Статьи по выбранной дате

Pähimler

1. Biperwaýlyk süýşüp ýakyn gelende, Köpbilmiş köpelip, Bilýän azalar. Tapawut kiçelip çynda, ýalanda, Olary saýgarjak bolýan azalar. Garym-gatym bolar sähet, bisähet, Okumyş bol bolar, Çyn alym — gahat, Iliň arasynda öwüt-nesihat Berýän köpeler-de, Alýan azalar. Her kim öňe oklar hergiz bir özün, Jahyllar-juwanlar tanamaz yzyn, Aksakgal aşyk dek oýnadar özün, Paýhasyna tagzym kylýan azalar.
1

Bu dünyäde aýdylmadyk sözem ýok

Bu dünýade aýdylmadyk sözem ýok Şol sözlere ýykylmadyk göwünem Oýlanyp, ölçerip sözlan her sözi Birje sözde uly ýürek döwüler Süýji sözlän bir birege mydama Güller açsyn ýüreginde adamlan Size sogap bolar olara şatlyk Az däl ahyr, ajy sözem dadanlar Ajy sözlap agyrtmalyn ynsany Aýna dek döwmälin näzik göwnini Öýke kine gelşmez türkmençilige Gyryn, öýkan zynjyrdan berk çignini Men akyl beremok,

Ylym

Ylym. Ylym nurdyr şeýle akdyr çeşmesi, Adamyň geljegne şöhle saçýar ol. Geliň, bizem bolalyň oň teşnesi, Tümlükde bolsakda nurun seçýär ol. Şeýle ýagtylykdan taplanan adam, Ylym-bilim bilen ertiri görýär. Şoň röwşen ýolynda saplanan adam, Şeýdip öz durmuşyn kerpijin örýär. Dawut Hojageldiýew.
0