Статьи по выбранной дате

SEŇ BILEN MEN

Bir birinden doýmaýanam, Seň bilen Men. Bu endigi goýmaýanam, Seň bilen Men. Aýry. Ýöne aýrylşmaýan, Ýerin özgä çalyşmaýan, Kä oňşup, kä oňuşmaýan, Seň bilen Men. Men düz söýýän, senem baýry, Men ilerik, seňki gaýry, Ýürekler bir, pikir aýry, Seň bilen Men. Derňäp gördüm meni, seni, Ulanyp hasap tilsimi, Söýgi goşmak bagt jemi, Seň bilen deň. Meň bilen deň. 20.09.2023y ÝUSUP MEREDOW

Içim gysýa, intelligent dertlem bar. Sözün tapsam aýdyp dynjak ymykly.?

ÇYKALGA Gije älem giňeýär, Gämiler gygyrýar asmana garap, Nikotin bulutlar gaýýar ýokarda. ...Maňa täze kitap ugrat, Öňkilerňi gutardym. Içim gysýar, meni täzeden ýarat! Çydar ýaly däl bi halys her agşamara. Bir otagly jaý ber ilki, Büzmeýinden, amatlyrak. 30 ýyllyk kredit töläp ýaşara - Daş ber äpet, Köpetdaga daşara, Güýmenerin tä alynçaň janymy. Keseller öldürýär käbirlerimizi, Ýalňyzlyk