Ady agzalan agzalar gaty görmäň, bu bir degişme
Hool bir döwür Gawaý adasyna syýahat edişimiz hakda gürrüň beripdim. Ýöne, wagt bolmadymy ýa ýaltalyk sebäp boldumy garaz, şol syýahatdaky bolan priklýuçeniýeleri size dolulygyna ýetirmändim. Bu gezekki gürrüňim şol syýahatdan dolanyp gelýärkäk bolan wakalar barada.
Gawaý adasynda 10 gün hezil edip dynç alanymyzdan soň gämiň kapitany we saýtyň admini Abaddon:
"- Agzalaryň hemmesini bir ýere jemläň, eger entägem "dynç aljak" diýýänler bar bolsa ýene 3-4 gün galaýarys. Agzalardan soraň, dynç alyp bolan bolsalar gideliň!" diýdi. Moderlerem özüňe belli, ur diýse göz çykarýanlardan. Soramagam ýok, zadam. Şakyr-şukur jemlediler bir giden mähelläni bir ýere. Şol günüň özünde-de gaýtdyk yzymyza. Bir gün dagy ýüzdük öýdýän birdenem gämi özünden özi tapyr-tupyr öçdi duruberdi. Içimizde mehanik-slesirimizem ýok, "Täze gämi, bozulyp durasy ýokla" diýip alybam gaýdylmandyr. "Köpi gören" hasaplaýanlammyz bardy - ýaşuly agzalar, kör düýesi köprüden geçen bärsinden aňyrsy golaýlar, iki aýagy göre sallananlar: Kwadrat kelle, Massimus, Remezan, Pegas, Baýker, Soho dagylar. Ana şolara sala saldyk, "Siz köpi gören, eýle-beýle şytdy-pytdylaryň duşundan köp geçen agzalar. Hany, gaýrat ediňde şu meselänem birýüzli ediň!" diýip.
Pegas:
- Menä goşgy düzüp bilýän. Gämi barada goşgy düzüp bersem bolýamy?
Remezan:
- Menem düzüp bilýän, bile düzeris!
Massimus:
- Men prikolny edip hekaýa ýazjak onda şu sluçi barada
Soho:
- Menem bet anektodlar bilýän.
Kwadrat kelle:
- Aý how... goşgy, anektod, hekaýaňyz näme how siziň?! Gämini düzetmeli. Seň şol goşgy diýýän manysyz dört setir ýazgyňa düzelermikä gämi, Pegas?! Ýa seň şol guraksy hekaýalaňňa düzelýämi Massimus?! Ýa-da seň özüňçe "prikolno" hasaplaýan anektodlaň düzedermikä Soho?! Senä wapşe gözüme görünme, kelläňi pytyradaryn elime düşseň- diýip Remezanyň üssüne topuldy weli, Remezan zordan gaçyp sypdy. Baýker Kwadrat kelleden gorkdumy ýa özüniň öňden şeýle pikiri bar ekenmi garaz, dwigateli açyp görmegi teklip etdi. Öň özüniň motoryň dwigatelini açyp-ýapyp ýörendigni. Daže bir gezek dagy motor ýöräp barýaka şol ýöräp barýan motorynyň dwigatelini motoryň üstünde oturan ýerinde açyp alyp düzedip ýerinde goýuşy hakda (motoram 130 km/sag tizlikde gidip barýamyş) gürrüň berdi.
- "Baýker aga, senem edil Supermen ýaly ekeniň, Supermenem şolar ýaly kyn işleri edip bilýä." diýip Khanture çykdy bir ýerlerden. "Supermen ýaly ekeniň" diýilensoňa Baýker bolubilenni boldy ( bir öwerlik ýagdaýy bar eken ýaşogyň). " Hany siz bir gyra çekiliň" diýip elini çermäp (ýogsam ýeňsiz maýka egnindäki, şonda-da çermäp ýatyr. Kak butdo dünýäni halas edýän däldirin öýdenok özüne) bardy bat alyp dwigatel duran ýere. "Kömek edeli" diýsek dagam gürlemediksirän bolup " her kimiň açyp ýapyp biljek zady däl bi, aýaga çolaşmaň, özüm alyp çykaryn" diýip. Bizem "şula bir zatlar etjegow" diýdikde gaýtdyk. Hemmeler kaýutasyna girip gitdi. Sagat 13:00 töweregi günortanlyga çagyrdylar. Üýşdük naharhana. Nahary Ýyldyz taýýarlan eken. Gämiň şef powary bardy weli, olam dümewläpmi ýa dümewlänsiräpmi garaz, " dynç almasam bolanok" diýip rugsat alan eken. Ýyldyzam geçiň öň aýagy ýaly " men bişirip bilýän" diýip boýun alypdyr. (Gazanyň başynda Ýyldyzy göremden ýüregim bir erbetligiň boljagny syzdy) Nahary getirdiler öňümize, hany bu nahary iýip bolsa. Näme nahardygam belli däl. Şol barmanada turdy bir zabastowka (aç halkyň öňünde duryp bilseň durda). Gyzlar tas "iýipdi" Ýyldyzy. Dani duhly eken, naharly tabagyny kellesine geýdirdi Ýyldyzyň. Menem otyryn tomaşa edip. Bular ýaly zat tapsam gözüm açylýa (daže begendimem Ýyldyzyň nahary zaýalanna). Garaz, günortanlyk gyzykly boldy. Ýyldyzy zordan alyp çykyp gitdiler tolpaň arasyndan. (Indi gazan görse gaçýan boldy bu çaga) Şeýdip aç galdyk. Birtopar zadam zaýa boldy. Aşgazan bilen gürleşip zordan užyna ýetdik. Öňki powary getiripdirler "ölýänem bolsaň užyny taýýarlap ber" diýip. Bul arada Baýker ýatdan çykan eken. "Baryň, alyp geliň! Užyn bir iýsin, obetde-de ýatdan çykypdyr" diýip Abaddon Hemedany'ny ugratdy Baýkeriň ýanyna. Bizem "bu wagta çenli birzatlar edendir, nesip bolsa ertir ýöräris" diýip uly arzuwlar bilen garaşyp otyrys Baýkere. Azyrakdan soň geldi Hemedanyny yzyna düşürip, ýüzem gap-gara durşy bilenem gahar, nahary biz üçin iýjek ýaly. "Dwigateli nätdiň" diýip soramaga hiç kim het edip bilmedi Baýkeriň gaharly ýüzüni görüp. Nahar iýildi. Hemmäň gözi Baýkerde, gowy habar aýdar tamakinçiligi bilen. Hiayres Khantura ümledi " bar çaý getir" diýip. Çaý getirilensoň Baýkeriňem gaharly ýüzi ýagtylyp başlady. Bir-iki çäýnegi boşadansoň:
- Oglanlar, menä dwigateliň nädip açylýandygna-da düşünmedim. Irdennen bäri daşyndan aýlanyp ýörşüm, kelläm çaşdy.
-"Indi näderis, beýdip hiç zat etmän ýatywersegemä ahyryn iýmäge-de, içmäge-de zat galmaz" diýip Kwadrat kelle ýüzümize naýynjar seretdi.
- "Bize diňe Hudaý kömek edip biler. Dilegde bolalyň!" diýip Dark Wolfam ahyry dil ýardy. Dark Wolfyň bul aýdanny eşiden Keap beckon bilen Ahmedä şol momentde dileg edip başladylar:
- "Hudaýjan, özüň kömek et! Bu däli okeanyň içinde aç ölmeli bir bolmaýly jan Allam" diýip.
-"Hudaýa ynansaň ynan weli, eşegiňi bek duşa" diýipdirler. Hany başgarak bir çykalga gözläp göreliň" diýip Hiayres keýpsiz aşak bakdy. Donmaxyňa nastreniýasy gowy:
-"Sam glawny çilim gutarmasyn" diýen bolup.
- "Başga wagty postoýanna smena düşüp şu gezek smena düşmän bärilere gaýdyp ýörşümi men şor maňlaýyňam" diýip Soho aglap başlady hany muny goýduryp bolsa. Muny görüp Massimusam tutdurdy aga. Ikisi iş boldy biri-birini gujaklap aglap. Töwella dagam seredenoklar. Birdenem Gültäç Abaddona seredip:
-" Näme üçin beýdip ýolda goýjak bolsaň alyp gaýtdyň meni, görip" diýdi-de öňündäki podnosy zyňyp goýwerdi Pegasa tarap. Pegas tas çaşypdy, zordan "meni näme urýaň" diýip ýetişdi.
-"Senem saýtdakaň ýürege düşüpdiň meň açan temalammy, ýazan teswirlemmi pozup. Häli näme görýäň, senjagazyň entäk gözüňde ot ýakaryn. Öňem "elime düşse bolýa" diýip ýördüm" diýip zyňdy Pegasyň üssüne täzeden. Dört gyz zordan aralap äkitdiler kaýutasyna Gültäji.
-" Men bir kitapda'ha okapdym, gündizine okeýanyň suwy gury ýere gijesine bolsa gury ýerden okeýana tarap hereket edýämiş. Şoň üçinem gündizligne labyry galdyryp goýmaly, gijesine bolsa ýene düşürmeli. Şeýle edilse akymyň özi bizi şu golaýdaky gury ýere alyp çykar. Gury ýere çykanymyzdan soň bir alajyny taparysda" diýip Dark Wolf pikirini aýtdy. Munuň bu pikirini hemmämiz makulladyk. Seýlelik bilenem gündiz labyry galdyryp gijeligne düşürip başladyk. Aradan üç-dört gün dagy geçdi öýdýän gämide ýene howsala döräp ugrady, azyk gutarypdyr. Bu habar gyzlary känwir biynjalyk ediwem durmady (öňem figuram bozulýa diýip kän iýenokda bular) ýöne, maňa meňzeş garny üçin ýaşap ýörenleri'hä serpmeden gaýdan ýaly etdi. Gyzlardan Granger gaty gynandy muny eşdip
- wah... şu wagt süwsäm bolanda öýe gidip iýip-içip gelerdim.
- "Komnatdaş, öýüňe ýetip bilseň dagy yzyňa gaýdyp näme etjek?! Hemişeki edýänjäňi edip garpyzy kola batyryp iýde ýatda hezil edip" diýip Nirwana aglamazyň bäri ýanynda duran Grangere maslahat berdi. Granger:
-" Aç garna kelle zagruzka edip ýetişenokda. Dogurdanam, öýe ýetip bilsem yzyňa gaýdyp näme azaryň diýsene. Ýatda gnomlaryň bilen gürleşip. Wahh... Şu araky Ýyldyzyň bişiren naharny nezaşto döküpdirinda. Alyp goýaýsam boljak eken päkede salyp. Bagyşla meni aşgazanym! " diýip öz-özi bilen gürleşip başlady. "Ajyň aňy bolmaz" diýleni boldy. Bir görseň gülýä, azyrakdan soň aglaýa. Aglap ýörkä tans edýä. Gämiň "suwa gaçaýmasynlar" diýip goýulan erňegini dişläp görýä garaz, aç galsa boljak däl eken şu gyzyňky.
- Şu gyzdan seresap boluň, sygyr bolup dagy aç galsa gölesinem iýjek şü. "Madagaskar" multfilimdäki Aleks ýaly hemme zat gözüne iýilýän zat bolup görünip başlady öýdýän muň. Esasanam sen seresap bol Nirwana. Bir kaýutada bolýaňyz, birden saňa dagam agyz uraýmasyn. Gowsy şuny aşaky bölümdäki azyk saklanýan ammara salyp gulplap goýalyň. Ýa beýtsegem özini özi iýäýermikä?! Daňyp goýalyň bolmasa-da. Ätiýaçly bolsaň gowy bular ýalakyda.
Bu aýdanlam Nirwana ýaramady öýdýän
- Men öz komnatdaşymyň beýdilmegne ýol bermen. Biriň baryp görüň hany ýanna. Käte şeýle edýä bu garny dokam bolsa. Birazyrakdan köşeşer.
- Menä saňa gynanyp diýipdim. Ýaşaşjak özüň. Aýtmady diýme, eger agzalaň haýsam bolsa birine napadenýe edäýse iýjek bolup, gababam goýmarys, daňmarysam. Göni suwa oklarys. Komnatdaşyň gerek bolsa ýanyndan aýrylma, seredip gez edýän hereketlerne.
Şeýdip aladamyzyň üssüne ýene bir alada goşuldy. Grangerden seresap bolmalydy indi.
Ýedinji günmi sekizinji gün geçdi (garaz, ýedi ýa sekiz). Boýy uzyn bolansoň Ahmedi narýatda goýupdyk "Gury ýer görünse aýt" diýip. Gün dogup naýza boý ýokary göterilipdi. Ahmet şadyýan gygyrdy " gury ýer görünýär" diýip. Ahmediň seredýän tarapyna seredýäs weli hiç zat görünenok suwdan başga
- "Muňama kompýuteri otkaz edip başlady öýdýän, öňemä normalny işlänokdy weli" diýip Hiayres Ahmediň eşitmejegni bilip prikol tutan boldy (Ýogsam ýüzüne aýdyp bilenoklaý beýle gruby sözlerini). Garaz, şeýdip "gözüne göründi" edip goýduk. Ahmediň özem ynandy gözüne görünýänne ( Köpüň pikiri bilen gezip ýören çagada bul). Gün öýlä agan wagty ýaňky Ahmediň görkezen tarapyndaky gury ýeri bizem görüp başladyk. Gury ýeri Ahmet hakykatdan gören eken, ýöne boýy uzyn bolansoň bizden has öňräk görüpdir. Gury ýeri görenlerinden soň agzalar şeýle bir begendiler kak butdo öýüni gören ýaly. Gury ýere golaýlabam labyry taşladyk. Mundan aňry kiçi gaýyklarda gitmeli boljakdy. Gämini gury ýere çenli eltseň batyp galaýmagy mümkindi. Gämidäki kiçi gaýyklar 10 töweregi bardy. Agzalaryň hemmesi 2 sagatdan gowrak wagtdan soň gury ýere eltildi. Jeksparro agzaň bolşy gaty gözgyny boldy, "halypamyň gezen ýerleri" diýip gaýykdan düşen badyna şol töwerekdäki gury ýer bolsa ogşap çykdy. Çäge-de diýenok da:ş'am diýenok ogşap gidip otyr. Agzalaryň hemmesi jemlenensoň iýer ýaly zat tapmagyň pikirini edip ugradyk.Döwsypat, Ötegçi, Seri, Bentner, FanB, Wlad, Pakahontas, Bägul Ataýewa, Mona Songz, Senýorita, Dani, Mis Minnoş, Ýüreksözi, Ogulşirin Baýramowa, Ejegyz dagylar "biz aýlanyp gaýdaýaly ada, belki iýer ýaly zat taparys" diýip gitdiler üýşüp. Bizem galdyk yzlarynda "iýer ýaly bir zatlar tapyp getirerler" tamakinçiligi bilen. Biziň bu düşen adamyzyň köp ýeri jeňňellik eken. Bular aýlanyp ýörüşlerine ýabany adamlaryň (mestnileriň) üssünden barypdyrlar. Görseler bir topar ýalaňaç adamlar gezişip ýörenmişler. Bulary gören gyzlar "Waaý masgara" diýşip ellerini ýüzlerine tutyp hersi bir tarapa gaçypdyr. Ýöne şonda-da Dani gaçanokmyş. " Aý gyz utanaňokmy" diýselerem " utanar ýaly näme bar, men bular ýaly zatlary her gün görýän" diýip azaryna-da dälmiş.
Ötegçi:
- Her gün ýabany adamlary nirede görýäň?!
Bentner:
- Wopşe to ol ýalaňaç erkekleri günde görýän diýjek boldy.
Seri:
- Haý blää... Habarsyz galypdyryn, ýogsama...
Wlad:
- Şu gyzyň görmedik zady bamykanaý?!
FanB:
- Nirede görýäňaý her gün ýalaňaç erkekleri?!
Dani:
- Ne tolko ýalaňaç erkekleri, ýalaňaç aýal-gyzlaram görýän. Men med. uniwersitetde okaýana. Bular ýaly zatlar meň üçin obyçno
Döwsypat:
- Med.uniwersitetde ýalaňaç okaýalarmy?!
- Ýok pridurki. Praktika üçin morga alyp gidýäler şonda žiwoý görýän. Galan wagtam okuw kitaplarmyzdan görýän. Ýalaňaç suratlardan doly içi.
Bularyň bu ala-goh bolup edýän gürrüňleri mestnileriň gulagna baryp ýetipdir. Derrewem bulary tutupdyrlar. Goýun süren ýaly edibem obalaryna alyp barypdyrlar. Bularyň baranny gören obadaky mestniler şeýlewyr begenipdirler. Aýdym aýdyp, tans edip baý heşelle kakypdyrlar. Biziňkilerem özleriçe dawolny " bizi görüp begendiler" diýen bolşup. Bularyň begenmeklerniň sebäbi bu ýabanylar adamhor ekenler.( Sweži et iýjek bolup durkaň nädip begenmejek). Onsaň bular ullakan ot ýakypdyrlar. Birtopar aýal-gyz bulaň kelleaýagny arassalamak üçin suw gyzdyryp ýörmüş. Ýene birtopary sogan, kartoşka, käşir, her hili ete sepilýänje priprawalar taýýarlap duranmyş. ( "O zatlary nireden aldykalar özleri ýabany adam bolýan bolsa " diýýäňizmi, marylylardan alypdyrlar. Şolar satýan eken getirip). Soň biziňkileri sortirowka edip başlapdyrlar. Döwsypatdan galanny bir çete geçiripdirler. Döwsypaty bolsa "rožaň betgelşik eken, etiňem gowy däldir. Nahary zaýalarsyň" diýip, nemesine iki gezek depip kowup goýweripdirler.
Ýaňkylaň gidenne iki- üç sagat dagy bolupdy. "Eglenenden tama et" diýlenni edip garaşyp otyrys, gözümiz ýolda. Birdenem "Döwsypat gelýä "diýdiler. Seretsek, gelýä ullakan oglan bolup aglap-sojap. Näme bolanny sorasagam zordan düşündirdi agyň arasynda. Bizem gowünlik berdik "Döwsypat giň bolsana, ýazgydy şeýledir bendeleň. Şehit bolup ölmek uly bagt musulmana. Goý, boldy. Öleniň yzynda ölüp bolmaz. Indi boljak iş bolansoň etjek alajyň ýok. Hemmämizem ölmeli bir gün. Hany aýat-töwür edeliň ruhlarna bagyşlap. Goý indi" diýsek, " men olar üçin aglamok" diýdä bu. "Onda näme üçin aglaýaň?!" diýsek "ýaňkylaň meni "rožaň betgelşik eken" diýip kowup goýberişleri agyr batdy. Şoňa namys edip aglaýan" diýdi. Pegasam durup bilmän:
- Gaýtam begenda kowulyp gaýdylanňa. Rožaň normalny bolanda iýerdilerda senem
- " Bedroý bolanňa begen gaýtam dos. " Her işde bir haýyr bar" diýleni. Şu aýylganç ýüzüň haýry degjek ýerem bar eken." diýip Şahruh hanam göwünlik berdi. Garaz, eýdip-beýdip köşeşdirdik muny. Indi oglanlar bolup gidermen bolduk ýoldaşlammyzyň yzyndan. Kwadrat kelle gorkak eken:
- Gidip ýörmäliňle. Indi baranymyzda-da elimizden geljek zat ýok. Uže iýendirlerem bu çaka çenli. Gaýtam şu wagt barsak bizem tutarlar. Gowsy Gämä gideliň. Aç öleniň gowy çişe düzüleňden
- "Olar çişe düzenoklar öýdýän. Gazanlary bar ullakan, şoňa atýan bolaýmasalar " diýip Döwsypat Kwadrat kellä seretdi.
- Aý inim, haýsyny edenlerinde-de ölýäs dälmi wsýo rowno?! Şoň üçin maňa "hä" diýseňizä gideliň Gämä.
Dark Wolf garşy çykdy:
- Ýok, gideliň yzlaryndan. Bizem azlyk däl. Urşmaly bolaýsagam asgyn gelmeris şolardan. Gidenleriň iň bolmanda süňklerä galandyr. Şolary tapsagam uly iş bitirdigimiz bolar. Musulmançylygyň kadalaryna laýyklap jaýlap bir gaýdalyň ol bendeleri. Içiňizde jynaza okap bilýäniňiz barmy?!
- "Men okap bilýän. Üzüm sezon sowulansoň jynaza çykýadym obada, boş ýatmaýyn diýip. Ýas sowmagam gaty pribylly zat, ep-eslije gazanyp bolýa" diýip Hemedany dillendi. Şeýdiwem aýal - gyzlary goýup erkek agzalaň jemini üýşürip gidermen boldyk ýabanylaň üssüne razborka etmäge. Ep-esli adam jemlendi weli, indi razborşik tapylanoga tolpaň öňüni çekip gitmäge. Kwadrat kellä " sen iň ulymyz, özüň çekäý başyny" diýsegem edenok. Gaty gorkupdyr öýdýän
-"Oglanlar, maňa öňe-de yza-da geç diýmäň. Ortada ýöremeli bolsam gideýin ýogsam gitjegem däl" diýip orta girip gitdi. Onsoň özüniň Supermen ýalydygyny ýatladyp Baýkeri öňe geçirip gitdik jeňňellige tarap, Döwsypadam ýolbeledimiz. Ýabanylaň ýaşaýan ýerine golaýlanymyzdan Baýker iki elini ýüzüne tutyp "Waý doganeý" diýip gygyryp başlady.
- "Aý how, agam nädýäňaý gohuň näme?! Bildirmän baralyňda golaýragyna" diýsek. "Namaz ýere şeýdip barmaly" diýip, öňküsinden beter zorladyp barýa. "Namaz ýere baramyzok biz, goý sesiňi" diýip zordan goýdurdyk. Ýüz ädim dagy galandyr oba ýetmegmize. Görsek ýabany adamlaň bary halka gurap otyran ekenler. Assyrynlyk bilen has golaý bardyk weli, biziňkiler entägem diri. Ýabanylaryň barysy biziňkileň daşyna üýşüpdirler. Sessiz- üýnsüz otyrlar. Wlad bir zatlar gürrüň berýä, yz ýany Pakahontas düşnüksiz dilde bir zatlar diýýä. Galan agzalaryňam ýüzlerinde gülki. Muny görensoň hasam ynjaldyk. Soňra ýaňky üýşmeleňe tarap ýöräp ugradyk. Bizi görensoňlara hasam begendiler biziňkiler. Ýabanylaryňam ýüzünde gülki, eginlerine-de ýaprakmy, otmy garaz, saranyp bilen zadyny saranypdyrlar. Ýalaňajy ýok içinde. Soň özümiziňkileriň ýanyna bardyk, nämeleriň bolandygny soradyk. Ötegçem özlerini iýjek bolup durkalar Wladyň bularyň bu edýän zatlarynyň barypýatan ýabanylykdygny, medeniýetli halk bolmalydyklarny, bular ýaly mal düşünjeleri bilen hiç wagtam medeniýetli halk bolup bilmejekdiklerni. Awtoritetni halk bolmak üçin özleriniň duýgy nökerçiliginden halas bolmalydyklarny düşündirendigni gürrüň berdi. Hälem bularyň bagtyna Pakahontasyň ýanlary bilen gaýdany. Pakahontas indeý gatanç bolansoň indeýleň dilini suwara bilýärdi. Bularyň dili hem indeýleň dillerine has golaý eken. Ana şeýdiwem Wladyň sözlerini Pakahontas terjime edip beripdir weli, ýabanylaň kethudalary özleriniň ýabanydyklaryna gaty utanypdyrlar. Wladdan nädip medeniýetli bolmalydygyny öwrenip otyran ekenler şu wagtam. Pakahontas biziňem olaryň ýoldaşlarydygmyzy, özümiziňem näçe gün bäri hiç zat iýmändigmizi düşündirdi. Şondan soň ýabanylaň serdary bir zatlar diýip gygyrdy weli her hili iýilip içilýän zatlardan getirip başladylar. Hezil edip garynlary doýurdyk. Soňra Gauzeni "yzymyzda goýup gaýdan aýal- gyzlary alyp gel" diýip ugratdyk. Bir salymdan geldiler olaram. Gumly gelinem öňbaşçylary. Esma, M11, Walerýanka, Ladybug hersi bir gapdalynda. Garry aýal bolansoň goltgy bolup gelýäler "ýykylaýmasyn" diýip. Granger gelenden zyňdy özüni orta. Ýabanylaňňa ýüregi ýaryldy muny görüp. Iki elini dolduryp deňine dykýa agzyna dagam. Beýlekilerem gelip ýerleşdiler "saçak" başyna. Şeýdip agzalaryň hemmesiniň garny doýdy. Ýabanylaryň indi biz bilen işlerem ýokdy, hemmesi Wlad bilen Pakahontasyň daşynda.
"Bak dostum" diýip Wlad ýabanylaň serdaryna bir zatlary janygyp düşündirýärdi. Gaty ýadapdyryn. Garyn doýansoň uky tutyp başlady, uklapdyryn. Tursam garaňky düşüpdir. Agzalar oduň daşyna üýşüp otyrlar. Onsoň bardym menem ýanlaryna näme gep edýäkalar diýip. Hol aňyrda bir çişik heleý gözüni aýyrman biz tarapa seredýä. Siňe synlamasaň adamdygynam biler ýaly däl, eddil begomot. " Ol näme ýöne bize seredip otyraý" diýsem Nirwana
- " Kwadrat kelle akgamy halapdyr, "şony sazlap beriň maňa" diýip gelelimiz bäri günümize goýanok" diýip güldi
-Onsoň aýtdyňmy Kwadrat kellä?!
-Aýtdym
-Näme diýdi, yryldymy?!
- Ýokla. " Jigim, meň aýalym, çagalam bar ahyry. Onsoňam bu ýaşdan soňam bir söýüşmek bormy" diýdi
-Halan däldir. Normalnyja zat bolanlygynda aýalynyň, çagasynyň bardygyna, ýaşynyň ulydygyna seredesi ýokla.
-Bilemok jora, maňa'ha şeý diýdi.
-Aý bolýalaý, özi bilýä. Hany gyzlar toý göreliňda. Želaýuşşi äre çykasy gelýän barmy?! Gyzlaram:
-Kime???
-Şu gezip ýören garaja krasawçikleň birine. My life, sen çykaý! Toýuňy görelle gitmäkak
- Senem öläýdiňle meni äre berjek bolup. Näme saňa agyrlygym ýetýämi gyz?! Ýürege düşdiň "äre çyk, äre çyk" diýip. Näme etseňem çykamok äre,indem aýtma şo sözüňi.
- Bolýala bihh... Ärsiz oturasyň ýok, çykarsyň bir murty gyşyga häli. Belki, sen çykaý bolmasa
- Goýsana daýy, men nähili oglanlary halaýandygmy öňräk tema edip açypdyma. Seň bu diýýänleň birem meň kriteriýama dogry gelenok.
- Onda dawaý Ýyldyzy satalyň.
- Ýokdeýt. Maňa är gerek däl
- Bu nahar bişirişiň bilen "gerek" diýeňde-de är alasy ýok seni. Özüňiz biliň. Menä siziň aladaňyzy edýän. Hemem garyndaşlyk açyp goýsak, soň gelenimizde-de gowy boljak. "Ýagyň içinde-de öýüň bolsun" diýleni. Kwadrat kelle-de ýaňkyny alyp oturywermelidi-da, olam gyzdan beter näz edýä. Bolýa, gijäňiz rahat bolsun onda
Şeýdip ýabanylar bilenem öwrenşip gitdik. Indi bular ýabany hem däldi. Wladyň tagallasy bilen birneme kulturnylaşypdylar. Aradan bir hepdä golaý wagt geçdi. Birdenem hälki bulara zat satýan marylylar geläýdi ada. Üýşüp baryp salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşyp özümiziň nädip bu ýerlere düşendigmizi gürrüň berdik. Bularyň mehanikleri bar eken. Gämä alyp bardyk. Derrewem näme bolandygny anyklady. Ýangyjy gutaran eken. Onsoň Pegas bilen Hiayres zýomlaryndan ýalbar-ýakar edip iki-üç esse bahasyndan satyn aldylar ýangyjy. Ýangyjy guýup bolamyzdan soň adadaky doslarmyz bilen hoşlaşyp agzalaryň hemmesinem gämä mündürip gaýtdyk yzymyza Amerika.
Гость.
SYÝAHATDAN SOŇ
Bilim,
Telwas
tarapyndan
11-09-2022, 07:52