Статьи по выбранной дате

...

Men goşgy ýazýaryn. Aslynda bolsa goşgyň nämedignem bilemoklaý-ow. Biljegem bolamok näme zatdygyn, Dogrusy zakazsyz düzemoklaý-ow. Men goşgy ýazýaryn. Bezylham ýazýan, Ondan-mundan çöpläp ýazybermeli. Näme gelýän gazanç "depýämi içe"?, "Oňarsaň senem ýaz!", basybermeli. Janlary sag bolsun "goşgy söýerleň", Içleri tütesin göripleriňem. Meň goşgymdan size näme,

.....

Hemmä salam. Bu gün aýratyn bir temadan söhbetdeşlik açmak isleýärin. Size bir meselede bir zady gürrüň bermekçi, sizem pikirleriňizi, öz tejribeleriňizi paýlaşyp, beýleki adamlaryň ýa-da özüňiziň garaýyşlaryňyzy baýlaşdyryp bilersiňiz, elbetde hormat-sylagy ýatdan çykarman beýan edip bilersiňiz. Gepi ulaldyp oturmaýyn, bir mollanyň aýdýan zatlaryna seljerme bermekçi biraz. Kimdigini tanamok,

Gabanjaňlyk.

Gabanjaňlyk Sen rahat ýatyrsyň, Gapdalyňda men Otyryn boş goýup ýassygyň ýaryn. Şu çaka çen, seniň bilen geçilen Günleri bir-birden ýada salýaryn. Düşünip bilemok, nämedi eýsem Düýp sebäbi saňa sataşan derdiň?! Işden sähel gijä galyp geläýsem, Saçlarymy ysgap-yasgap görerdiň. Bilýärdim seň oda düşüp ýöreniň, Ýaşyrsaňam, bilýärdim men baryny. Taparyn öýdýärdiň eşiklerimiň Epininden yat saçlaryň

Öý ruhynyň gündeligi. (Soňy)

Öý ruhunyň gündeliginden fragment: 1-nji mart Duşuşyga gidip geldik. Tokaý ruhy bilen gepleşdim. Bedeninde mohlar ösüp gidipdir, ýöne erbet oglana däl eken, maýmyna meňzeşräk. Pişik tokaýdan bir çöp süýräp getirdi. Oňa jadyly taýajyk diýýär we islese biziň hemmämizi gurbagalara öwürjekligini, girdenegi bolsa – fikusa öwrüp biljekligini aýdýar. Halk geçen ömründe eýýam gurbaga bolanlygyn aýtdy,

Habaryñ barmy?

Bu gamgyn göwnümi öz-özüm şatlap Sensiz däl-de senli günlere ätläp Ýalñyzlykda şu wagt bir seni ýatlap Goşgy ýazýanymdan habaryñ barmy? Señ mähriñi küýsäp ýaşlap gözümi Arman galmaz görsem birje ýüzüñi Dogry bakyp aýdan"Söýýän!" sözüñi Aýap ýörenimden habaryñ barmy?! Gussañ nämedigin bilmezdim asla Emma söýgi derdi eýledi hassa Ýykylan göwnüme gözläp men ussa Tapman gezenimden habaryñ