"Aý borla-aý, wagt kän-ä entek, edesimem gelenoklaý şu wagt. Içimden hem bir ses etme diýen ýalak bolup dur. Göwnän wagtym edern. Şu wagta wagtymam ýok, ýöne wagtym bolanda Fitness Club-a ýazyljak, gije-gündiz diýmän türgenleşik muskullarymy güýçlendirjek. Şu çilimiňem iiň soňky paçkasy, şunam dyndygym taşlajak, söz! Şu wagt hiç hili höwesim ýok, sapaklarymam soň ederin-le, şu Uniwersitetimem tamamlaýyn, öz aladymy edip başlajak. Özümi kämilleşdirmek üçin kurslara ýazyljak, seminarlara gatnaşjak, kitaplar okajak. Bu gün oglanlar bilen otyraýyn, ertir ederin-laý işlerimi..."
Şeýle sözler hemmäňe tanyş bolan bolsa gerek. Kimi aldatýas? Özümizimi?
"Ýok! Höwesim bolanda ederin. Ýok! Taýyn bolsam edern. Ýok! Derrew höwesim gaçýa. Özümi motiwasiýa edip bilemok..." Bilýäňizmi näme, şularyň hemmesi biderek boş-boş gürrüňler. Ýaltalykdan başga hiiç zat däl. Edip biläýjek zatlarymyzy etmän, özümizi günäkärlemejek bolup, dürli bahanalar bilen göwünlik berip, öz-özüňizi aldaýaňyz. Käbirlerimiziň hyýalymyzda: "Bir gün-ä şu zada ýeterin!" ýa-da "Başararyn!" diýip arzuw edýäňiz. Ýöne şol "Bir gün" haçan? Ýa-da haýsy gün? Muny bilemizok. Şeýdibem durmuşymyzy dowam edýäris. Günler, aýlar, ýyllar bir-birini kowalaýar. Bir seredýäsem welin 1 ýyl-2 ýyl suw ýaly akyp geçip gidipdir. Biz bolsa şo-ol bir duran ýerimizde, şol bir ýagdaýymyzda, hiç zadymyz üýtgänok. Içiňizde kitap okaýanlar şu wagt haýsy kitap hakynda gürrüň etjegimi bilen bolsa gerek.. Howa, bu günki kitabymyz: Breýn Treýsiniň (Брайан Трейси - Нет оправданий! Сила самодисциплины) Bahana ýok! Öz-özüňi terbiýelemegiň güýji atly kitaby.
Uly höwesli motiwasiýa bilen bir zadyň üstünde işlemek üçin oňaýly şertleriň bolmagy has gowy. Käşgä bir zat edenimizde, öňümizde hiç bir zat böwet bolmasa, ýöne ýolda elmydama hemme yşyklaryň bir wagtda ýaşyl ýanmaýşy ýaly, durmuşda hem hiç bir üstünlige aňsatlyk bilen ýetip bolmaýar. Üns beren bolsaňyz bize peýda getirjek işleriň köpüsi iç gysgynç we kyn işlerdir. Içgysgynç işleri ertire goýup ýerine ýetirmek üçin höwesim we energiýam gelsin diýip garaşsak, diňe özümizi aldatdygymyz bolar. Sebäbi, uly ähtimallyk şol wagt gelmeýär we şol ýagdaýda dowam etsede biz hiç haçan maksadymyza ýetmeýäris. Üstesine ol işler beýnimizde agyr ýüke öwrülip, bizde stress ýagdaýy döretýär. Şoň üçinem bir işi näçe köp ertire goýsak, şol iş bize 10 esse agyr iş edýän ýaly bolup görüner we biziň üçin ezýet beriji bir zada öwrüler. Gysgaça aýdylanda, eger-de şu wagt etmeli bir işiňiz bar bolsa, ony ýa şu wagt etmeli ýa-da hiç haçan.
Şuny unutmaň, üstünlige ýetmek üçin zähmet çekmeli we energiýa sarp etmeli. Şol energiýa bize üstünlik bolup gaýdyp geler ýaly. Motiwasiýamyzy bozman, bir işi etmäge, öz-özümizi zorlamagymyza hem-de mejbur etmegimize öz disiplina ýagny, öz-özüňi terbiýelemek diýilýär. Öz disiplina – bir muskula meňzeýär. Oňa yzygiderli maşk etdirmek gerek. Näçe köp maşk etdirdigiňçe ol güýçler, bize başda agyr gelen işler öz-özünden ýeňilleşip başlar. Ýaltalyk etmän, zähmetsöýer, işeňňir adamlaryň esasy tapawutlanýan tarapy – öz disiplinasynyň beýleki adamlaryňkydan has güýçliligidir. Şeýle-de olary uzakly günüň dowamynda işläp has kämil derejä ýetirmelidir. Diýeli bir talyp: "Ýok! Şu wagt işim kän, okamaly zatlarym kän. Kino görmäne höwesim ýok. Käşgä sapaklarymy okap bir zat öwrensedim.." diýenini gördüňizmi? Ýa-da diýeli siz dostlaryňyz bilen bir kafeda otyrsyňyz, içiňizden biri: "Käşgä şu wagt işde bolup başlygyň tabşyran zatlaryny ýerine ýetirip, kompýuterde işläp hezil etsedim.." diýenini eşdiňizmi hiç? Başgalar telewizor görüp otyrka ýa-da biri oýun oýnap otyrka: "Menem şu ýazgyny taýynlap lezzet alýandyr" diýip pikir etmeýän bolsaňyz gerek. Şoň üçinem gaýrat ediň, "Meniň derrew höwesim gaçýar, motiwasiýam ýok.." diýip, manysyz bahanalar tapyp özüňizi dowla çykarjak bolup otyrmaň. Eger-de höwesiňiz ýok bolsa we derrew ýadaýan bolsaňyz – bu siziň öz günäňiz. Diýmek, öz disiplinaňyzy ýererlik derejede kämilleşdirmänsiňiz.
Öz disiplinaňy kämilleşdirmegiň ýeketäk ýoly – öňümizde bir maksat goýup, özümizi şoňa ýetmek üçin mejbur etmekdir. Meselem diýeli her gün ir turmak üçin 5x sapar her 2 minutda jyrlar ýaly budilnik goýmagyň ýerine, diňe 1x gezek gurup, jyrlan wagty hem, wagty eglemän derrew turjakdygymyza özümize söz berip bileris. 2-3 hepdeläp şuňa endik eden ýagdaýymyzda has kyn zatlary, meselem 1 aý içinde biziň has gowy görýän, ýöne öz saglygymyza zyýanly bolan haýsydyr bir süýji-köke önümlerden we naharlardan, uzak durmaklyga özümize mejbur edip bileris. Bu ýagdaýda her gezek irden turanymyzda, sowuk duş almak ýaly has kyn zatlary özümize mejbur etsek, öz disiplinamyz kämilleşip, bu usul bilen çilimden hem uzaklaşyp bileris. Öz disiplinamyzy bu şekilde kämilleşdirdikçe, biziň üçin iç gysgynç we kyn bolan işleri etmek, indi höwes we motiwasiýamyza bagly bolmajakdyr. Bu ýol bilen, işlerimize duýgularymyz bilen däl-de düşünjämiz bilen çemeleşdigimiz bolar. Işleri wagtynda başlap we wagtynda tamamlamagy öwreneris. Şeýlelik bilen gündelik meditassiýa etmäge, sport bilen meşgullanmaga, eger-de dindar biri bolsa günlük ybadatlary ýerine ýetirmäge böwet bolýan ýaltalyk duýgularymyzyň hem hötdesinden gelip bileris.
Öz disiplinamyzyň bize gazandyran ikinji tarapy bolsa, edýän işimiziň köplügi, täsirliligi, gowy netijeleri sebäpli, özümizi işeňňir biri hökmünde duýmagymyz, bize etjek bolýan işlerimizde – höwes we motiwasiýamyzy artdyrjakdyr. Ýaradylyş tarapdan adamzat özüniň gowy taraplaryny, garşy tarapdan başga adamlardan eşden ýagdaýynda – özüni bagtly duýýar. Haýsydyr bir häsiýet üçin adamlar tarapyndan hormat goýulan ýagdaýynda, şol abraýy goramak üçin elinden gelenini eder.
Özüňizi göz öňüňize getiriň, diýeli size haýsydyr bir köpçülik: "Berekella! Tüweleme sen işeňňir! Ýadamany bileňok! Saňa tabşyrylan işleri bir kemsiz we wagtynda ýerine ýetirýäň" diýendir. Bu nämä itergi berýär? Beýle öwgüli sözleri eşitmek, wagtyň geçmegi bilen siziň edýän işleriňizde, size uly höwes we motiwasiýa döreder. Şeýle hem, köpçüligiň ynamyny ödemek üçin has hem gowy bolmaga çalyşýarsyňyz. Bu hem size işiňizde ýokary derejelere ýetmäge itergi berer. Sebäbi indi öz işiňizi hem höwesli hem abraýyňyzy goramak üçin edersiňiz.
Öz disiplinaňyzy hasam güýçlendirmek we has gowy durmuş şertlerinde ýaşamak üçin pul ýygnamany öwreniň. Elbetde şu wagt käbirleriňiz, alýan ojagaz aýlygymy ýygnaýynmy ýa nämäme ýetireýin diýýän bolmagyňyzam mümkin. Pul ýygnamak üçin hökman köp aýlykly bolmaly diýilen zat ýok, ilki bilen girdeýjiňiziň 100/1%-ini gyra aýyryň. Soňa baka ony 100/10%-e çenli çykaryp bilersiňiz. Diýeli 2 000 manat aýlyk alýaňyz, bu hem maşgalaňyzyň bir aýlyk harajadyna ýetýär. Ýöne meselem, haýsydyr bir sebäp bilen siziň girdeýjiňiz 10% azalýar (2 000-200=1 800). Ýöne bu 10% siziň maşgalaňyza hiç hili kynçylyk döretmeýär we durmuşyňyz öňkisi ýaly dowam ediberýär. Şu mysal ýaly aýlygyňyz 2 000 manat bolup, her aýlykda şonuň 10%-ini ýok ýaly hasaplap gyra aýyrýaňyz. Kä birleriňiz "200 manat näme bolsun?" diýmegiňiz mümkin. Onda men size şeýle sorag bereýin. 0 ulumy ýa-da 200? Elbetde 200. Ýöne mysal üçin öňüňizdäki 5 ýylyň içinde, siziň girdeýjiňiz hiç hili üýtgemedik ýagdaýynda hem, 5 ýylyň soňunda siziň aňyryňyzda ýygnalan duran 12 000 manadyňyz bolýar. Bulam size has rahat duýmagyňyza sebäp bolýar we size täze bir zatlar etmek üçin motiwasiýa eder. Birinden karz soramasyz, ýüzüňiz saraltmasyz gyrada duran öz puluňyz bolar. Öz disiplina bilen gazanan köp zatlarymyz, wagtyň geçmegi bilen endige öwrüler we durmuşymyzy has hem aňsatlaşdyrar. Gysgaça aýdanymyzda, öz disiplinamyzy kämilleşdirmek bilen, wagtymyzy ýokary hilli ulanmak, özümizi we çagalarymyz üçin düýbünden başga gelejegi taýynlamaga sebäp bolup biler. Şuny unutmaň! Bu gün bizi biz eden – geçmişde beren kararlarymyzdyr. Bu günki berjek kararlarymyz bolsa – gelejekde biziň kim boljakdygymyzy kesgitlär!
Soňky abzasa degişli giňişleýin okap görmegiňizi maslahat berýän:
http://biz.islenen.ru/18833-meyilnama-maslahat-puluyzy-nahili-tygytlamaly-belki-de-peydasy-deger.html
Eger-de peýdasy degen bolsa, goldap (+) bassaňyz, siziň üçin azabymyň ýerine düşdügi bolar. Halamasaňyz (-).
Ýaltalyk we işiňi ertire goýmak endigini nädip ýok etmeli?
Bilim,
qwerty1
tarapyndan
5-10-2022, 06:45