Çendenaşa bolanda iň gowy zat hem erbet bolýar.
Demokrit

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 22-02-2023, 01:00

  • Telwas Telwas off № 1 22 февраля 2023 01:01
    Ol ýazyjynyň batyrdygyny! Hiç zat ýazman nokat goýaýdy.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 2 22 февраля 2023 01:01
    Sokrat gidip barýarka bir aýal özüni daragtdan asan ekeni. Sokrat ony görüp: — Hemme agaçlar şular ýaly miwe getiräýse bolmaýarmy – diýipdir.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 3 22 февраля 2023 01:02
    Ýaşaýyş adamlaryň gaty köp wagtyny alýar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 22 февраля 2023 01:03
    Ylym bilen diniň arasynda çaknyşyk bar bolsa diýmek ylmam dinem ýasamadyr.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 5 22 февраля 2023 01:04
    Men nämüçin gysga ýazýan? Sebäbi söz ýetenok.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 6 22 февраля 2023 01:04
    Kim bilen ýatýanyňy aýt, nähili düýş görýäniňi aýdaýyn.
    Jogap
  • setdars setdars off № 7 22 февраля 2023 01:05
    3 adam syr saklap biler, elbetde 2-si ölse.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 8 22 февраля 2023 01:05
    Parasatsyz häkim şu günki ejiz raýatyny nähak kemsitmek bilen öz ertirine güýçli garşydaş taýynlaýar.
    Atajan Tagan
    Jogap
  • setdars setdars off № 9 22 февраля 2023 01:05
    Duşmanlaryňyzy gowy görüň, çünki olar siziň ýalňyşlyklaryňyzy aýdarlar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 10 22 февраля 2023 01:05
    Agzy ýelmengi bolsa, boş bukja-da syrly görünýär.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 11 22 февраля 2023 01:06
    Kä wagt kitap okaň, käbir kitaplar ýörite şonuň üçin ýazylan.
    Jogap
  • setdars setdars off № 12 22 февраля 2023 01:06
    Tükenmek kanundyr. Ýaşamak kanuna garşy gelmekdir.
    Jogap
  • setdars setdars off № 13 22 февраля 2023 01:07
    Bütin kosmos boýunça ýaşaýyş diňe Dünýäde bar bolsa onda bir topar ýer isrip (biderek) boldugy bolardy.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 14 22 февраля 2023 01:07
    Pikiriňi aýdyp bilmeýän bolsaň, diýmek gulsuň.
    Ýewripid
    Jogap
  • setdars setdars off № 15 22 февраля 2023 01:08
    Pikir diýilen zatdan gaçmak üçin adam oglunyň tapmajak bahanasy ýokdur.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 16 22 февраля 2023 01:08
    Sözüň gymmatyna sarpa goý. Olaryň islendigi seniň iň ahyrky sözüň bolaýmagy ahmal
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 17 22 февраля 2023 01:08
    Bulut ulam welin, kölegesi kiçi-le? Geň galaýmaly!
    Jogap
  • setdars setdars off № 18 22 февраля 2023 01:09
    Göresi gelmeýän adamdan beter kör ýokdur.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 19 22 февраля 2023 01:09
    Hatda dowzaha girmek üçinem öňünden alada etmeli.
    Atajan Tagan
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 20 22 февраля 2023 01:10
    Hemmämiziň çagalygymyzda goýup gaýdan zadymyz — bahymrak ulalmak hakdaky arzuwlarymyzdyr.
    A.Ç.Bathyz
    Jogap
  • setdars setdars off № 21 22 февраля 2023 01:10
    Dünýäde çäkli mukdarda göwün, çäksiz mukdarda hem göwre bar. Haçan-da, bir ýeriň agyrýarka dymmaly. Ýogsam-bolmasa hut şol ýeriňe urarlar. Eger-de arkaňdan “” diýip gygyrýan bolsalar, munuň olara seretmelidigiňi aňlatmaýar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 22 22 февраля 2023 01:10
    setdars,
    Ömrüň bolsun!
    Jogap
  • setdars setdars off № 23 22 февраля 2023 01:11
    Ýüzüň kim bilen gülýän bolsa, ýüregiň şoňa degişlidir.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 24 22 февраля 2023 01:11
    Çuňlaşmagy başarmaýan ýazyjy hemişe ýüzde gaýýar.
    Jogap
  • setdars setdars off № 25 22 февраля 2023 01:11
    Sen baky ýaşajak ýaly öwren, edil ertir öljek ýaly hem ýaşa.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 26 22 февраля 2023 01:11
    Ýere atan bir dänäň müň bir bolup gaýdyp gelýär. O dünýäniň barlygam bir gowy zat: ýogsam bu toprakda gömülen ölüleriňem gögerip çykjagy hakdy.
    Nobatguly Rejebow, «Magtymguly» romany
    Jogap
  • setdars setdars off № 27 22 февраля 2023 01:12
    Adam eden işine aşyk bolmalydyr ýada mätäç
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 28 22 февраля 2023 01:12
    Bu ýazaryň başaran zady azdyr öýdýäňizmi? Ol ýetilen umumy derejäni peseltdi
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 29 22 февраля 2023 01:13
    Belki aglaýanyň däl, duýgusyny gizleýäniň söýgüsi güýçlidir.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 30 22 февраля 2023 01:14
    Iň bolmanda, ylym biziň başga bir mahlukdygymyzy subut edýänçä, adamlygymyza galjak bolalyň!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler