Kompýuter (computer) iňlis sözi bolup, ol hasaplamak, maglumatlary gaýtadan ișlemek üçin döredilen tehniki serișdedir. Häzirki wagtda dünýäde ýüzlerçe million șahsy kompýuterler gündelik durmușda ulanylýar.
Șahsy kompýuterler
Șahsy kompýuterler esasy şu böleklerden ybarat: ulgamlaýyn blok, monitor (displeý), klawiatura, syçan.
Șahsy kompýuterler ișleýiș tizlikleri, operatiw ýatlary we içki ýadynyň sygymy bilen tapawutlanýarlar. Ondan bașga-da șahsy kompýuterler bir-birinden mikroprosessoryň görnüși bilen hem tapawutlanýarlar.
Kompýuteriň ýüregi bolup, onuň ulgamlaýyn bogy hyzmat edýär. Ulgamlaýyn blok we monitor tok çeșmesine (220W) birikdirilýär.
Ulgamlaýyn blok enelik platany, mikroprosessory, operatiw ýady, elektron shemalary, çeýe we gaty magnit diskler görnüșindäki toplaýjylary, tok geçirijileri özünde saklaýar.
Enelik plata (iňl. Motherboard, rus. Материнская плата) – bu kompýuterdäki esasy elektron desgadyr. Ol șahsy kompýuteriň ähli elektron böleklerini baglanyșdyryp, șolaryň arasyndaky maglumat çalșygyny üpjün edýär. Kompýuterdäki bar zatlaryň hemmesi enelik plata birikdirilýär. Enelik platany häsiýetlendirýän esasy bölekleriň biri çipset diýlip atlandyrylýan mikroshemadyr. Ulanylýan çipsetiň görnüși boýunça enelik platanyň nähili enjam bilen ișläp bilýändigini anyklap bolýar. Enelik platada diňe esasy ýerine ýetiriji bölekler ýerleșdirilýär we galan bölekler aýratyn gurlușlarda bejerilip, enelik platada ýörite gurnalan birleșdirilýän höwürtgä dakylýar. Enelik platada, adatça, mikroprosessor, operatiw huș, dürli șinalar, alyșberșe jogap berýän mikroshemalar, giňeltme höwürtgeleri we portlar ýerleșdirilýär.
Mikroprosessor – bu ýöriteleșdirilen ýarym geçiriji kristalda ornașdyrylan tranzistorlardan ybaratdyr. Kristal kontaktly keramiki gaba ýerleșdirilýär. Mikroprosessor kompýuteriň merkezi hasaplaýyș we dolandyryș elementi bolup durýar. Kompýuterde bar bolan hemme enjamlar mikroprosessora tabyn bolup, onuň buýruklarynyň esasynda ișleýärler. Mikroprosessoryň çalt hereketlik ukyby onuň içki enjamlarynyň düzümine, razrýadlygyna we șeýle hem takt ýygylygyna baglydyr. Onuň razrýadlygy we takt ýygylygy näçe uly bolsa, șonça-da kompýuter çalt ișleýär.
Razrýadlylyk – bu mikroprosessoryň kabul edip bilýän bitleriniň sanydyr. Adatça, razrýadlylyk 8-e, 16-a, 32-ä, 64-e deňdir. Pentium-4 diýlip atlandyrylýan prosessory 32 razrýadlydyr. Așakda Intel kompaniýasynyň prosessorlarynyň sanawyny we döredilen ýyllaryny getireliň:
Pentium (1993), Pentium Pro (1995), Pentium MMX (1997), Pentium II(1997), Pentium II Xeon (1998), Celeron (Pentium II prosessoryň ýeňilleșdirilen görnüși, 1998), Pentium III (1999), Pentium IV (2000).
Häzirki wagtda bu kompaniýa iki ýadroly Core 2 atly prosessorlary we 4 ýadroly Quad Core atly prosessorlary çykarýar. Şeýle hem i3, i5, i7 prosessorlary hem çykarylyp başlandy.
Șahsy kompýuterleriň esasy häsiýetlendirijisi bolup, onuň iș öndürijiligi we berlenleri saklamak üçin hușunyň möçberi hyzmat edýär. Kompýuterlerde maglumatlar öýjüklerde saklanylýar. Her öýjük birnäçe razrýaddan durýar. Bir razrýada 1 bit diýilýär. Ölçeg birlikleriniň baglanyșygy așakdaky ýalydyr:
1 baýt = 8 bit, 1 kilobaýt(kb) = 1024 baýt, 1 megabaýt (mb) = 1024kb, 1 gigabaýt (gb) = 1024 mb, 1 terabaýt (tb) = 1024 gb.
Monitor – bu malumaty suratlandyrmak enjamydyr. Häzirki wagtda reňkli monitorlar giňden ýaýrandyr. Ol șahsy kompýuteriň ișiniň netijesini tekst, san ýa-da grafiki șekil görnüșinde ulanyja görmeklige mümkinçilik berýär. Monitorlaryň ekranlarynyň diagonalynyň uzynlygy 9, 14, 15, 17, 19, 20, 21, 28 we 32 dýuým bolup bilýär. 1 dýuým = 2,54 santimetr diýlip hasaplanylýar.
Suwuk kristally monitor (iňl. Liquid Crystal Display, gysgaça LCD) – bu monitorlaryň görnüșleriniň biri bolup, onuň ekranynda șekil amorf kremnisiniň suwuk kristallarynyň kömegi bilen döredilýär. Suwuk kristally monitorlarda șöhlelenmäniň ýoklugy sebäpli, ol adam saglygyna howpsuz hasaplanylýar. Olar energiýany hem beýleki monitorlara garanyňda has tygșytly sarp edýär.
Monitoryň görkezijilik mümkinçiligi – bu onuň ekranynda șekilleriň takyklygyny görkezýän häsiýetnamasy bolup durýar. Ol bir dýuýmde ýerleșýän nokatlaryň (pikselleriň) sanyny aňladýar. Monitorlaryň standart görkezijilik mümkinçiliklerine așakdaky standartlar degișlidir:
VGA - 640×480, SVGA - 800×600, SXGA – 1280×1024, UXGA – 1600×1280,QXGA – 2048×1536.
Klawiatura – bu berlenleri, sanlary, harplary kompýutere girizmek üçin niýetlenendir. Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasynda informasiýalary girizmek üçin bașga usullar hem ulanylýar.
Printer – çap etmek üçin ulanylýan gurluș. Ol maglumatlary kagyza çykarmak üçin niýetlenen.Șahsy kompýuterde printerleriň iňňeleýin, pürküji we lazerli görnüșleri ulanylýar. Täze kompýuter tehnologiýalarynda lazerli printerler giňden ulanylýar.
Operatiw ýat (iňl. RAM, Random-access memory) – bu kompýuteriň ișläp durýan wagtynda maglumatlary mașynyň hușunda saklamak üçin ulanylýan gurlușdyr.
Ol energiýa garașly bolanlygy sebäpli, kompýuter öçürilenden soň, operatiw hușdaky maglumatlar ýitýär. Häzirki öndürilýän șahsy kompýuterlerde 256MB, 512 MB, 1 GB we ondan hem köp möçberli operatiw huș bolýar.
Diskler – maglumatlary hemișelik saklamak üçin niýetlenendir. Șahsy kompýuterde diskleriň așakdaky görnüșleri ulanylýar:
gaty disk (winçester), çeýe diskler, kompakt diskler, fleș diskler.
Gaty diskler – operasion ulgamdaky ulanylýan programmalary we ulanyjynyň maglumatlaryny hemișelik saklamak üçin ulanylýar. Gaty diskleriň (winçester) ýadynyň sygymy 20 megabaýtdan bașlap, ýüzlerçe gigabaýta çenli bolup bilýär. Häzirki wagtda göwrümi, esasan, 200-500 GB gaty diskler ulanylýar. Häzirki wagtda dașyndan birikdirilýän gaty diskler hem maglumatlary gorap saklamak üçin ulanylýar.
Disketalar, kompakt we fleș diskler kompýuterleriň arasynda programmalary we maglumatlary alyș-çalyș etmek üçin ulanylýarlar.Disketalaryň sygymy 3 megabaýta çenli bolup, köplenç,1,44 megabaýt üçin formatlașdyrylýar. Olaryň göwrüminiň kiçiligi sebäpli, ulanyşdan aýryldy diýen ýaly. Kompakt diskler köp maglumaty içinde saklap bilýärler we olaryň göwrümi 650 megabaýtdan hem köp bolup biler. Diskler CD-R (bir gezek ýazylýan), CD-RW (köp gezek ýazylýan) we DVD-R (bir gezek ýazylýan), DVD-RW (köp gezek ýazylýan), Blu-Ray (bir gezek ýazylýan) görnüșli bolup bilýär. Ýöriteleșdirilen diskleri herekete geçiriji gurlușlaryň kömegi bilen bu disklere maglumatlary ýazyp bolýar.
Kompakt-disk (iňl. Compact Disc, gysgaça CD). Maglumatlar diskiň ýüzüne ikilik ulgamyna geçirilip ýazylýar.
DVD diski (iňl. Digital Versatile Disc – hemmetaraplaýyn sanlaýyn disk, gysgaça DVD). DVD diskler 1997-nji ýylda goýberilip bașlanyldy. Ony doly metražly filmleri ýa-da ýokary hilli aýdym ýazgylaryny, kompýuter programmalaryny, suratlary we bașga maglumatlary ýazmak üçin ulanyp bolýar. Sygymlylygy bilen tapawutlanýan DVD diskleriň birnäçe görnüșleri bar: bir taraply we iki taraply, bir gatly we iki gatly. Bir taraply DVD diskleriň bir gatlysyna 4,7 gigabaýta çenli, iki gatlysyna bolsa 8,5 gigabaýta çenli maglumaty ýerleșdirip bolýar. Iki taraply DVD diskleriň bir gatlysyna 9,4 gigabaýta çenli, iki gatlysyna bolsa, 17 gigabaýta çenli maglumat sygýar. DVDdiskler CD disklere garanyňda has kämilleșdirilen bolup, olar CD diskler bilen deňeșdirilende maglumatyň uly göwrümini saklamaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda USB porta çatylýan fleş diskler hem giňden ulanylýar. Fleș diskler köp maglumatlary öz içinde saklap bilýärler.
Häzirki zaman șahsy kompýutere ýokardaky agzalan enjamlardan bașga-da birnäçe goșmaça enjamlar birikdirilýär. Olara mysal edip modemleri, faksmodemleri, skaneri, joýstikleri we ș.m. görkezmek bolar.
Çeşme: Gündogar news
File engine/modules/thanks.php not found.