Türkmenistanda soñky döwürde namaz okaýan ýaş nesiliñ sany köpelýär.
diýsek hem ýalñyşmarys, emma halk arasynda köplenç egerde biri namaz okaýan bolsa şoña bir hili molla gözü bilen seredýärler, hamana erbet iş etýän ýaly garalýar.
Biziñ Türkmen halkymyzda namazy ýaş oglan ýada gyz okasa geñ görülýär. Diñe 50-60 ýaşa ýetenler ýagny garrylar okamaly diýen düşünje bar. Emma hakykatda bolsa ol beýle däl we şonuñ ýaly hem ýaşlaryñ arasynda düşünüşmezlikler ýüze çykyp bilýär.
Toýlarda arak içip çilim çekip bulaşyp ýören oglanlar namaz okaýan bir klasdaşyna ýada tanşyna gabat gelse degmäñow ol molla diýip derrew şol adamyny kiçeltmek bilen bolýar we aslynda bu düýbünde ýalñyş mesele, şu ýerde esasan hem bellemeli zat Türkmen ýaşlarynyñ arasynda ejize ganymlyk diýip bir zat bar hiç kim hiç wagt özünden güýçlä zat diýip bilenok elmydama bir zat diýjek bolsa ýa yrsarajak bolsa özünden ejiz tapýar. Aslynda beýle hadysalaryñ bolmagynyñ birinji sebäplerinden biri he okuwsyzlyk bilimsizlik, okuw okamaýan wagtyny gijelerne köçelerde geçirip boş entäp ýören oglanlaryñ endigi aslynla bu häsiýet.
Kiçiräk mysal bereýin: obalarda bolsun ýada şäherde bolsun oglan gyz tapawudy ýok, men oglanlarda mysal bereýin. Üýşüp duran bolsalar aralarynda iñ ejizjelerini saýlap aý şoñ üstünden diñe gülüp, zatlary aýdyp beýlekileri güldürjek bolup şol ejiziñ üstünden gülüp ýörenler ýok däl. Ynha şeýle oglanlar namaz okaýany kän bir sylap baranok hamana jenaýat eden ýaly ahowww ol namaz okaýar diýýär.
Ýagny bu ýerde namaz okaýanyny aýtjak bolup diýenok ýada şonuñ gowy iş etýänini bellejek bolup beýle diýenok eýsem şol garşysyndakyny basjak bolup iliñ içinde kemsitjek bolup diýýär emma bolsa düýbünden ýalñyş.
Birinjidana ol her kimiñ öz saýlan ýoly hiç kimiñ hiç kime dini ynanç babatynda, geýim gejim babatynda, saç daraýyş şekli babatynda ýa bolmasa başga zatlar babatda bir birine goşulşmaga haky ýokdur adam islän zadyny elbetde öz çygycyndan çykman etmekde azatdyr.
Emma namaz okaýanyñ üstünden gülmek hem dogry däldir sebäbi ol hem özüniñ Alla bolan borjyny ýerine ýetirýär we uly sowap gazanýar we şol gompyja oglanlar bilen deñeşdirilende ile güne zyýany ýok agzy arassa olara garañda gowy taraplary has kändir. Şonuñ üçin elmydama adam adam bilen gürrüñdeş bolanda bir birine sylag hormatyny ýitirmeli däl, birek biregiñ pikirine hormat goýmaly

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, PROLIGA tarapyndan 11-04-2023, 08:11

  • Jekwarabey Jekwarabey off № 1 11 апреля 2023 08:16
    Namaz okaýan bolsa okamaýanlar bilen nä köri bar. Okaýanlar bilen tirkeşibersin...
    Jogap
  • Retro Retro № 2 11 апреля 2023 10:03
    Bolgusyzja ýazgyňda yeke gezegem "namaz okaýana hornat goýup, dost bolup ýören adamlary" bardygyny agzamansyň. Agzamadygyň sebäbi saňa beyke adam ýok ýalydyr ýa duşan dälsiň. Sebäbi her kim islänini görer, tapar. Bärde namaz okaýanlary aklap, okamaýanlary garalap sen haýsy biriniň namaz okap anyrybaş päkligine göz ýetirdiň? Hemme zadyň iki ujy bar. Men saňa namaza bukulyp etmesiz haramlyklary etýän näçe adam (erkek, zenan) tapyp bereýin. 10my 100mi 1000mi näçesini göreňde pikirleriň bulaşar ýa dünýä garaýşyň üýtgär, akylyň bulaşar. Ayt men tapaýyn. Heh 2 sany owadan gürleýän ýaş nesile gabat gelip olary arşar göteräýipsiň. Sen bilýäňmi indiki ýaşlaryň namaz okaýanlarynyň köpelmeginiň sebäplerini? Başga tarapdanam seret: olar bet işlerini bukmagyň iň gowy ýoly din, hasam musulmançylykdygyndan habarsyzdyr öýtýäňmi? Ýada belki olara namaza, dine bukulyp etmeklerini maslahat berilýändir. Hälki bir arap medeniýetiniň düzgünleri bilen çaga terbiýeläp bolmaz. Namaz okady diýip oňat diýmek ýalňyş aslynda, namaz oka okama esasy ýokary hilli adam bol.
    Gözüňi aç seret. Şol arap medeniýeti ýaýradan adamlaryň häzirki nesilleri öz ýaşaýan ýerlerinde nähili pul sowurýanlaryny nähili haramcylyk etýänlerini göreňokmy. Näçeler günäsiz musulman çagalary aç suwsy ölýäler a näme üçin kömek edenok olara şol medenýeti ýaýradanlaryň häzirki nesili. Bir baý mollaň wagyz etmek üçin, şol çagalara alladan dileg etmek üçin gürlände öňünde altyndan ýasalan mikrofony goýup gürleýäninden habaryň ýok bolsa, sahel mahel pelsepe otaryan yaslary namaza bukulyan tenteklerin owadan gurrunlerini esidip barde uly iliň bilen barmaklaryňy çalt çalt işledip ýadyňdan çykmanka barysy ýazjak bolup janygyp oturma. Okk?
    Jogap
  • Retro Retro № 3 11 апреля 2023 10:08
    Dinden oňat başy çykyp dini arassa bilýanler din barada çekeleşik ýada propaganda döretmeýär, gorky bilen dine saljak bolmaýar. Beyle hereketi etýänlere mollasumak, 2 sany dini arap pelsepe okap ya eşidip akyl satan bolýanlar. Häzire çenli şeýle adamlardan duşanlaryma agzyny ýumdurdym. Gynanýanam geode utulmajak bolup agzy köpürjikleýänçä gepleýälerem. Arkamdan gep edip ýigrenç vilen seretýänlerini bilýän emma sebäbi bolsa berlen soraga jogap tapman fepleýän gepiniň aňyrysyna ýetmän gürlänlerinde beýleki aňy pesler ýaly goldamadygym bolup dur.
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 4 11 апреля 2023 12:19
    Men her dürli namaz okaýan adamlary gördim. Okaýyşlary düýbinden bir-birine meňzänok. Biriniň niýet edişi üýtheşik, ýene biriniň azan aýdyşy başgaça (iki gapdalyna seredip aýdýar), ýene biri süreleri oturup, gapdala seredip okaýar. Garaz Türkmenistanyň çapdan çykaran Namaz kitabyndakylar bilen gabat gelenok. Gürletseňem hersi özüniňkini dogurlajak bolýar. İndi şolaryň haysyna ynanmaly. Menä düşünip bilen däldirin. Namaz okaýanlary garalamak niýetim ýok. Ýöne okaýyşlarynyň dürli-dürliligi geň galdyrdy. Beýtseňem bolýarmyka???
    Jogap
  • Xyivenia_babayeva. Xyivenia_babayeva. off № 5 11 апреля 2023 12:21
    Temana entek doly okamak welin meninem duyn biri molla ol men on yalylar bn isim bolmaya diyen terzde kicelden bolupdy
    Jogap
  • Xyivenia_babayeva. Xyivenia_babayeva. off № 6 11 апреля 2023 12:28
    Jekwarabay
    Namaz okaýan bolsa okamaýanlar bilen nä köri bar. Okaýanlar bilen tirkeşibersin...

    Kardesin bolsa tirkesmeli bolyar
    Jogap
  • danger danger off № 7 11 апреля 2023 12:41
    Retro@ köşeş
    Jogap
  • Soho Soho off № 8 11 апреля 2023 12:45
    hany bir uludan deminizi alyp, ozunizi dursan...
    Jogap
  • Retro Retro № 9 11 апреля 2023 12:49
    Tfu blä mollasumaklar
    Jogap
  • Pakize Pakize off № 10 11 апреля 2023 12:49
    Her molla öz bilenni okar diýen aýtgy nämüçin galdyka. Ýa hakykatdanam herkim öz bilşine görä okabermelimikä. Kabul bolýamyka.
    Köp zatlar niýetiñe görä diýilýär. Menä şuña ynanýan. Näçe namaz okanyñ bilenem niýetiñ gowy bolmasa peýdasy näme.
    Jogap
  • Seksopotolog.......... Seksopotolog.......... off № 11 11 апреля 2023 12:51
    Chagalarynyza namazdan on ahlagy owredin. Geljekde

    Namaz okayan kezzap
    Agzyny bekleyan yalanchy
    Hajy bolup haramzada bolmazlygy ucin
    Jogap
  • Seksopotolog.......... Seksopotolog.......... off № 12 11 апреля 2023 13:00
    Hasiyetin erbet bolsa sagatda namaz okasanam hayry yok. Namaz adamy duzedenok yone namaz adamlara galkan bolyar. Galkanyn anyrsynda welin erbet hasiyetler bar. Gybatkeshlik yalanchylyk ogrulyk jelepchilik icigaralyk goruplik mashenniklik yaly erbet hasiyetleri yapyar. Shonun ucin ilki bn niyetini hasiyetini duzedip namazlyga pak adam bolup munmeli. Allanyn onunde elini seren wagtyn Allanyn gaharyny getirmeli dalde soygusine mynasyp bolmaly. Onun ucin hemme erbet hasiyetlerini tashlamaly. Ondan son okamaly
    Jogap
  • epifiz epifiz off № 13 11 апреля 2023 13:30
    Namaz okayana aydyljak yeke zat "kabul bolsun" a namaz okap bolguzys isler edyane zat aytmak bize galanok. Olar hic hicanam Allanyn nazaryndan sypanok. su dunyede eden aydan ahli zatlarymyza bir gun jogap berjekdiris. Mundanam hic kim sypyp bilmez. Yagny basga birini gunakarlemek, kemsitmek, shol barada maslahat bermek bize galanok.
    "Her kim öz bagynyň bagbany"
    Jogap
  • Soho Soho off № 14 11 апреля 2023 14:07
    Namaz - her bir Musulmana parz edilen, erbet ish etsin, gowy ish etsin, esasy parzyny berjay edyar (oz pikirim). Dine howesli adam uchin yekeje soz hem yetikdir, hich hili howessiz ya iki gowunli uchin encheme soz hem tasir edip blnk, birki zady bahana edip, okamajak bolanyndan, okamana howeslenmeli, erbet ishlerden ahyr-sony saplanar yaly, sen halamasanam gunde yer depmeli bolsan, shon ahyr-sony gowy tarapyny (ekin-dikin, oz elin bn eden zadyn beyleki zatlardan suyjidigi...) goryan, erbet endikden saplabmak bn bolyan...
    Jogap
  • Soho Soho off № 15 11 апреля 2023 14:18
    Oraza ayy bashlaly bari, bashardygymdan gabat gelsem "Atv" kanalyndan Nihat Hatipoglu-nyn chykyshlaryny goryan, her bir berilyan soragy, sheylebir mahirlilik bn jogaplayar, birhili dine haaasam howes doredyar (mende:ha sheyle), "onun bolanok, munyn bolanok" diyip, otyranlaryn ya sorag berenlerin yuzuni alanok (kabir mollalar yaly)
    Jogap
  • Soho Soho off № 16 11 апреля 2023 14:24
    @Hemedany, TRT1-den bolyar oydyan, ony goremok...
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 17 11 апреля 2023 16:54
    Soho, Berilýän soraglary sabyrlylyk bilen jogaplaýşyna menem haýran galýaryn. Ýogsa ''Sakgyç çeýneseň oraza pozulýamy?" diýen soraga kimiň sabry çydar?! Şol ýaşuly şeýle biderek soraglaram güler ýüz bilen jogaplaýar.
    Jogap
  • PROLIGA PROLIGA off № 18 11 апреля 2023 17:35
    Retro
    Bolgusyzja ýazgyňda yeke gezegem "namaz okaýana hornat goýup, dost bolup ýören adamlary" bardygyny agzamansyň. Agzamadygyň sebäbi saňa beyke adam ýok ýalydyr ýa duşan dälsiň. Sebäbi her kim islänini görer, tapar. Bärde namaz okaýanlary aklap, okamaýanlary garalap sen haýsy biriniň namaz okap anyrybaş päkligine göz ýetirdiň? Hemme zadyň iki ujy bar. Men saňa namaza bukulyp etmesiz haramlyklary etýän näçe adam (erkek, zenan) tapyp bereýin. 10my 100mi 1000mi näçesini göreňde pikirleriň bulaşar ýa dünýä garaýşyň üýtgär, akylyň bulaşar. Ayt men tapaýyn. Heh 2 sany owadan gürleýän ýaş nesile gabat gelip olary arşar göteräýipsiň. Sen bilýäňmi indiki ýaşlaryň namaz okaýanlarynyň köpelmeginiň sebäplerini? Başga tarapdanam seret: olar bet işlerini bukmagyň iň gowy ýoly din, hasam musulmançylykdygyndan habarsyzdyr öýtýäňmi? Ýada belki olara namaza, dine bukulyp etmeklerini maslahat berilýändir. Hälki bir arap medeniýetiniň düzgünleri bilen çaga terbiýeläp bolmaz. Namaz okady diýip oňat diýmek ýalňyş aslynda, namaz oka okama esasy ýokary hilli adam bol.
    Gözüňi aç seret. Şol arap medeniýeti ýaýradan adamlaryň häzirki nesilleri öz ýaşaýan ýerlerinde nähili pul sowurýanlaryny nähili haramcylyk etýänlerini göreňokmy. Näçeler günäsiz musulman çagalary aç suwsy ölýäler a näme üçin kömek edenok olara şol medenýeti ýaýradanlaryň häzirki nesili. Bir baý mollaň wagyz etmek üçin, şol çagalara alladan dileg etmek üçin gürlände öňünde altyndan ýasalan mikrofony goýup gürleýäninden habaryň ýok bolsa, sahel mahel pelsepe otaryan yaslary namaza bukulyan tenteklerin owadan gurrunlerini esidip barde uly iliň bilen barmaklaryňy çalt çalt işledip ýadyňdan çykmanka barysy ýazjak bolup janygyp oturma. Okk?

    Ony aýratyn tema edip açaryn!
    Jogap
  • Seksopotolog.......... Seksopotolog.......... off № 19 11 апреля 2023 18:14
    Hojam emdirsen orazan bozulyamy?
    - Yok bozulmaz. Yone chaganyn saglygy ucin oraza tutmasan bolar. Iyip icsen chagana suyt bolar.
    - Hojam chaga dal
    - Haa chaga dal onda kim?
    Jogap
  • Гость Гость off № 20 11 апреля 2023 18:47
    Hemedany,
    Mollalyk diýlende bolsa, o derejä ýetmek üçin 18 sany kitap başdan geçirmeli. Ahun çykjak bolsaň 36 sany kitaby ýatdan bilmeli.




    - olar nähili kitaplar?
    Ahun diýilmegi üçin 36 kitap çykmaly eken. Muňa düşündim. Indi şu pir diýip kimlere aýdylýa?
    Jogap
  • Aksary. Aksary. off № 21 11 апреля 2023 18:59
    Il yüzune müñ ýyl tagat kylandan
    Ýagşydyr bir säher gözden ýaş gelse.....
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 22 11 апреля 2023 22:19
    Bärde aýdara zat kän welin bolýarda...
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 23 11 апреля 2023 22:21
    Ýöne , awtor, adamlary gorjajak bolýaň!
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 24 11 апреля 2023 22:24
    Öňem birnäçe gezek agzadym welin , ýnanç gowy zat
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 25 11 апреля 2023 22:29
    diňleseň, öň ylmy kitap okap görmedik,ýaşy gartaşan adamlar wagyz eden bolýar. şolary diňlemek maňa kyn
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 26 11 апреля 2023 22:32
    olar pelsepäni, filosofiýasy bilmeýär. diňe öz aýdanlary dogry
    Jogap
  • Agza Agza off № 27 12 апреля 2023 04:39
    Esasy dini yalñyş yoldan owrenmeseler boldy. Şoñ ucinem muftiligimiz internet sayt açyp halkyñ soraglaryny jogaplap dursa has gownejay bolarmyka diyip pikir edyan.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler