Beýni, metabolizma zyňyndylaryny we zäherli maddalary bölekleýin saçlara
ugradar, bölekleýin gulak kirine öwürer, bölekleýin hem burun akma we
gözýaşy bilen daşary zyňar. Galan zyňyndylar bolsa, gulaklardan iriňleme
görnüşinde daşary zyňylar ýa­da örgün, çyban ýa­da ýara görnüşinde
gulaklaryň arkasyna, ýeňse çukuryna we ýeňse çukurynyň aşagyna düşüriler.
Çaganyň iýmitlenmegi sagdyn bolmasa, bu iýmitler aşgazan we içegelerde
çüýrär. Nejasatyň erbet ysy, çüýremegiň alamatydyr. Çüýreýän iýmitler bilen
dörän galyndylar gan ýoly bilen beýnä geler we olar beýni damarlarynda
ýygnanyp, ýokary gyzgynlyga, gulak agyrysyna we gulagyň iriňlemegine
sebäp bolar. («Tutgaý» bölümine serediň!)
Maslahatlar:
Gulagyň üstüne ýyly suw torbasy goýular ýa­da duz sa:çda gyzdyrylyp, tämiz
bir matanyň içine goýlup, gulagyň üstüne basylar. Ýokary gyzgynlyk ýa­da
gulak akmagy başlasa, bu amallar ýerine ýetirilmez.
Çaga derrew 2­-3 gün aç goýlar. Suw berilip bilner.
Şol bir wagtda sogan suwy sykylar, ýyly çemçä goýlup ýyladylar we akma
dowam etdigiçe, her gün gulaklara üç damja damdyrylar. Akma gulak
perdesiniň ýyrtylandygynyň alamatydyr. Sogan suwy akmany tämizlär.
Akma kesilende sarymsagyň suwy damdyrylar. Sarymsagyň suwy agyryny
güýçlendirer. Emma ýyrtylan gulak perdesiniň böleklerini birleşdirip ýapar.
Gulaga damdyrylýan hemme zat hökman ýyly bolmalydyr, çünki gulak
sowugy halamaýar.
Agyrýan gulaga 1­-3 damja ýyly çörek oty ýagy damdyrylar. Çekgelere,
gulagyň arkasyna we ýeňsäniň düýbüne çörek otunyň ýagy çalynar.
Gulaga sogan suwunyň ýerine hoz ýapragynyň suwy hem damdyrylyp bilner.
Soganyň suwy we hoz ýapragynyň suwy gulak iriňini guradar.
Ene süýdi bilen iýmitlenýän çaganyň gulagy agyrsa, ene öz
iýmitlenmegini düzetmeli, çagany 1­-2 gün aç goýmaly, göwüsindäki süýdi
sagyp zyňmaly we çaganyň gulagyna sogan suwy damdyrylmalydyr.
Soňky ylmy barlaglar damar dykylmaklygyň indi 2 ýaşyndaky çagalarda hem duş gelýändigini kesgitländir. Bize görä gyzgyny galan 2 ýaşdan kiçi
bäbekleriň hem gan aýlanyş ulgamynda dykanyklyklar bardyr. Çünki
gyzgynlyk, diňe bedende zibil ýygyndysy we dykanyklyk bolan bäbeklerde
beýgeler. («Tutgaý» bölümine serediň!) Ýetginjekleriň hem siňdirip bilmeýän
iýmitlerini, bäbekleriň, diňe ene süýdüne laýyk ýaradylan siňdiriş ulgamy asla
siňdirip bilmez. Siňdirilip bilinmedik iýmitleriň metaboliki zyňyndylary
dykylmalara we hroniki toksik gepatite sebäp bolar. («Hroniki toksik gepatit»
bölümine serediň!)

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Combining tarapyndan 18-03-2023, 15:48

© Islenen.ru - Düzgünler