Статьи по выбранной дате

Ykbal

Ykbal Müýnüm ýok tämiz düýnümden Bak, gözlerim – aýna, ykbal! Her bir “hähiňe” düýrükmen, Doňýüregem saýma, ykbal! Ýesir dälem altyn, käne, Bilýän nesibe, paý näme, Berenjäňi götermäge, Güýç-kuwwat ber, taýma, ykbal! Sabyr dolup arkan-arkan, Gaýşyp, Kalp ýarylsa darka, Özüň bol, daşyma galkan, Ryswalyga salma ykbal! Durnukly ugur-ugumy, Kem etme ýüzüm nuruny, Dowamat namys tugumy, Çöpe-çöre

DURMUŞ

Durmuş DURMUŞ Ýaşym 12... Ne-hä boý ýeten gyzdym. Ýok, çaga-da däldim bökjekläp ýören. Çekinerdim ogşamaga kakamy, Hem ejemiň gujagynda ýatmaga... Geňsi tüýsler bardy kalbymda örän – Bukardym zülpümi ýaglygym bilen Belki, bu adatdyr oba gyzlarna?! Bilmedim, ozal täzeje köýnek geýäýsem, Güjeñlärdim goňşularmyñ baryna. Soňra nämüçindir galdy bu hüýüm, Duşmasam kem däldi nazarlaryna. Okardym

Ruhy halymyň şahyry))

Men uçmak isledim, Onda-da neneň?! Arkamda asmany göterip mäkäm. Bolmady... (Bagyşlaň, hormatly mollum, Ikilikçiligme guşlar günäkär). Onson, yerden ýyldyz çöpledim yördüm, Oylamadym - gereksizmi, gerekli? Kör teňňä geçmedi köne arzuwlar, Soň, özüme täze asman döretdim. Emma jinnek ýalam peýda görmedim, Uzak gije entäp, ýaşlygym yrya. (Şu asyrdan çöl tapmadyk mežnunlar Serhoş bolup özün asfalta