Jenap Darbi «Ykbal urgulary uniwersitetinde» alymlyk derejesini alyp,
özüniň altyn gözleýjilik tejribesini peýdalanmaly diýen netijä geleninden
soň, onuňky ugruna boldy: ol «ýok» sözüniň hemişe gutarnykly ýok diýmegi
aňlatmaýanlygyna göz ýetirdi.
Bir gezek ol daýysynyň könelişen degirmeninde oňa däne üwemäge
kömekleşýärdi (Daýysynyň uly fermasy bardy, onda garaýagyz adamlryň
birnäçesi ýarpasyna işleýärdiler). Gapy usullyk bilen açyldy-da, işçileriň
biriniň kiçijik gyzjagazy girip, şol ýerde-de saklandy.
Daýym başyny galdyrdy-da, gödeklik bilen azgyryldy:
— Näme gerek?
Gyzjagaz çekinjeňlik bilen jogap gaýtardy:
— Ejem meni elli sent üçin ugratdy.
Daýym:
— Men saňa hiç zat bermen, ugra öýüňize — diýdi.
— Bolýar, jenap — diýip, gyzjagaz jogap berdi, ýöne ýerinden
gozganmady Daýym iş bilen juda başagaý bolansoň, muny aňşyrmady. Soňra başyny
galdyranda ýene-de gyzjagaza gözi düşdi. Ol gyzjagaza jabjyndy:
— Men sana: ugra öýüňize diýdim! Güm bol, ýogsam, häzir gözüňe
görkezerin!
Gyzjagaz:
-Bolýar, jenap! — diýdi. Ýöne ýene-de duran ýerinden butnamady.
Daýym ýaňy bir eline alan däneli haltasyny ýerde goýdy-da, bir bölek
tagtany alyp, ýüz-gözüni gamaşdyryp, gyzjagaza tarap ugrady.
Darbi demini alman durdy. Ol ejize ganymlygyň şaýady boljaklygyny
bilýärdi. Ol daýysynyň zabun gylygyna beletdi.
Daýym onuň ýanyna golaýlanda, gyzjagaz çalasynlyk bilen oňa tarap bir
ädim ätdi-de, göni gözüniň içine seredip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy:
— Ejeme elli sent gerek!
Daýym sakga durdy, bir minut çemesi oňa seretdi. Soňra bolsa tagtany ýerde
goýdy-da, elini jübüsine sokup, ýarym dollar çykardy hem-de gyzjagaza berdi.
Gyzjagaz puly aldy-da, ýap-ýaňy ýeňlişe sezewar eden adamsyndan
gözüni aýyrman, gapa tarap götinjekledi. Ol gidenden soňra daýym çelegiň
üstüne çökdi-de, on minutdanam köpräk wagtlap boş giňişlige seredip
oturdy. Ol özünden «ökde çykylyşy» barada nähilidir bir ýagşy duýgulara
berlip, oýa batdy.
Jenap Darbi hem oýlandy. Ol garaýagyz çagajygyň bir akýagyz uly
adamdan üstün çykyşyny ömründe ilkinji gezek görüpdi. Ol muny nädip
başardyka? Daýyma ne döw çaldyka, gahar-gazabyny unudyp, edil guzy ýaly
ýuwaşamaga ony näme mejbur etdikä? Jenap Darbiniň aňynda şu we şuňa
meňzeş sowallar döreýärdi. Ýöne diňe ençeme ýyldan soň, maňa bu wakany
gürrüň bereninde ol bu sowallara jogap tapdy.
Täsin ýeri, ol bu wakany maňa köne degirmende — daýysynyň ýeňlişe
sezewar bolan ýerinde gürrüň berdi

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Smile tarapyndan 24-03-2023, 08:14

© Islenen.ru - Düzgünler