Gizlin galmasyn, Hindistan mülkünde hökümdarlyk tagtyna ilkinji gadam basan kişi Keşendir. Ýöne bu Keşen Hint halkynyň ol barada geň-taň efsanalar
döreden, akyldan daş hekaýatlar beýan eden we Hudaý mertebesinde ybadat etmäge götergilän meşhur Keşeni däldir. Bu Keşen akylly, parasatly, batyr we merdana bir kişidi. Ol örän daýaw, berdaşly kişi bolansoň, ony at göterip bilmeýärdi. Şonuň üçin onuň altyn deý aňyndan we dürs pikiri bilen buýruk esasynda, ýabany pili duzaga düşürip tutýarlar hem-de bir çäre bilen ony eldekileşdirýärler. Şondan soň ol pile münýär. Onuň döwründe Nebek ibn Hindiň neslinden Brahman (Sanskrit dilinde Ruhany ýolbaşçylar diýmek) atly bir şahs peýda bolýar. Ol örän dana we parasatlydy. Keşen ony özüniň weziri edinýär. Neçjarçylyk we demirçilik ýaly
köp hünärler Brahmanyň ylym-bilimi bilen peýda bolýar. Käbirleriniň pikirine görä, ýazmakdyr okamak hem şondan gaýdypdyr. Şol döwürde Hint mülkünde bina edilen ilkinji şäher Ud şäheri peýda bolýar. Tahmuresiň döwürdeşi bolan Keşen dört ýüz ýyl ömür sürenden soň, jahan bilen hoşlaşýar. Onuň döwründe iki müňe golaý oba we şäherçe abat (bina) edilýär. Ondan otuz ýedi ogul galýar. Şeýlelikde, onuň
uly ogly Maharaç (Sanskritçe - Beýik şa, Raj, Raja diýmek) onuň ornuna geçýär.
Muhammet Kasym Hinduşa ASTRABADY
''Taryhy Perişde'' (2013)
Keşeniň hökümdarlygynyň beýany (Taryhy Hinduşa)
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
22-08-2022, 12:25