PATYŞALYKDA YZLY-YZYNA DÜZGÜNLEŞDIRILIŞDE PIKIRLER BULAŞÝAR. BIR ÝANDAN NIBIRU TEHNOLOGIÝA TARAPDAN ÖSÝÄR
Nibirunyň uly aýlawlaryny, geçişini; uzynlygynyň bir şardygyny anyklady (3600 ýyl). Nibirunyň bir ýylydy bu ölçeg; patyşalygyň soltanaty şeýle sanalyp bellige alynýar. Şary on bölege aýyrdy;
Iki sany belleniljek baýramçylyk yglan edildi. (Nibiru) Günüň golaýyna golaý baranynda Gyzgynlyk baýramy bellenilmelidi. Nibiru (Günden) uzaklaşan wagty Sowuklyk baýramy bellenmelidi.
Kabylalaryň we ulus-illeriň hemme gadymy baýramlarynyň ýerine halky birleşdiren iki baýramçylyk tutuldy. Är-aýalyň, ogul-gyzlaryň kanunlary bellendi. Söweşlerden ýaňa erkekleriň sany azalyp, aýal-gyzlar galypdy. Erkek adam başyna birnäçe gyzy nikasyna alyp biljekdigi yglan edildi. Kanuna görä resmi birinji nikalanyp alynan gyz, öýüň birinji hanymy bolmaly. Kanuna görä ilkinji dogan erkek kakasynyň yzyny ýöretmeli. Bu kanunlara görä bir az wagtdan soň akyl-kelle bulaşdy; eger ilkinji ogul ilkinji hanymdan dogulmadyk bolsa ikinji hanymdan ogul dogulsa tagta kim çykmaly?
Şar sanyna görä ilkinji dogan erkek ogulmy? Ilkinji hanymdan bolan oglanmy ýa birinji ogul? Kanuny mirasdüşeri? Mirasy kim almaly? Yz ýany kim bolmaly? An.Şar.Galyň soltanlyk sürýän wagtynda Ki.Şar.Gal ilkinji hanym diýlip yglan edildi. Patyşanyň başga eneden bolan gyz jigleriniň biridi.
Aň.Şar.Galyň hökümdar wagty gyrnaklar köşge täzeden getirildi. Gyrnaklar ogullar we gyzlary dogrup berdi patyşahy äleme. Birinden dogan ogul ilkinji dogandyr. Ilkinji ogul bir gyrnakdan doglupdy. Yz ýanyndan Kim.Şar.Gal bir ogul dogurdy.
Kanuna görä mirasdüşer tagt eýesi ol däldi; ilkinji dogan oglan ol däldi. Köşkde Ki.Şar.Galyň gahar bilen gygyran sesi çasly çykdy:
Düzgüne görä ilkinji hanymdan dogulmaly oglum yz ýany doglan bolsa meni (spermatozoidi) ýatdan çykarmaly däl! Başga eneden doglan bolsagam patyşa we men şol bir atanyň ogullary. Şol sebäpdenem oglum, kakamyz Anibyň tohumyny saklaýarys. Tohumyň kanuny mundan beýläk Jübütleşmek kanunyndan üstündir. Şu günden şeýläk başga eneden bolan bir gyz dogandan bir ogul haçan dogsa dogubersin tutuş beýleki ogullardan üstün bolsun, yzygiderli!
An.Şar.Gam çuňňur oýa batyp tohumyň kanunyny özüçe üýtgetdi.
Şeýlelikde heleýler gyrnaklardan, durmuş gurmaklykdan aýrylyşanlardan bolan kelläni bulaşdyryjylykdan saplanjakdy.
Mejlisde patyşanyň egindeşleri üçin Tohumyň kanunyny özleşdirdiler. Patyşanyň emri bilen ýazyjylar bu emri ýazga geçirdiler. Şeýdip Tohumyň kanunyna görä tagta çykmaly soňky patyşa yglan edildi. Oňa patyşalyk lakamy hökmünde An.Şar diýildi. Tagta çykan bäşinji patyşady. Indi bu An.Şaryň soltanlygynyň we onuň ýoluny ýöreden patyşalaryň hekaýasydyr.
Zekeriya Sitjin
SÜMER DAŞ PLITA ÝAZGYLARY
Terjime eden: @Jeksparro
(dowamy bar)
Sümer Daş plita ýazgylary (1-njy Plita) /-5 dowamy/
Bilim,
Jekwarabey
tarapyndan
24-03-2023, 12:59