#1
Palma Jumeýra (BAE). Adam eli bilen döredilen bu ýarym ada Dubaýda deňiz kenarynda ýerleşýär. Bu ada 2001-2006-njy ýyllar aralygynda deňziň gömülmegi bilen gurulýar. Adanyň umumy meýdany 31 inedördül kilometre deň bolup, onuň uzynlygy 5 kilometrdir. Täsin ada ýokardan seredilende palma agajyny ýatladýar. Şonuň üçin oňa suwdaky Palma adasy hem diýilýär. Bu ada materik bilen diňe 300 metrlik köpri arkaly birleşendir.

#2
Gurjaklar adasy (Meksika). Bu ada dünýäniň täsin adalarynyň biri bolup, bu ýerdäki agaçlaryň şahalary gurjaklardan doly. Adanyň ady Don Hulio tarapyndan dakylýar. Sebäbi, onuň özi bu ýerde ilkinji bolup, agaja gurjak asýar. Şondan bäri hem adadaky agaçlara gurjak asmak ýerli halk üçin däbe öwrülipdir. Soňlugy bilen bu ada jahankeşdeleriň iň köp barýan ýerleriniň birine öwrülýär. Bu ýere barýan jahankeşdeler hem agaçlary gurjak bilen bezeýärler.

#3
Santa Kruz (Kolumbiýa). Bu adanyň meýdany bary-ýogy 9 müň 700 inedördül metre barabardyr. Tebigy taýdan örän arassa bolan bu adada 1200 adam ýaşaýar. Bu bolsa dünýäde ilatyň gürlügi babatda meşhur ýerleriň biri bolan Nýu-Ýorkuň Manhetten etrabyndan iki esse köpdügini aňladýar. Ini 200 metre, uzynlygy 60 metre barabar bolan adada 90 jaý (köpüsi 2-3 gatly), 2 dükan, mekdep we restoran bar. Elektrik energiýasy Gün paneli bilen işleýän generator tarapyndan üpjün edilýär. Adanyň ýaşaýjylary beýleki adalarda işleýärler. Ýaşaýjylary şeýle bir agzybir welin jaýlarynyň gapylary hiç haçan gulplanmaýar.

#4
Diomida adalary (ABŞ we Russiýa Federasiýasy). Bering bogazyndaky Diomida adalary iki adadan ybarat bolup, Uly Diomida adasy Russiýa Federasiýasyna, Kiçi Diomida adasy bolsa ABŞ-nyň düzümine girýär. Adalaryň arasyndaky uzaklyk bary-ýogy 3,8 kilometre deň bolsa-da, olaryň arasynda 23 sagatlyk wagt tapawudy bar. Sebäbi iki adany sagat guşaklygynyň çyzygy bölüp aýyrýar. Ýagny bu ýeri günüň başlanýan ýeri hasaplanýar. Şonuň üçin hem olary «gije adasy» we «gündiz adasy» diýip hem atlandyrýarlar.

#5
Wulkan nokady (Filippinler). Bu adanyň täsin tarapy «adanyň içindäki ada» bolmagydyr. Filippinler günorta-gündogar Aziýada, Ýuwaş ummanynda jemi 7000-den gowrak adadan ybarat ýurtdur. Ýurduň demirgazygyndaky Luzon adasyndaky Batangas welaýatynda Taal atly köl bar. Kölüň ortasynda Taal adasy bar. Oňa Taal wulkany hem diýilýär. Onuň ortasynda bolsa, kiçiräk ýene bir köl bar. Bu kölüň ortasynda-da Wulkan nokady («Vulcan Point») atly adajyk bar. Hut şu aýratynlyk syýahatçylary özüne çekýär.

#6
Mawrikiý adasy (Afrika). Bu ada Afrikanyň Şaramel atly kiçijik obasynyň günorta-günbatarynda ýerleşýär. Bu adada çägelik meýdanda älemgoşaryň reňkleri ýaly 7 dürli öwüşgini görmek bolýar. Bu reňkler wulkanlaryň atylmagy netijesinde emele gelipdir. Dürli reňkde öwüsýän bu ýeriň topragynyň düzüminde demir hem-de alýumin metallary bar. Bu ýerde yzygiderli ýagýan tropiki ýagyşlar reňkleriň garyşmagyna ýa-da ýitip gitmegine asla täsir etmeýär.

#7
Sokotra adasy (Ýemen). Adanyň howasy yssy we şemally bolmagy bilen tapawutlanýar. Adada ak reňkli çäge alaňlary ýel sebäpli öz şekilini yzygiderli üýtgedip durýar. Ýagny bir depäniň bir hepdeden soňra ol ýerde bolmazlygy mümkin. Wulkan hereketleriniň netijesinde dörän daglaryň beýik gerişlerindäki ümür bolsa, bu ýeri ygal bilen üpjün edýär. Netijede, adada Aziýanyń iň baý florasy emele gelipdir. Bu yerdäki süýrenijileriň 90 göterimi endemik, ýagny diňe şu adada gabat gelýär. Şeýle hem adada dünýäniň başga ýerlerinde duş gelmeýän 300 töweregi ösümlik bar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, qwerty1 tarapyndan 11-11-2022, 22:22

  • Remezan Remezan off № 1 12 ноября 2022 01:12
    ❤️❤️❤️?
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 2 12 ноября 2022 01:13
    Tygşytly görnüşe geçenim üçin men like goýup bilemok, çykyp bilemok, post goýup bilemok.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler