Şu ýylyň 31-nji awgustyna geçilýän gije Aýyň iň äpet dolan pursadyna Ýerden synlamak mümkinçiligi
30-njy awgustdan 31-nji awgusta geçilýän gije Ýeriň ýaşaýjylary seýrek astronomiki hadysany – Dolan Aýy synlap bilerler. Report agentliginiň Bakuwyň döwlet uniwersitetiniň (BSU) Fizika fakultetiniň Astrofizika kafedrasyna salgylanyp habar bermegine görä, şol wagt Aý Ýere has ýakynlaşar. Aý dolmasy Aýyň Ýeriň daşyndan ellips görnüşinde aýlanmagy sebäpli ýüze çykýar. Belli bir pursatda Aý Ýere iň