Essalowmaleýkim!
İsleneniň biri-birinden akylly, mähriban,gadyrdan,"şahyr" agzalary!))
Bu gün size Durdy aganyň durmuşy hakynda gürrüň bermekçi. Ol şuwagt 64 ýaşynda. İki ogly bar. (Ogullaram bolsa 25-30 ýaşlaryndadyr)
Mundan ençeme ýyllar öň entek çagalarynyň biri bäş,biri üç ýaşly wagtynda,Durdy aganyň aýaly ýogalýa. Şolwagtlar gurluşykda işleýän Durdy aga, iki çagasyny hiç kime,hatda doganlaryna-da ynanman,işleýän ýerine getirip,hem işläp hem çagalarynyň göwnüni tapyp, hiç kimden kem etmezlik üçin gara der döküp işläp,ösdürip ýetişdirýä. Çagalar biraz ulalansoň,olara terbiýe bermegi üçin Güljemal diyen gelne öýlenýär. Garaz,Durdy aganyň ogullary ullakan adam bolup ýetişýär. Her oglunyň öz öý-ojagy bolýar.
Durdy aga bilen Güljemal daýza hem kiçi oglunyňkyda ýaşaýarlar. Kiçi oglunyň gelni Güljemal daýza bilen oňuşmansoň,garrylar gidip Durdy aganyň uly oglunyňkyda ýaşamaga başlaýarlar. Bu ýerde hem kän gowy seredilmänsoň,ýene öňki ýerine gaýdyp gelýärler. Durdy aga ýaramaz kesele ýolugyp, eli-aýagy titräp,zo-ordan ýöreýän bolup galýa. Şondan soň öýde aýdany aýdan, diyeni diýen bolup oturan Güljemal daýza hem "İndi öler,gerek däl" diyip Durdy agany taşlap gidýä.
Kiçi gelniň bolsa şo-ol gün-günden sesini gataldyp,Durdy aga gygyryp ýörşi. Ogullaram heleýguly...
Gaty duýguçyl adam. Diňe aglaýa.
Garaz, iki oglam kakasyna gowy seredenok. Şeydibem Durdy aga şu günki günde,aýal doganynyň öyünde ýaşap ýör.
Gelejekde bir gün, şeýle kynçylyk bilen ösdürip ýetişdiren çagalaryňyz,sizi Durdy aganyň gününe düşürse näderdiňiz? Ýa-da söýüp-köýüp,ýanyp-bişip öýlenen gyzyňyz şeýdip kyn günüňizde taşlap gitse? İndi şul adam näme etmeli? Şul adam durmuşynda nirede ýalňyş goýberipdir?
Teswirlere garaşýan. ?
Onuň durmuşy #1
Sorag-jogap,
Ejegyz
tarapyndan
10-02-2023, 14:45