NIBIRUNYŇ YKLYMLARY ÜÝTGEÝÄR, ATMOSFERA ZAÝALANÝAR WE HALAS BOLMAKLYK GEZEGI BAŞGA PLANETALARDA GÖZLENILÝÄR




Kanun üýtgänsoň beýleki şazadalar razylyk görkezdiler. Diňe bu hakda aýdymçy, gollan bolmady. An.Şar. özüne başga eneden bolan gyz jigsini aldy. Ony ilkinji hanym etdi. Ki.Şar ady bilen atlandyrylmalydy. Şeýdip dynastiýa şu kanunda şol durkuna dowam etdi. Aşaryň soltanlygynda ekinler zyýan çekdi, miweler we azyk-önümleriniň ýygnalyşy azalyp bereket gelmedi.
(Nibiru) Aýlawdan-aýlawa Güne ýakynlaşdygyça gyzgynlyk artdy; uzaklardaky mesgende has amatly ýaşaýyş bardy. Şäher tagtynda Agage, olam patyşa, düşünjesi ösenleri bir ýana toplady. Ylymly-bilimli alymlardan sorap başlady; ( Nibirunyň ) topragyny barladylar, kölleri we dersleri tejribeden geçirdiler.
Käbirleri: ''Has öňlerem şeýle bolupdyr'' diýip aýtdylar. Geçmişde Nibiru has erbet sorapdyr ýa-da gyzypdyr. Nibirunyň aýlawynda täleý aralaşypdy. Onuň aýlawyna beýleki alymlar Nibirunyň täleýini günäläp durmadylar.
Edinen maglumatlaryna görä atmosferada bir näsazlyk peýda bolupdyr. Atmosferanyň jeddi bolan wulkanlaryň dumanlary azalypdyr. Nibirunyň howasy inçelipdi; goraýjy galkan güýçden gaçypdy.
An.Şar we Ki.Şaryň soltanlygynda, ekinlere kesel degdi, muň çäresini görmek üçin näçe çytraşsalarda peýda etmedi. Olaryň ogly En.Şar tagta geçdi; dynastiýanyň altynjy patyşasydy. Ady Şaryň Azamaty jenaby diýen manyda. Hemme zada aňy ýetip duran çaga bolup dünýä inipdi, köp öwrenip, köp maglumatlar edinipdi.
Bela-beterlere çäre tapmagyň ýoluny gözledi. Nibirunyň gökdäki aýlawyny epeýje gözden geçirip barlady.
Çyzyşdyran ilmek içindäki Gün maşgalasynyň bäş hemrasyny, gözüňi gamaşdyryjy owadanlykdaky planetalary gujaklaýardy. Bela-beterlere çäre tapmak üçin En.Şar bularyň atmosferalaryny derňeşdirdi. Her birine bir at berip atalaryny sylaglady; olary gögüň (Älemiň) maşgalasy diýip düşündi. Garşysyndaky ikisine ekizler adyny beren planetalara An we Antu diýdi. Nibirunyň aýlawynyň aňyrsyndaky uly bölekleri bolan Anşar (Saturn) we Kişä (Ýupiter) bardy.
Beýlekileriniň arasynda bir habarçy ýaly aýlanana Gaga (Pluton) diýdi; Günüň daş-töwereginde aýlanyp Nibiruny salamlaýanlaryň hemmesi bäş sanydy. Bularyň aňyrsynda edil böleklenen bilezik ýaly (Mars bilen Ýupiter aralygyndaky Asteroid) bir zat Günüň daşyndan aýlanýardy.
Gögüň (Gün äleminiň) gadagan edilen ýerine hiç kim geçmez ýaly goragçy kimin aýlanýardy. Günüň beýleki perzentleriniň sany dörtdi we bilezik olaryň çagyrylmadyk myhmanlaryna garşy galkandy.
En.Şar gabat gelen bäşleriň atmosferalaryny barlamak işine meşgul boldy. Täzeden aýlanýan gezeklerde Nibirunyň bäş sanysyny gözden geçirip barlady.



SÜMER DAŞ PLITA ÝAZGYLARY

Zakariýa SITJIN

Terjime eden: @Jeksparro

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jekwarabey tarapyndan 25-03-2023, 14:32

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler