Bu multiserial häzirki wagta çenli 39 dile terjime edilipdir. You Tube-da iň köp görlen, ähli çagalaryň söýgüli multifilmleriniň birine öwrülen «Maşa we aýy» atly multiserialynyň döreýiş taryhy örän täsin.Onuň You Tube-daky görlen sany takmynan 100 millarddan hem geçipdir. Ähli zat 1996-njy ýyldan başlanýar. Rus animatory Oleg Kuzowkow «Maşa we aýy» atly multiserialyny döretmegi teklip edýär. Ol iki keşbi göz öňünde tutup, ýagny birinji keşbi edil ulular ýaly pikir garaýyşlara eýe bolan gyzjagazy, ikinji keşp hökmünde bolsa aýyny saýlapdyr. Multiserialyň 2009-njy ýylda çykan bölümleri örän tiz wagtda çagalar auditoriýasy tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Häzirki wagtda hem çagalardyr ulular tarapyndan söýlüp görülýän bu multiserial diňe bir Russiýada däl, eýsem, Beýik Britaniýada, Germaniýada, Fransiýada, Italiýada, Ispaniýada, Kanadada we Latyn Amerikasy ýurtlary bilen bir hatarda dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem uly meşhurlyga eýedir. Bu multiserialyň «Ýylyň iň gowy anime-seriallarynyň» sanawynda bardygyny hem aýtsak bolar.
File engine/modules/thanks.php not found.«Maşa we aýy» multiserialy nädip meşhurlyk gazandy?
Bilim,
PROLIGA
tarapyndan
26-01-2023, 18:47