Статьи по выбранной дате

Pelek

Bikarar men... "Eglen"- diýmäñ. Men mundan gitmäge geldim. Yşk bazarnyñ, ýüpek şa:lyn. Alana satmaga geldim. Her pursatda, Hemdem bolan. Munda çyn dostlaryn galan. Aşygmyñ solup-saralan. Köñlüne ýetmäge geldim. Gün güşluga galan çagda. Tel-tel göwnüm, gezýä awda. Bal ysly şetdaly bagda. Hezl edip, ýatmaga geldim. Meý beriñ... Göçeýin meýden. (Belki, dogry bolar şeýden?) Meni utandyryn

GUŞLAR ERKINLIGI KÜÝSÄN MAHALY

Şadyýan günleriň reňki öçmesin, Jany jehenneme resmiýetleriň. Serhedin ýykaly bir bulgur bilen, Akyllysumaklaň sesi ýetmesin. Ruhuňdan sogrup zyň gandallaryňy, Şugünlik howlukma barjak ýeriňe. (Guşlar erkinligi küýsän mahaly, Gujak açyp, özün taşlar zemine.) Bahar gelse her kim owadan bolýar, Fewral, ana, hut şoň üçin howlukmaç. Guşlar geler diýip bu jalaý baglar, ýeňsesinden ösdi:r uzyn buýra