Senden soň ekilen umytlarymyň, Ynan hiç birinden derek tapmadym. Ýalňyzlygyň aýazynda galsam-da, Wah, şonda-da senli arzuwlaryma Palta urup, odun edip ýakmadym. Kaýyl boldum yzda galan ýatlama, Şonuň bilen gijelermi güýmedim. Söýgimiziň "ýasy" güni geýilen Täze köwşem şat toýlara ýörmedi. Ynha ýene awgust bilen hoşlaşýan, Mizan gelip çygjarypdyr ýapraklar. Ah, şu güýzem tizden gelip
Bir zenan lukmana ýüz tutup, adamsynyň gijelerine samraýandygyny aýdypdyr. Lukman ony diňläpdir-de: — Men size onuň samramasyny goýdurýan derman ýazyp biljek däl — diýipdir. Zenan bolsa: — Lukman jan, men ony diýemok — diýip, düşündirmäge başlapdyr — Maňa ol düýşünde has anyk geplär ýaly derman ýazyp bermegiňizi haýyş edýärin.
TANYŞLYK Nireden diýýärmiň? Biläý çen edip Kölegeleň ereýän ýerinden geldim. Tüweleýleň göge diräp depesin Asmany yraýan ýerinden geldim. Gezseň guba çägesinde tomsuna Sokga sorar derdiň bar bolsa seniň, Şindem gojalarmyz gömülip oňa Goýup gaýdýar guryagry keselin. Aýa meňzeş garpyzlaryň diýsene! Enaýy däl sary gawuny Günden. Iýmezden öň başyň aýlap ysyna, Iýmezden öň doýrar seni görkünden.
Toýdan öñ oglan: Uraa! Menin eyyam garashmana takatym yok! gyz:Belki men giderin? oglan:yok,beyle zat asla kellanede gelmesin! gyz:Sen meni soyyanmi? oglan:Elbetde! gyz:sen mana ikilik edip gordunmi? oglan:yok,beyle pikirler sen kellane nadip gelyar? gyz:meni ogsharmyn? oglan:howwa! gyz:meni urarmyn? oglan:hich hachan ! gyz:sana ynansa bolarmy? Toýdan soñ Aşaklygyndan depa okamaly