Bagysla eje
Bagyşla Eje Arassa geýdirip,saçymy darap, Ýola çyksam,galdyň yzymdan garap. Aladalam bilen seň halyň harap, Agaran saçlaryň sebäbi boldum. Näme iýjek diýip sözüme uýan, Özüniň paýyny tabagma guýan. Gaty nana bokurdagyny gyýan, Dökülen dişleriň sebäbi boldum. Ýüiksiz bolsun diýip balalaň egni, Öziň üçin ýaşamanyňa dogry. Aslynda men seniň ömrüňe ogry, Sowulan ýaşlygyň sebäbi boldum. Çagalary
Giç (gosgy)
Giç Armanly ýüregmiň sende ary bar, Alaryn men hasaplydyr bary bir. Döwlen ýüregmiňem indi ýary bar, İndi söýmeseň hiç,söýerdenem giç. Gorkma indi aýagyňa çolaşman, Hat-da gurjak hilelerňe bulaşman. Göwün berenimi kimsä çalyşman, İndi söýmeseň hiç,söýerdenem giç. Senli günleň sahypasyn ýyrtaýyn, Kirlän kalbyň gabygyny artaýyn. Ölen duýgularmyň üstün örteýin, İndi söýmeseň hiç,söýerdenem giç.
Gutardy bary...
Kastyňda däl, Kastymda sen Aslynda Waspyňda Gijede Güýjedip Duýgulary Duý şulary Diýip ýazdym Diýip pozdum Ençe sany Mençe barmy Söýen seni Köýen teni Bejerjek sen Getirjek sen Arzuwlary Al suwlary Didelemden Dideleň seň Ummandan çuň Sözlerim gum Gözlerňi ýum Bumm. Aýylganç seda. Ählisi pida. Gözýaşsyz agy. Gutardy bary... Ylham GURBANALYÝEW
Популярные статьи
Интересное
Новые статьи
Обсуждают

#B.S
в посте
Adam ýokmy?
0
30 декабря 2024 16:13

kone natanysh
в посте