Jynlaryň we arwahlaryň hem öz taryhy bar, olar hem edil adamzat ýaly taýpa. Ýöne Jynlar adamlardan öň ýaradyldy, şol sebäpden Jynlaryň we arwahlaryň taryhy, adamzadyň taryhyndan has baý bolmaly? Edil adamzadyň taryhynda pese düşüşligiň we arşa galyşlygyň bolşy ýaly, Jynlaryň taryhynda hem şeýle pursatlar bar. Mysal üçin aýdaly adamzadyň taryhynda pese düşüşlik yzly yzlyna gelen iki sany jahan urşy we ýer ýüzünde monarhyýaň ýok edilmegi. Jynlar öz dünýäsinde pese düşüşligi başgaça görýärler, Jynlar üçin olaryň taryhynda iň aýylganç pursat, Suleýman Pygamberiň şalyk süren döwri. Beýik Ýaradyjy Jynlary we arwahlary Süleýman Pygambere boýun egdirdi, Jynlar bolsa özini adamdan beýik görýärler we Süleýmana hiç wagy beýle zadyň bolanyny bagyşlap bilenoklar. Şol sebäpden Süleýman Pygamber barada ähli informasyýa bir ýerlere zymzyýat bolan ýalydyr? Jynlaryň özi ol döwürleri düýbinden başgaç gürrüň berýärler. Jynlaryň aýdyşyna görä, Süleýman olary aldapdyr, we aldaw bilen olary özüne boýun egdiripdir. Bu ýerde Allahyň hiç hili dahylly ýeri ýok. Jynlaryň köpsüniň pikirine görä Hudaý ýok. Diýmek Hudaý Suleýmana hiç hili hökmürowanlyk bermändir, ýene bir gezek gaýtalaýan, bu diňe Jynlaryň pikiri.

Köne döwürler, geçmişde Suleýman diýen örän zähinli bir oglan ýaşapdyr. Ol oglan ähli ylymlardan başy çykypdyr we örän adalatly bolupdyr, jynlaryň özi ol oglana buýsanýan ekenler. Sebäbi Suleýman jynlaryň dünýäsinden hem habarly bolupdyr. Günleriň bir güni, Süleýman, jynlara adam bedenini ýasap bermäge teklip edipdir. Jynlarda beden ýok, ýöne jynlar edil adamlar ýaly, adamlaryň arasynda aýlanyp göresleri gelipdir. Süleýmanyň teklibi Jynlara örän ýarapdyr.

—Sen bize bedeni nämede ýasajak Süleýman? —Diýip Jynlaryň baştutany sorapdyr.

—Demirden ýasajak, —diýip Süleýman jogap beripdir.

Jynlara bu pikir ýarapdyr, sebäbi jynlaryň demir beden barada öz meýilnamalary bardy. Jynlaryň köpüsi adamlary ýigrenýärler we adamlara zyýan edesleri gelýärler, emma olarda beden bolmansoň adamlara degerli zyýan ýetirip bilenoklar. Indem Süleýman atly bir oglanjyk olaryň esasy muşşakatyny çözüp berjek diýýär, olara demirden beden ýasap berjek diýýär. Her bir jyn öz bedenini erkin dolandyrar ýaly. Onsoň şeýle beden bilen tutuş adamzady arkaýyn boýun egdirip boljak, Jynlar bu dünýede öz hakykatdan hem eýelemeli ýerini eýelejek? Süleýmanyň teklibi Jynlaryň başyny aýlapdyr, we olar Süleýmanyň hakyky islegini görüp bilmändirler, oňa şöhratparaz adaty oglanjykdyr öýdüpdirler. Taryhda ilkinji gezek, Jynlary adamlaryň dünýäsine güýberjek oglanjyk. Süleýman ilkinji Jyn üçin demir bedeni näçe günläp ýasany belli däl, belkem oňa köp wagt gerek bolan hem däldir? Elbetde Süleýman milionlap jynlara beden ýasap ýermedi, ol diňe Jynlaryň 72 sany hökümdaryna beden ýasady. Olar bolsa Süleýmanyň ýasan demir bedenini hezil edip ýerleşdiler. Belkem ilki başda Jynlar demir bedende oýanyp, aýnaň öňünde eýläk beýläk ýöräp, özlerini synlandyrlar? Süleýmany eden işine adaty adamlar daşyndan näme pikir edenlerini çaklasaň bolýar. Adamlaryň göwnüne Süleýman örän akylly demir adam ýasan ýaly bolup görnendir. Edil biziň döwürmizdäki robotlar ýaly, emma demir bedeniň içinde, ony dolandyrýan Jynyň bardygyny Süleýmandan başga hiç kim bilenokdy. Süleýmanyň döwürinde robotlary ýasap bolýandygy, resmi taryh bilen deň gelenok, ýöne men bu zatlaryň baryny, görgüli Jynlardan eşitdim, şol sebäpden meň taryh bilen işim ýok. Belki Süleýman Pygamberiň döwründe ylym has ösen bolandyr? Garaz Jynlary Süleýman aldady we olary demir bedene gaplady. Jynlar öz demir bedeninden hiç ýerik çykyp bilmeýändiklerine göz ýetirdiler. Galybersede olaryň bedeni Süleýmana boýun egýän bolup çykdy. Olar Süleýmana näçe zyýan ýetirjek boldular, emma başa barmady. Süleýman öz andamynda bir ýerde bir zady gizleýärdi, şol zat Süleýmanyň ýanynda mahaly, oňa zyýan ýetirip bolanokdy, oň tersine, oň buýruklaryny ýerine ýetirmeli bolýardy. Ol zadyň ýörüte ýasalan ýüzükdigini Jynlat çaklaýardylar. Şol ýüzük kimiň brmagynda bolsa, şoňa demir debenler hökman boýun egýärdiler. Şeýdip 72 sany Jynlaryň hökümdary, Süleýmanyň eline , gulluga düşdiler. Olar bolsa adamlary gula öwürjekdiler. Bolan zatlar Jynlar üçin lu wagt hem örän utançly. Gaýdyp hiç haçan, Jynlar hiç bir demir bedene girmezler. Emma Süleýmanyň eden açyşyndan soň, Jynlary bedene gabamak hem gerekdäl. Jynlaryň özi nä-alaç demir bedene girer ýaly edip bolýar, elbetde bu syry Süleýmandan başga bilýän adam ýok bolsa gerek? Biziň döwrümizde adamzady basyp aljak bolýan robotlar barada çeper filimleri kim gördi? Şol filimleriň manysyna görä, adamzadyň döreden akylly robotlarynda, aň düşünje peýda bolýar we şeýle robot adamzatdan dynmak isleýär. Eýsem demirde nireden öz özinden aň düşünje peýda bolsyn? Bu kinolaryň barsy, köne döwür bolup geçen waka barada kakdyrma, ýöne geçmiş bilen deňeşdireňde, kinolar dünýäsinde Jynlaryň bar işi ugryna bolýar. Olary demir beden bilen hiç kim aldanok. A Süleýman olary aldady we özine gulluk etmegi mežbur etdi. Jynlaryň aýdyşyna görä, olar ýüzügiň patyşasyna gulluk etmeli boldylar, jyn görgüller Süleýman elindeki ýüzük bilen olary dolandyrýandyr diýip pikir etdiler? Sebäbi Süleýmanyň ýanynda hökman bir tehnini enjam bolaýmalydy.

Jynlar Süleýmana, tä ol dünýeden gaýdynça gulluk etmeli boldylar. Süleýman Pygamber Jynlary ähli ýerde ulandy. Iň erbet ýeri Süleýman jynlaryň kömegi bilen ýer ýüzünde musulmançylygy ýaýratdy. Ýer ýüzüniň hiç bir goşuny, Süleýmanyň demirden goşunyny öňünde durup bilmedi. Jynlar söweşdede peýdaly bolup çykdylar. Şu wagt biziň döwürimizde, alymlar Süleýmanyň eden işini gaýtalamaga synanşýarlar, Jynlara beden ýasap berjek bolýarlar, ýöne olara başa baranok, sebäbi olarda Süleýmanda bolşy ýaly Allahdan goldaw ýok. Ýokarda okan zatlaryňyzyň barsy ýöne bir fantastiki çaklama we hakykat bolmaga dalaşgärlik edenok.

© Rahman Zulfikarow

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Khanture tarapyndan 25-01-2023, 01:52

  • Ependi Ependi off № 1 25 января 2023 10:35
    Biderek zatlar. Ýazyjy entegem çagalykdan saýlanmadyk bolsa gerek. Kime geregaý bu ertekiler. Rowaýat gürrüň berýän ýaly.
    Jogap
  • Nury Sakçy Nury Sakçy off № 2 25 января 2023 19:19
    ...Ýöne bir fantastiki çaklama we hakykat bolmaga dalaşgärlik etmeýän bu maglumatlar nireden eşidilip, nireden alyndyka? Ýa awtoryň öz fantaziýasynyň kömegi bilen ýazylan zatdyr-a öýdemok?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 3 25 января 2023 19:20
    Nury Sakçy,
    Komplimasiya teoriýalary
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler