Pikir edip gördüňizmi?! Siziň ýaşaýan durmuşyňyz, iň gowusy, iň owadanydygy barada. Şu ykbaly dünýäde, gör, näçe adamyň arzuw edýändigini bilýäňizmi? Biz iň owadan durmuşda, arzuwlaryň wysal bolan dünýäsinde ýaşaýarys. Meselem:

Ýanýoldaşyňy her gün, islän wagtyňda görüp bilýänsiň, bu ähli öýlenmedikleriň arzuwy.

Belki, gaty bezzat çagaňyz bardyr, bu bolsa ähli çaga dyrnagyna-da zar bolýan perzentsizleriň arzuwy.

Daşky ýa-da içki bezeglerinden, goşlaryndan, kiçiliginden nalaýan öýüň bardyr, o bolsa bütün öýsüzleriň arzuwy.

Her güni ir turýandygyň üçin nägile bolup, aýaklaryň zordan ätleýän işiň bardyr, ol ähli işsizleriň, iş tapyp bilmeýänleriň arzuwy.

Kanagatlanmaýan birazajyk puluň bardyr, ol ähli bergilileriň düýşi. Olar bergilerini berip bilselerdi, seň eliňdäki puluň özlerine degişlidigine-de begenerdiler.

Gadry bilinmeýän bolsa-da, gyzyldan gymmatly saglygyň bardyr, ol bolsa ertire çykjagy alada bolan ähli hassalaryň hyýalydyr.

Indem gowuja pikirlen! Durmuşyňdan nägile bolma! Seniň dünýädaki iň bagtly adamdygyňa şübhe bolmaz!

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, PROLIGA tarapyndan 28-01-2023, 20:25

  • ýüreksözi ýüreksözi off № 2 29 января 2023 00:23
    Sukur etmegi owrenmeli esasy adam Hudaya sukur diymegi owrenmeli
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler