6. Bir gün agşam ukuda ýatyrdym. Ýatan wagtym üsdüme çalaja şemal gelenýaly boldy. Men gözlerimi açdym. Emma üsdümde, howada maňa degmän uçýanýaly ýene men bardym. Bu aýnadäl, bu men. Ýöne men iki sany. Men öz-özümden nämçündir gorkmadym. Geňlik bilen synladym. Ol ikinji men, meniň hereketlerimi edip howada uçup durşuna olam meni synlady. Soňra bolsa ýuwaşlyk bilen ol men maňa golaýlady içime girdi we gözlerimden ýitdi. Men bu waka düşünmän köp ýerden gyzyklanyp gördüm we adam, bedenini taşlap ruh bolup aýlanyp bilýänini bildim. Şol görenim meniň ruhumdur, ýatan bolsa bedenimdi. Megerem şol sebäplidir öz-özümden gorkmanlygym.
7. Türkmen halkynyň arasynda tire-taýpalar barada bilýänler az bolsa gerek. Emma şondada bilýänler bar. Özüm hem tire-taýpadan çala başym çykýar. Şeýlelikde türkmenleriň arasynda "Bürgütler" tiresinden adamlar hem ýaşaýar. Beýle tireden bolan adamlar öz tireleriniň adyny bukup gezýärler ýada aýdanoklar. Sebäbi ol adamlaryň "Gözleri degýär". Howwa howwa, eger olar "Bäh ol maşynyň gowydygyny, bäh bu apparadyň betdigini, bäýbä gowyzat eken" diýenýaly sözler aýtsalar, onda şol maşyn, şol apparat ýa-da şol aýdanzatlary HÖKMAN döwülýär. Şol sebäpli 50-nji ýyllarda türkmenler bu tiräni ýigrenipdirler, şol sebäpli "Bürgütler" bukulup gezýäler. Bu erbet gylygy bu tire erbet niýetler üçin hem ulanýalar, emma hemmezadyň tölegi bar. Olaryň edeni soň özlerine 2 esse bolup dolanyp gelýär.
8. Dostlarymyz bilen deňize dynç almaga gitdik, üç oglan bäş gyz. Agşam sagat bire çenli gitarada aýdym, tans, hezillik. Birden soň ýatmaga gitdik. Deňziň gyrasynda. Herkim öz palatkajygynda. Agşam men ukyň arasynda, bir dost oglanyň oýanyp deňize tarap ýöräp başlanyny gördüm, sagada seretdim üç bolupdur. Oň yzyndan ýene bir oglan, soň ýene biri oýanyp ýöremäge başladylar. Üç oglan bolup zombilerýaly hereket edip ýuwaşlyk bilen deňize ýörediler. Men başga gyzlary hem oýaryp ol oglanlary saklajak bolup gygyrdym, ýok oglanlar şol ýöreýşlerine suwa golaýladylar. Men "Ukuda gezýänleri" ýatlap, gyzlar bolup, ýöräp barýan oglanlaryň ellerinden saklap çekmäge başladyk. Bir joramyz wägirip gorkdy we gaçdy. Galan dört gyz bolup bu üç oglany saklajak bolýas. Bular güýçli sakladanoklar. Ahyry oglanlary ukudan oýarmak üçin urup başladyk. Olar oýananýaly bolup "Oň sesini eşitdiňmi, onuň sesi Hudaýyň sesi ýaly owadan" diýişip bir birlerine aýtdylar. Emma biz, diňe gyzlar hiç-hili ses eşitmedik. Şol wagtyň özünde goşlarymyzy ýygnap biz hemmämiz ol ýerden daşlaşdyk. Hemme gowçuluk. Aýtmyşlaryna görä deňizde "Suwperileri=Русалки" ýaşaýarlar we olar owadan sesleri bilen oglanlary emrindirip gark edýärmişler. Gyzlara olaryň sesi täsir edenok eken.
9. Oksfodşir graflygyndaky Uiçwud tokaýlygy, köp ruhlaryň mesgeni hasaplanýar. Ol ruhlaryň arasynda 1560-njy ýylyň sentýabr aýynyň 8-ne Uiçwud tokaýlygyna gezelenje çykyp atdan ýykylyp ölen we rowaýata öwrülen Grafiniýa Lesteriň hem ruhy bar diýilip aýdylýar. Bir näçe wagt geçeninden soň şol tokaýlykda Graf öz Grafiniýasyna duşýar we Grafiniýa ärine "Biz 10 günden duşuşars" diýip aýdýar. Graf aýdylan güni ýogalýar we şol tokaýda Grafinýanyň ruhuna duşan adamada şeýle ömür garaşýar diýilip ynanylýar. Ine şu sebäpli hem adamlar eýýäm ýüzlerçe ýyllap şol tokaýyň daşyndan aýlanyp geçýärler.
10. Jynlary, ruhlary ýada perişdeleri çagyrmaň. Olar hakykatdanam gelip bilýärler.
+20 Psihiki taýdan peslere okamak gadagan #2
Sorag-jogap,
qwerty1
tarapyndan
2-10-2022, 07:30