Ozonosfera ýa-da ozon gatlagy, stratosferanyň ýokarky böleginde goraýjy gatlak bolup, Günüň zyýanly şöhleleriniň ýere ýetmeginiň öňüni alýar. Bu gatlagyň zaýalanmazlygy örän möhümdir, sebäbi Günden gelýän «UV-B» we «UV-C» şöhleleri, bu gatlak tarapyndan petiklenýär. Şeýle-de bolsa, Dünýä ýüzünden çykýan himiki gazlar sebäpli ozon gatlagy yzygiderli ýukalýar.

Birleşen Milletler Guramasy ozon gatlagyny goramak boýunça alnyp barylýan işleriň netije berýändigini we kadaly ýagdaýa geljek birnäçe ýyllaryň içinde mümkin boljakdygyny habar berdi. Şu nukdaýnazardan, 1987-nji ýylda ozon gatlagyna zeper ýetirýän himiki serişdeleri ulanmagy bes etmek baradaky şertnama üstünlik gazandy.

Bar bolan syýasatlar dowam etdirilen halatynda gatlak, 2066-njy ýylda Antarktidanyň üstünden, 2045-nji ýylda Demirgazyk polýusyň üstünden we 20 ýyldan soň başga ýerlere 1980-nji ýyldaky ýagdaýyna gaýdyp geler diýlip garaşylýar.

Belläp geçsek, günüň ultramelewşe şöhleleriniň köpüsini özüne siňdirýän ozon gatlagy 1970-nji ýyllarda inçelip başlady. Ultramelewşe şöhleleri bolsa DNK-a zeper ýetirip, deriniň ölüm howply düwnük keselini ýüze çykarýar.

Rozygeldi ALLABERDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluş

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Miss_minnosh tarapyndan 22-01-2023, 18:25

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler