Döwrebap dünýäde bagtly, üstünlikli, hemmäniň höwesi gelýän adam bolmaklygyň käbir syrlaryny siz bilen paýlaşmak isleýän. (Psihologyň maslahatlaryndan)
Kemçilikleriňiz barada pikirlenip gezmäň (olary düzetmäge urunmaly, ýöne olar sebäpli ruhy çökgünlige düşmek nädogry). Bu iň möhüm kanunlaryň biridir. Sizde bar bolan problemalar başgalarda ýokdur öýdýäňizmi?
Her hili ýagdaýda-da kaddyňyzy dik tutuň. Egildigiňiz saýy problemalaryň girdabynda galarsyňyz. Tersine etseňiz ähli zat öz çözgüdini tapar.
Depressiýa (ruhy çökgünlige) düşmek. Bu näme özi? Ýagny depressiýa hakda gürrüň gidende ,,Bu näme özi, men ol barada bilemogam" diýip başarmaly, has takygy oňa ýüz urmaly däl, onuň nämedigini (ylmy taýdan däl-de durmuş taýdan) bilmän geçiň.
Bu siziň iň möhüm şygaryňyz bolsun (elbetde kadalardan, kanunlardan çykmazdan): Her günden lezzet alyp ýaşamak!
Diňlemäni öwreniň. Öz pikiriňizi başgalara ýöretjek bolmaň. Şeýle bir diňleýji boluň hat-da daş-töweregiňizdäkileriň özleri siz tarapa hereket etsin.
Öz hoşboýlygyňyzy tapyň. Öz tagamyňyza laýyk gelýän atyrdan peýdalanyň.
Biriniň nusgasyna öwrülmäň. Öz boluşyňyza eýe boluň. Kimdir biriniň geýinişine, özüni alyp baryşyna we ş.m höwes edip bilersiňiz. Emma onuň özüne öwrülmäň, oňa meňzejek bolmaň.
Ýanyňyzda süýjilik alyp geziň. Näme üçin diýýäňizmi? Käwagtlar diliňizi süýjetmeli bolar. Şonda peýdalanarsyňyz. Bu diplomatiýa usullaryndan biridir.
Ädimiňizi pikirlenip basyň. Esgerçe ýöremek size gelişmez. Özüňize mynasyp ýöremekligi öwreniň. ,,Ol nädip başarýarka?" diýip höwes etsinler.
Telefonda gürleşýän wagtyňyz gaty ses bilen gürleşmäň. Töweregiňizde hiç kim ýok bolsa-da ätiýaçlygyňyzy elden bermäň. Bir wakany eşitseňiz duýgularyňyzy (meselem, göz ýaşlaryňyzy) görkezmäň (hiç kim gynanyp durmaz göz ýaşlaryňyza).
Siz aktýor ýa aktrisadyrsyňyz! Kinoda bolmasa-da durmuşda şeýle. Aktýor we aktrisalaryň wezipesi rolyny mynasyp ýerine ýetirmekdir, aýny siziňki ýaly. Töweregiňizdäkiler bolsa tomaşaçylardyr. Olar sizi roly oýnaýşyňyza (özüňizi alyp baryşyňyza) görä gowy görüp ýa halaman bilerler.
Akyllylyk etmäň. Onda-da jübtüňize (ýanýoldaşyňyza). Käwagtlar bilmediksiräp, ,,Siziňki dogry, men bilemok" diýip oňa ýan basmak peýdalydyr . Şonda ol özüniň hormatlanandygyny biler we size hem hormat bilen jogap berer. Hat-da indiki sapar ol siziňkini makullap size ýan basar (eger tersine edilip, kejeleşge ýüz urulsa, ol hem edil şeýle jogap berer). Sylaşyk iki taraplaýyndyr.
Lebiňizden ýylgyryş aýrylmasyn. Islendik ýagdaýda gülüp durmany öwreniň. Şonda size bolan hormat, söýgi, mähir barha artar.
Özüňiz hakda azrak gürläň. Adamlary gyzyklandyrýan söhbetdeş bolmak üçin biraz syrly bolmak peýdalydyr.
Döwrebap durmuşa mynasyp, kämil adam bolmak üçin käbir maslahatlar.
Bilim,
Mylayymzada
tarapyndan
19-09-2022, 11:06