. Adam öz-özüni gözläp tapmasa, Oňa kimdir birin sebäp etjekden. Her